Hüýük Ýertudanasy ÝB Tarapyndan Bellige Alyndy

Hüýük Ýertudanasy ÝB Tarapyndan Bellige Alyndy

Türkiýeden ýene-de bir önüm ÝB tarapyndan geografiki görkeziji hökmünde bellige alyndy.

Hüýük ýertudanasy, ÝB tarapyndan bellige alynan 25-nji önüm boldy.

Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, sosial mediadan beren habarnamasynda, Konýanyň Hüýük etrabynda ösdürlip ýetirişdirilýän, özüne mahsus tagamy we ysy bolan ýertudanasynyň geografiki görkeziji hökmünde bellige alynandygyny mälim etdi.

Ministr Kajyr, “Hüýük ýertudanasy, ÝB tarapyndan geografik görkeziji hökmünde bellige alynan 25-nji önümimiz boldy. Konýa we ýurdumyz üçin düşümli bolsun” diýdi.

Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Anadolynyň deňiz-taýsyz tagamlaryny we gymmatlyklaryny dünýä ýurtlaryna tanatmaga dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Ministr Kajyr habarnamasynda ozal Gaziantep baklawasy, Aýdynyň injiri, Malatýanyň erigi, Aýdynyň kaşdany, Milasyň zeýtunýagy, Taşköprü sarymsagy, Giresun fundugy, Suruç nary, Gemlik zeýtuny, Aýaş pomidory, Maraş tarhanasy we Bursa şetdalysy ýaly 24 önümiň ÝB tarapyndan bellige alynandygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Manisanyň Mesir Majuny ÝB Derejesinde Bellige Alyndy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TOGG-yň Täze Modeli 2025-nji Ýylda Satuwa Çykarlar