Hüsam Abu Safiýýeniň ykbaly näbelli bolmagynda galýar

Hüsam Abu Safiýýeniň ykbaly näbelli bolmagynda galýar

Palestinaly ýesirler jemgyýetinden berilen beýanatda, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanan Kemal Adwan hassahanasynyň müdüri Hüsam Abu Safiýýe "Zor ýitirim bolan müňlerçe Gazaly tussaglarynyň biridigi" habar berildi.

Beýanatda Ysraýylyň lukmany tussag edendigini inkär edýändigi ýatladylyp, wagtyň geçmegi bilen Abu Safiýýeniň ykbaly bilen bagly howplaryň artýandygy mälim edildi.

"Abu Safiýýeniň 27-nji dekabrda saklanandygy bilen bagly deililleriň bolmagyna garamazdan, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri ozal beren beýanatlaryna meňzeş beýanatlaryny gaýtalaýar, hem çap edilen suratlar we wideo materiallar hem-de azat edilen käbir palestinalylaryň beýanatlaryny özünde jemleýän delilleri inkär edýär" diýip habar berilen beýanatda, Abu Safiýýeniň ykbalynyň dolulygyna Ysraýylyň resmileriniň jogapkärçiligindedigi aýan edildi.

Halkara adam hukuklary guramalaryndan bu mesele boýunça ädimler ätmek we öz jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmek barada talap bildirildi.

Ysraýylyň goşuny 27-nji dekabrda Kemal Adwan hassahanasyny gabaw astyna alyp, saglygy goraýyş işgärlerini we ýaralanan adamlary mejbury ýagdaýda daşary çykarypdy, reýdler geçirip, hassahananyň käbir bölümlerini ýakypdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Günbatar Şeria düşelgesini bombalap, haraba öwürdi
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gaza zolagynda sowuk howa şertleri sebäpli doňan bäbekleriň sany 7-ä ýetdi
Ysraýylyň goşuny Gazada ýaraşygyň düzgünlerini bozmaga dowam edýär
Gazada ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Zoran Milanowiç Horwatiýanyň Täze Prezidenti Boldy