Hünärmenleriň pikiriçe, emeli intellekt düýpli üýtgeşmelere sebäp bolar

Hünärmenleriň pikiriçe, emeli intellekt düýpli üýtgeşmelere sebäp bolar

Günsaýyn täze ösüşlere eýe bolýan emeli intellekt tehnologiýalary, ençeme ugurda bolşy ýaly media ugrunda hem oňyn we oňaýsyz üýtgeşmelere sebäp bolup biler

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Hünärmenleriň pikiriçe, emeli intellekt düýpli üýtgeşmelere sebäp bolar atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Emeli intellekt esasly tazelikler, ençeme peýdasy bilen birlikde işsizlige we jemgyýetçilik etiki meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolmak ähtimallygy bar.

Häzirki wagtda ulanyjylaryň aglabasy, emeli intellekt ýa-da algoritmiň manysyny bilmänem gündelik durmuşlarynda saglygy goraýyşdan bilime, sarp ediş çykdajylaryna çenli özüne degişli ähli zatlary bu algoritm bilen paýlaşýarlar. Ýygnalýan maglumatlaryň üýşürilmegi we olary adamzada zyýan bermek baradaky aladalar jedellere sebäp bolýar.

Adamyň akyl-paýhasyna öýkünýän bu tehnologiýa, distopiýa bilen utopiýanyň arasynda gaty inçe çyzygyň bardygyny we şol setiriň adamlaryň ileri tutýan ugurlary bilen kesgitlenýändigini görkezýär. Mediýa pudagy, emeli intellekt tehnologiýalarynyň täsiriniň iň köp duýulýan ugurlaryň başynda gelýär.

“Almost” atly media platformasynyň esaslandyryjysy we baş redaktory Kessi Ço bilen “Goodable”-iň ýokary derejeli ýolbaşçysy Muhammad Lila, emeli intellekt tehnologiýalarynyň mediýadaky oňyn we oňaýsyz täsirleri we bu pudaga getiren üýtgeşmeler barada gürrüň berdiler.

Kessi Ço algoritmleriň mediýadaky rolynyň üstünde durup geçip: “Metbugat işgärleriniň özlerini gowy zatlara ünslerini jemläp biler ýaly olara wagt taýdan kömek edip biler. Wagtymyzy söhbetdeşlikleri ýazmak ýa-da habarlary terjime etmek ýaly işlere sarp etmäge mejbur galmazlyk üçin, has netijeli bolmagymyzy ýola goýup biler we şeýlelik bilen wagtymyzy has netijeli ulanyp bileris” diýip belledi.

Kessi Ço emeli intellektiň adamlaryň emele getiren mazmunlara çydap bilýänligi sebäpli ters pikirleriň bardygyny we kämil bolup bilmejekdigini habar berdi.

Kessi Ço emeli intellekt tehnologiýalarynyň adamlaryň işsiz galmagyna sebäp bolup biljekdigini pikir etmeýändigini belledi.

Emeli intellektiň mediýada ulanylmagynyň adamlary has gowy žurnalist bolmaklaryna ugrukdyrjakdygyny aýdan Kessi Ço: “Käbir adamlaryň işlerinden mahrum galjakdygyny pikir edýärin, emma ol bizi has döredijilikli bolmaga höweslendirer diýip pikir edýärin.

Sebäbi netijede pikirleri emeli intellekt öndürmeýär.Bu bizi has gowy žurnalist bolmaga ugrukdyryp biler, sebäbi täze pikirleri orta atmaga, täze mazmunlar tapmaga, has gowy habarlary taýarlamaga, has gowy žurnalist bolmak üçin emeli intellekti nähili ulanyp biljkekdigimizi pikir etmäge gönükdirmelidiris” diýip nygtady.

Zyýany peýdasyndan köp bolup biler

“Goodable”-iň ýokary derejeli ýolbaşçysy Muhammad Lila algoritmleriň adamzada ýetirjek zyýanlarynyň peýdasyndan has köp bolup biljekdigini belleýär.

Muhammad Lila mediýa we žurnalistika ugurlarynda emeli intellektiň has çalt we has gowy öwrenmek ýaly oňyn taraplary bolsada, geljek taýdan has uly howp emele getirjekdigini habar berdi.

“Eger ünsli bolmasak emeli intellekt jemgyýetimizi ýok eder. Aslyna garanyňda ine şular ýaly howpludygyny pikir edýärin” diýip aýdan Lila, adamlaryň dogry we ýalňyş zatlary tapawutlandyrmak ukybyny emeli intellekt tehnologiýasyna geçirmeginiň uly bir meseledigini beýan etdi.

Emeli intellekt tehnologiýalarynyň ösmegi bilen ençeme adamyň işlerinden mahrum galjakdygyny aýdan Lila: “Žunalistler emeli intellekt ulanmaýan bolsalar we emeli intellektiň täze mazmun öndürmek güýjüne göz ýetirmedik bolsalar, oýundan örän yzda galarlar” diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
ZEHINLI ÇAGALAR BILEN SÖHBETDEŞLIK
ÝB ýangyçlaryň gazylyp alynýan görnüşlerinden "yzyna gaýtaryp bolmajak" ýagdaýda uzaklaşýar
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
Emeli intellektiň maksady adamlaryň pikirlerine we duýgularyna gözegçilik etmek