Güýçli yssa tap getirmäge ýiti tagamly nahar, gök önümli çorba we sogan suwy peýda edip biler. Dünýäniň dürli sebitlerinden jokrama yssydan goranmagyň ýollary barada maslahatlary Daily Mail neşiriniň saglygy goraýyş meseleleri boýunça uly habarçysy Jon Eli toplady diýip, MIR24 ýazýar.
Mysal üçin, ispan saglygy goraýşynyň maslahat berýän nahary— ýerli milli tagam bolan gaspaço serginlediji häsiýete eýedir. Ol pomidordan, hyýardan we burçdan taýýarlanan sowuk çorbadyr. Onda adamlary ýylylyk urgusyndan goraýan ähli zatlar bar, düzüminde suwy köp saklamak bilen gaspaço witaminlere we minerallara baýdyr.
Oksford uniwersitetinden hünärmen Rassel Foster bolsa ylmy jemgyýetçilik tarapyndan tassyklanmadyk maslahaty öňe sürýär, ol deriňi sogan suwy bilen süpürmegi ündeýär, professor hindi obalarynda yssydan şeýdip goranýandyklaryny nygtaýar. Käbirleri sogan suwuny dabanyňa çalsaň, nepiniň kändigini aýdýarlar, şeýdilse, sogan suwy bedeniň temperaturasyny kadalaşdyrýar we köçede ýokary yssynyň täsirinden goraýar.
Yssydan goranmagyň ýene bir usulyny Günorta Aziýada, Afrikada we Karib deňziniň basseýninde peýdalanýarlar. Bu ýiti, burçly naharlardyr. Hakykatdanam, burçly ýiti nahar iýmek adamyň bedenini sowadýar, içki temperaturany bolsa artdyrýar, netijede içki we daşky ýylylyk sazlaşygy gazanylýar we yssyda adam özüni oňat duýýar.