Portugaliýanyň Wizeu şäherinde her ýylky peýnir bäsleşigi nobatdaky gezek guraldy. Onda 47 ýurtdan peýnir görnüşleriniň 4786 görnüşi bäsleşdi. Kiçijik kärhanalaryň birinde öndürilen peýnir iň gowy diýlip yglan edildi.
Gürrüň Portugaliýanyň Sualeýra şäherindäki fabrikde geçi süýdünden taýýarlanýan Queijo de Ovelha Amanteigad peýniri barada barýar diýip, CNN habarlar gullugyna salgylanýan Mail.ru ýazýar. Ony taýýarlaýan kärhanada bary-ýogy 10 adam zähmet çekýär.
Bilermenleriň biri ýeňiji önümi taýýarlanyş usuly we tebigy tagamy bilen baglylykda, belok bilen ýagyň ajaýyp sazlaşygy diýip atlandyrdy.
Beýik Britaniýadan iberilen peýnir görnüşi gümrükhanadaky kynçylyklar bilen baglylykda, bäsleşige gatnaşyp bilmedi.