Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar

Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar

Germaniýanyň ykdysadyýeti energiýa göterijileri üçin bahalaryň düýpli ýokarlanmagy sebäpli 2023-nji ýylda çökgünlik ýagdaýyna düşer. Şeýle çaklamany ýurduň abraýly gözleg institutlary öňe sürýär diýip, kapital.kz belleýär.

Mýunheniň Ykdysady gözlegler instituty (IFO), Kildäki Dünýä ykdysadyýeti instituty (IfW), Essendäki Reýn-Westfal ykdysady gözlegler instituty (RWI) we Galledäki Ykdysady gözlegler instituty (IWH) tarapyndan taýýarlanan çaklama Germaniýanyň JIÖ-niň 2022-nji ýylda 1,4% ýokarlanjakdygyny, 2023-nji ýylda 0,4% peseljekdigini we 2024-nji ýylda 1,9% ýokarlanjakdygyny göz öňünde tutýar. Şu ýylyň ýazynda institutlaryň çaklamasy GFR-iň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýylda 2,7% we 2023-nji ýylda 3,1% ýokarlanjakdygyny göz öňünde tutupdy.

Institutlaryň çaklamalaryna görä, Germaniýada JIÖ-iň göwrümi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda umumy alanyňda ýazda çaklanylandan 160 mlrd ýewro pes bolar.Russiýanyň GFR-e gaz eksportynyň azalmagy ýangyjyň bu görnüşiniň bahasynyň rekord derejä ýetmegine getirdi diýlip, hasabatda bellenilýär.

Hünärmenler gaz ýetmezçiligini düýpli mesele hasaplamak bilen, onuň bahasynyň çökgünlikden öňki derejeden ýokary boljakdygyny we munuň Germaniýa üçin maddy hal-ýagdaýyň peselmegini aňlatjakdygyny duýdurdylar.Institutlaryň GFR-de şu ýyl üçin inflýasiýa boýunça çaklamalary 8,4%-e barabar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 10 aýda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
ÝTÖB: Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrýar
Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi
Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy
Ministrler Kabineti: S.Berdimuhamedow JIÖ-niň ösüşini saklamagy, täze uçar gatnawlaryny ýola goýmagy we 2023-nji ýyl üçin şygar seçmegi buýurdy
2022-nji ýylyň bäş aýynda Azerbaýjanyň JIÖ-i 7 göterimden geçdi