Oklend ýaşaýyş hiliniň derejesi boýunça dünýäniň iň gowy şäheri adyny aldy we “The Economist” britan žurnalynyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki bölümçesiniň sanawynda birinji orny eýeledi. Global Liveability Index 2021 hasabaty EIU kompaniýasy tarapyndan hödürlendi diýip, TASS habar berýär.
Täze Zelandiýanyň iň uly şäheri dünýäniň iň gowy 140 şäheriniň sanawynda Osakadan we Adelaidadan öňe geçdi.Hünärmenler dünýäniň şäherlerinde ýaşaýyş hiliniň derejesine birnäçe görkezijiler boýunça baha berdiler we deňeşdirdiler: ösüş durnuklylygy, medeniýet, ekologiýa, saglygy goraýyş, bilim we infrastruktura.
Oklend 96 bal gazandy, bu Osaka şäheriniňkiden (Ýaponiýa) 1,8 bal köp.Ondan soňky orunlary 94 bal bilen Adelaida (Awstraliýa), 93,7 bal bilen Wellington (Täze Zelandiýa) we Tokio (Ýaponiýa) hem-de 93,3 bal bilen Pert (Awstraliýa) eýeledi.
Iň gowy şäherleriň onlugyna, degişlilikde, ýedinji we sekizinji orunlary eýelän Şweýsariýanyň Sýurih we Ženewa şäherleri, ikinji orundan dokuzynjy orna düşen Awstraliýanyň Melburn we liderleriň onlugyny jemlän Brisben şäherleri hem girdi.
Sanawda soňky orny Damask (Siriýa) eýeledi, onuň öňünden Lagos (Nigeriýa), Port-Morsbi (Papua Täze Gwineýa) we Dakka (Bangladeş) ýerleşdi.