Hünärmen: pandemiýanyň iki ýylynda internet ulanyjylaryň sany 17% ýokarlandy

Hünärmen: pandemiýanyň iki ýylynda internet ulanyjylaryň sany 17% ýokarlandy

Pandemiýanyň iki ýylynda internet ulanyjylaryň sany 17% ýokarlandy. Bu barada Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň Elektroaragatnaşygyň ösüş býurosynyň müdiri Dorin Bogdan Martin Polşanyň Katowise şäherinde açylan BMG-niň internet pudagynda döwlet syýasaty boýunça 16-njy ýyllyk forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Müdiriň belleýşi ýaly, dünýäde 4,9 mlrd adam internete girmekde dürli kynçylyklara sezewar bolýar. Bu işiň ýa-ha bahasy, ýa-da durnuklylygy we tizligi bilen baglanyşyklydyr.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça orunbasary Lýu Çženmin hem Katowisedäki forumda çykyş edip, bütin adamzadyň ýarysyna golaýynyň henizem internete we sanly tehnologiýalara elýeterli däldigini belledi.

BMG-niň ýyllyk forumy Katowisede “Birleşen internet” şygary bilen geçirilýär. Guramaçylaryň habar bermegine görä, 10-njy dekabra çenli 175 ýurtdan, takmynan, 1 müň gatnaşyjy 250 diskussiýanyň dowamynda internetiň ösüşi bilen bagly alty esasy meseläni uzak aralykdan ýa-da ýerinde ara alyp maslahatlaşar.

Foruma dürli ýurtlaryň hökümetleriniň we parlamentleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy sektoryň, ylym we tehnika dünýäsiniň wekilleri gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de şweýsariýaly türgen altyn medala mynasyp boldy
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi
Türkmenistan we Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny kabul etdi
Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça resminamalara gol çekdiler
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI