Hüjüm eýlär barça ary, gabat gelse bal biläni

Hüjüm eýlär barça ary, gabat gelse bal biläni

Dünýä edebiýatynyň çeperçilik medeniýetiniň dürli ugurlary boýunça rowaçlanmagyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda tebigat gözelligi, ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, olaryň populýasiýalary, ýaýraýşy, amatly, arassa daşky gurşawyň fiziki, himiki, botaniki düzümleri, jemgyýetiň abadançylygy bilen bagly umumyhalk hojalyk, önümçilik işleri, biologik dürlüligi gorap saklamaga, rejeli peýdalanmaga we öwrenmäge gönükdirilen milli, sebit hem-de halkara ähmiýetli gymmatlyklar köp duş gelýär.

Tebigatyň biologik baýlyklarynyň bir görnüşi hem bal arylardyr.Ussadyň Kaýda sen, Mal istär, Durasyň geler, Biläni, Gitdi bu raýa, Saly, dünýä, heý, Al eder, Şal taps, Gözel sen, Güle meňzär, Joşy ýandyrar, Uçdum ýaranlar, Ýoly ýagşydyr, Ballar mesgeni, Dag saýar, Mar çykar, Andadur, Läşden aýrylsa, Nary bolmasa atly eserlerinde Bozsaň ki ary hinini, döwr eýleýip, üýşer gider, Ary aňsa, hüjüm eýläp, Gaýryga gonmaz, bal istär, Sözlegen sözleri misli bal kibi, Hüjüm eýlär barça ary, Gabat gelse bal biläni, Birniçeler bal diýip, batmyş belaýa, Owwal aldap biýr sen baly dünýä heý!, Düşse ara, zäher agzyn bal eder, Perwana ot görse, jan biýr, aýrylmaz, Simap gyzyl tapsa, meges bal tapsa, Hindistanda şeker, Bulgurda bal sen, Leblerinden akan baly, Şähd ile şekere meňzär, Sirke aýdar: bal menem, Baldandyr, süýdendir akan bulagy, ...şähdu-şeker, turpa ballar andadur, Kimiň sözi zäher-bal damar kimden, Şerbet içseň bala döner, Arynyň zährinden baly ýagşydyr diýen ýaly lezzet berýän setirleri bal arylaryň ýaşaýşynyň umumy biologik tebigy häsiýetleri suratlandyrma, deňeşdirme, poetik simwolizmde aýdyň, ygtybarly, paýhas synçylygynyň dürdäne nazarlary bilen ynandyryjylykly açylyp görkezilýär.

Ussadyň 20-den gowrak şygyrlarynda arzuw edilýän bal durmuşyň bal önümçiligi bilen bagly şygyrlar duş gelýär.Mähriban watanymyzda bal arylaryň 500-den gowrak görnüşleri duş gelýär.Bu görkeziji bolsa dünýäde bal arylaryň populýasiýasyna we görnüş genefonduna ülkämiziň örän baýdygyny, köpugurlydygyny, gadymydygyny we yklymlarda aýratyn tapawutlanýan meşhur sebitleriň biridigini aýdyň dabaralandyrýar.

Tizliginiň çatlygy we uzak aralyklara uçuşy boýunça bal arylary 12 sany meşhur jandaryň biridir.Hojalyk şertlerinde bal arylary howa ýagdaýlarynyň häsiýetlerini öňünden bilýän janly barometrler hem hasap edilýär.

Bal arylary tarapyndan öndürilýän örän tagamly, süýji şire şekilli, nabat ýokumly erginli, ýakymly ysly we tagamly, lezzetli, dykyz, ýeňil siňýän, goýy goýazly örtükli, gyzgylt reňkli öwüşginli, tebigy azyklyk nygmat önümine, ýygnalan we gaýtadan işlenilen haryda bal diýilýär.

Balyň taýýarlanmagy üçin ýandak, günebakar, gowaça, ýorunja, bagçylyk ekinleriň 100-e golaý görnüşleri hem-de ýabany ösümlikleriň gülleriniň nektarlary we tozanlanmaga gatnaşýan synalary, holtumlary gymmatly we esasy önümçilik çeşmeleri bolup durýarlar. Ösümlikleriň görnüşlerine görä ýaprakly ýaşyl dünýäleriň wekilleriniň her biriniň düzüminde 7-75% çenli möçberlerde dürli şireli suwuklyklar, şekeriň erginli maddalary, gandyň mukdarlary saklanýar.

Ary balynyň düzüminde adam organizminiň ösüşi üçin zerur bolan peýdaly mineral maddalaryň, fruktoza, glýukoza ýaly organiki gymmatlyklaryň, turşulyklaryň, doýgun uglewodlaryň, beloklaryň, aminokislotalaryň, witaminleriň, saharozanyň we fermentleriň 100-e golaýy dürli möçberlerde jemlenýär.

Eger-de bal arylary ösümliklerde tozanlandyrma tapgyryny geçirmeseler 4 ýylda önümçiligiň derejesi her ýyl 12% pese düşjekdigini alymlar belleýärler.Bal arylary 2 kilometr uzaklyk aralykdan ösümlik nektarynyň ysyny we häsiýetini alyp bilýärler.

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, 100 gram baly öndürmek üçin balarylaryň maşgalasy 1 million sany güllere gonup, 90 kilometr töweregi ýol geçýärler.Balarylary 170 dürli ysy saýgaryp bilýärler.Bal ýygnaýan işçi arylary 6-10 hep¬de hereketde bolýarlar.

Her aryda 0,03 milligram zäher bolýar we ony howpuň abanýan tarapynda jadylaýan sungat eseri ýaly ökdelik bilen ulanmagy başarýar. 1 kilogram balda 6 müňe golaý gül tozanjyklarynyň dänejikleri jemlenýär.

Geçmişde ata-babalarymyz küýze gaplarynyň dürli görnüşlerinde baly uzak wagtlap gury, şemal bolmadyk otaglarda saklamagyň, gün şöhlesi düşmeýän salkyn, kölegeli ýerlerde ýerleşdirmegiň köpasyrlyk milli durmuş mekdebiniň ajaýyp nusgalaryny döredipdirler.

Bal önümleriniň şepagatynyň keseliň başlangyç döwrüniň yza serpikmegi üçin adaty der¬man¬lardan 36 gö¬te¬rimden ýokary derejede täsirlilik güýjüniň bardygyny lukmanlar belleýärler.Halk hojalygynda balaryçylyk pudagyny senagat taýdan ösdürmekligiň düýbi XIX asyryň 90-njy ýyllaryndan başlanýar.

Diýarymyzyň 40-dan golaý etraplarynda balaryçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklaryň hereket etmegi bal döwrüň arzyly ballarynyň mertebesini has-da belende galdyrýar.Hoz, maňyz, pisse, kişmiş, hurma, injir, künji we limon suwy bilen garylan balyň şirinligi iki esse ýokarlanmak bilen ynsan synalarynyň gözelligini, sagdynlygyny, berkligini has-da artdyrýar.

Balarylara Antarktidadan başga dünýäniň islendik künjeginde duş gelmek bolýar.Her bir ynsanyň hepde-de bal önümleriniň bir görnüşinden peýdalanmagyň hökmanylygyny lukmanlar maslahat berýärler.Bal arylary deride döreýän, erbet ysly lybaslara, zibil üýşmekli ýerlere, atyr kükreýän meýdançalara barmaýarlar.

Orta asyr alymlary baly sagdyn seriň sazlary, juwanlygyň we joşgunyň meýi, köňül rahatlygynyň dermany, uzak ýaşamagyň hikmetli melhemi, ömürlere örklenen ilkinji şypakär, şatlandyrýan toşaplaryň emiri, tebigatyň jahyllyk dilberi diýip hem atlandyrypdyrlar.

Folklor mirasynda we halk sözleýiş medeniýetinde Kalbyň bala, ädimiň ýaga ulaşsyn, Bal ýaly durmuş nesip etsin, Ykbalyň bal güne batsyn, Göreçleriň gök nurundan, gollaryň bal tutýan bagtdan egsilmesin, Zehiniň bal ýaly goýalsyn diýen ýaly alkyşly arzuwlar, frazeologizmler hem köp duş gelýär. Ähli nygmatlaryň arasynda meşhurlygy boýunça çörekden soňra ikinji orunda durýan baly hekimler ynsanyň 220 sany synasynyň 175-si üçin balyň peýdalydygyny belleýärler.

Haýwanat dünýäsiniň gurşawyna gatnaşýan ähli ganatly dostlarymyzyň arasynda ynsan hojalygyna ilkinji bolup aralaşan 3 jandaryň biri bal arylary hasap edilýär.Her ýylyň 20-nji maýynyň Bütindünýä balaryçylaryň, bal önümleriniň güni hökmünde bellenilip geçilmegi köpleri guwandyrýar.

Häzirki wagtda halk melhemçiliginde bal göwnüçökgünlikde, işdäaçarlarda, beden zäherlenmelerinde, garramazlygyň öňüni almakda, üsgülewük, sowuklama, dişlenilen dertlerinde, dürli ýaralary bejermekde, ýanyk, guragyry, çiş şikeslenmelerinde, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny (immunitetini) ýokarlandyrmakda, bokurdak we agyz boşlugynyň kesellerini bejermekde, ýellenmelerden saplanmakda, dowamly fiziki ýadawlykdan taplanmakda, dürli gaýraüzülmelerde, beden synalarynyň içki bölekleriniň dertlerinden suwuklyklary sorup almakda, ýaranyň ýüzüni gataldyp kesmekletmekde, agyz boşlygynyň içki synalarynyň örgünlerini arassalamakda, tüýjümek önümlere mörjewleriň aralaşmazlygyny ýola goýmakda, nepesi durlamakda, labyzly sözlemekde gymmatly dermanlaryň hökümdary hökmünde giňden peýdalanylýar.

Bal arylaryň ýiti uçly goranyş agzasyna neşder diýilýär.Milliligiň, taryhy galkynyşlaryň we ylmy rowaçlyklaryň syrly, jadyly dünýälerinde täze gözýetimleri açan Magtymguly Pyragynyň lirikasynda bal ary bilen bagly edebi gymmatlyk pars diliniň ýazuw ýadygärliklerinde orun alan leksik zenbur aňlatmasy arkaly Aýrymadymy, Jan içinde atly şygyrlarynda Toty hemhanasyndan, zenbur şekerden, Zenbur çykyp seýrana, Gezer meýdan içinde diýen nusgada çeper şöhlelendirilýär.

Türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynda, şahyrana zehininde we parasatly pikirleniş ylhamynda nusgalyk binýady kemala getiren şahyryň döredijiliginde ary mumyny aňladýan leksik aňlatma hem duş gelýär.Muny şahyryň durmuş hakykatyny yhlas, ylmy kämilligi hyjuw, jemgyýetçilik ahlagyny tükenmez hyýal menzilleri, joşgunly şahyrana ymtylyş, umytlar bilen wasp eden Bagrym dilenim atly şygrynyň dördünji bendinde: Gargyşym daşlary mum deý erider, Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.

Çowdur han üçin elegiýasynyň altynjy bendinde: Çeşmeler höşk boldy, daşlar mum boldy.

Gumly çykypdyr goşgynyň üçünji bendinde: Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr.

diýen altyn, bal ýaly ýokumly, datly, şireli setirlerinde hem görmek bolýar.Edebi sözleýiş medeniýetiniň ylmy pudagynda bal arylarynyň bal öndürýän mäzlerinden bölünip çykýan, balyň öýjük galkanjyklarynyň düýbünde galýan, ýokary derejeli, ýagly erginlere meňzeş bolan, efirli, ýumşak, ýeňil, dürli gyzgynlyklarda ereýän, çydamly we köp ýyllar üýtgemän durýan häsiýetli, suwdan ýeňil, ýylmanak, tämizleýji, näzik, ýagtylyk derejelerinde häsiýetini üýtgedýän, iňňän ähmiýetli, eredilende, gyzdyrylanda sary reňke geçýän tebigy şepbeşik madda mum diýilýär.

Döwürleriň mähri, nesilleriň söýgüsi, halkyň köpasyrlyk durmuş meýilleri, islegleri, mukaddes duýgulary siňen danyşmendiň Türkmeniň atly şygrynyň altynjy bendinde: Bal getirer, joşup derýa akanda.

diýen setirleri okamak bolýar. Bu hümmetli, yzzatly we göwher setirlerde bal sözi abadançylygyň nyşany, berekediň, bolçulygyň, sahylygyň, jomartlygyň, sahawatlylygyň we ýeňişli sepgitleriň, üstünlikleriň umumydöwlet ähmiýetli baýlygyň aňlatmasy bolup gelýär.

Ýene degişli makalalar

Prezidentiň Medeniýet we Sungat Baýraklary Eýelerine Gowşuryldy
Gury üsgülewigiň tebigy bejergisi…
Neda BERGER: Söýýän seni Türkmenistan
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Bal näme üçin zaýalanmaýar?