Gadymy Merwden 16 km töweregi demirgazykda Mekan daýhan birleşiginiň çäginde Hudaýnazar kümmeti ýerleşýär.
Bu kümmet 1951-nji ýylda GTATE-sy tarapyndan ýüze çykarylýar we öwrenilýär.Hudaýnazar kümmeti XII asyr bilen senelenilip, dünýä ýaň salan Beýik türkmen seljuklar zamanynyň ýadygärligidir.Kümmetiň plany inedördül bolup, daşky tarapyndan 11x11 metre, içinden 7,90x7,90 metre ýetýär.
Arhitektura ýadygärliginiň girelgesi günbatar tarapda bolup, şol tarapda diwarynyň ýüzünde bişen kerpiçlerden örülen dürli bezegleriň görnüşleri saklanypdyr.Akademik G.A.Pugaçenkowa we alym arhitektor A.Pribytkowa Merwdäki Talhatan baba metjidine hem-de Muhammet ibn Zeýd kümmetine meňzeşlikleriniň bardygyny örän ýerlikli belleýärler. Ýadygärligiň gümmezi bütünleý saklanmandyr.
Bu kümmetiň häzirki wagtda saklanan diwarlarynyň beýikligi 6 metre golaýdyr.
Hudaýnazar kümmetiniň girelgesindäki giň arkasy Talhatan baba metjidindiniň merkezindäki arkasyna we onuň dar tagçaly arkalary bolsa Muhammet ibn Zeýd kümmetindäki arkalary ýatladýar. Şeýle hem girelgesindäki giň arkasynyň gyralaryny bezeýän sekizgyraňly sütünler Ymam Bakr kümmetinde saklanan sekizgyraňly sütünlere meňzeşlikleriň bardygyny görmek bolýar.
Hudaýnazar kümmetiniň bezeglerinde bant, romb, goşalandyrylan ýarym aýlawlar bilen jübüt örümli kerpiçleriň arasyna örülipdir. Ýadygärligiň girelge tarapynda dikligine panno bilen bezelipdir. Pannonyň içi süýünmek altygyraňlyklar we dörtburçluklar bilen yzygiderli geometriki bezegler bilen bezelipdir.
Hudaýnazar kümmetinde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we Gadymy Merw taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde rejeleýiş-berkidiş işleri yzygiderlikde geçirilýär.