Türkmenistanda geçen hepdäniň ahyrynda kapitalyň amnistiýasyny yglan etdiler. Wise-premýer Goçmyrat Myradowyň sözlerine görä, “Bu çäre ykdysadyýete goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge, şeýle-de ýurduň ykdysady zonalaryna inwestisiýa akmagyna amatly şertleri döreder”.
Şeýle-de, biraz öň Halkawa Waýuta Fondy öz ekspertleriniň Türkmenistana nobatdaky saparynyň deslapky netijeleri boýunça pres-reliz çap edip, onda “Türkmenistana durmuş töleglerini mundan beýläk hem azaltmagy we walýuta konwertasiýasyna dolanmagy maslahat berdi”.
“Türkmenistanyň Hronikasy” bu iki waka düşündiriş bermegini sorap, maliýe pudagy boýunça ekspert, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.
Hudaýberdi Orazow
— Türkmenistanyň hökümetine kapitaly amnistiýa etmek näme üçin zerur boldy? Häkimiýetler bu usul bilen nähili görnüşdäki inwestisiýany çekmek isleýärler we siz bu çäräniň üstünlik getirjegine ynanýarsyňyzmy?
— Kapitalyň amnisitýasy, eger ondan dogry peýdalanmagy başarsaň, doly iş guraly. Bu hili çäreler diňe Türkmenistanda geçirilmeýär, hususan-da bu ABŞ-da, Orsýetde we beýleki ýurtlarda üstünlikli peýdalanylýar. Emma, bu ýerde ony ulanmagyň kanuny esaslaryna we ulanylyş mehanizmine düşünmek möhüm.
Kapitalyň amnistiýasyny üstünlikli ulanmak üçin ilatyň amnistiýa eder ýaly emlägi bolan gatlagynyň bolmagy zerur. Hususan-da, biznesmenleriň we orta hem ýokary gurplulyk ýagdaýynda ýaşaýan adamlaryň bolmagy gerek. Türkmenistanda şeýle adamlar bar hem bolsa, örän az we bu ýagdaýda kapitalyň amnistiýa edilmegi ýurtdaky inwestisiýa klimatynyň düýpli gowulaşmagyna o diýen kän täsir ýetirmezmikä diýýärin.
Meniň pikirimçe, bu amnistiýa häkimiýetň ýakyn töweregine jemlenen we ýurtda geçirilmekçi bolýan köpsanly ykdysady reformalardan peýdalanmagy karar eden, şeýlelikde, “galmagal astynda” öz ýygnanlaryny howpsuzlandyrmaga çalyşýan az sanly adamlar üçin geçirilýän bolmaly.
Inwestisiýalar barada aýdylanda, onda olar, uly hasapdan alnanda, ýok, ýogsam, häkimiýetler ýurda her hili usulda maýa çekmäge hem çalyşýarlar. Türkmenistanda ykdysadyýetiň aýdyňlygy juda pes we mümkin bolan maýadarlaryň öz töwekgelliklerini öňünden hakyky ölçerip-dökmegi üçin ýeterlik maglumaty ýok.
Golaýda Orsýetiň MTS kompaniýasynyň ýapylmagy bilen bagly bolan zatlar Türkmenistandaky inwestisiýa klimatyny bu amnistiýadan has gowy görkezýär.
Haçanda, ýurda düýpli maýa ýatyran şeýle uly kompaniýanyň biznesini ur-tut elinden alyp bolýan bolsa, onda has ownuk maýadarlar näme garaşmaly? Ýogsam bolmanda, islendik sagdyn ykdysadyýetiň esasyny kiçi hem orta biznes düzýär ahyryn.
— Siz HWF-nyň ekspertleriniň Türkmenistanyň hökümetine maslahat beren zatlary hakynda näme pikir edýärsiňiz?
— HWF-nyň ekspertleri diňe Türkmenistana däl, köp ýurda barýar.Bu habarda hiç bir san, hiç bir statistiki maglumat getirilmeýär we şu sebäpden men bu pres-relizi çynlakaý dokument hasaplamaýaryn.
Ol örän ýumşak we sypjyk dilde ýazylan.Görnüşi ýaly, HWF Türkmenistan bilen arasyny bozmak islemeýär.HWF Türkmenistandan haýsydyr bir reforma geçirmegi talap edip bilmeýär.Olar diňe rekomendasiýa-maslahat berip bilýär, sebäbi Türkmenistan onuň karz alyjysy däl.
Rekomendasiýalar barada aýdylanda, “daşarky disbalans” we “häzirki hasap amallary defisiti” barada gürrüň edip, HWF Türkmenistanyň henizem çynlakaý býujet defisitini başdan geçirýändigini, ýagny, gazanýanyndan has kän sowýandygyny ýaňzydýar. Bu aratapawudy kemeltmek bilen, hökümet mundan beýläk hem çykdajy harajatlaryny azaltmaga çalyşar we täze gazanç çeşmelerini gözlär.
Şeýle-de HWF döwlet inwestisiýalaryny kemeltmäge çagyrýar.Meniň pikirimçe, bu diňe elektrik togundan, gazdan we suwdan ýeňillikli peýdalanmagyň ýatyrylmagyna däl, eýsem dürli ministrlikleriň we başga desgalaryň gurluşyklaryna hem dahylly bolup durýar.
Meniň çak edişime görä, ilkinji nobatda ýönekeý ilatdan tygşytlap başlarlar, gurluşyklardan däl.Eýýäm häzirden döwlet hyzmatlarynyň bahalary ýokarlanýar, iş orunlary azaldylýar.Bu tendensiýa geljekde hem dowam etdiriler.
Täze gazançlaryň çeşmeleri barada aýdylanda, hatda eger olar tapylaýan ýagdaýynda hem, bu kömek etmezmikä diýýärin.Ilat hatda gazyň we nebitiň nyrhlarynyň ýokary bolan wagtynda hem aýratyn gowy şertlerde ýaşady diýip aýdyp biljek däl.
Goý, nebitiň birden barreli 200 dollar derejesine galsyn, bu barybir problemalary çözmez.Bu ýerde mesele, ykdysadyýete garanda, has köp derejede sistema krizisinde.Bu krizis ýokary hünärli dolandyryjylaryň bolmazlygy bilen problemalaryň has üstüni açdy.
Häzirlikçe, dolandyryş bilen bagly problemalar çözülýänçä, ykdysady krizisi ýeňip geçmek başartmaz.Munuň üçin syýasy erk gerek, ol bolsa ýok.Problemalary çözmäge derek, hökümet her edip, hesip edip, daşarky synçylara ýurtda hiç bir kynçylygyň ýokdugyny görkezjek boiýar.
Men bu häkimiýetleriň walýuta kursuny üýtgetmek kararyna gelip bilmezliginiň esasy sebäpleriniň biri diýip hasaplaýaryn.Eger kursy birden ýokarlandyrsalar, döwletiň girdejileri dollar ekwiwalentinde iki esse aşak gaçar.
Türkmenistanyň krizisden çykyp biljekdigine ynanýaryn. Sebäbi, ýurtda serişde bar we onuň ýerleşen ýeri örän amatly. Emma, meniň eýýäm aýdyşym ýaly, munuň üçin syýasy erk gerek. Eger biznese azatlyk, adamlara gazanç etmäge mümkinçilik berilse, döwletden başga kömek, belki-de, hatda, zerur hem bolmaz. Adamlaryň özleri ýurda getirmeli zady hem, daşary äkidip satmaly zady hem gowy taparlar.
Ruslan Tuhbatullin.