Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň Türkmentel — 2024 atly XVII halkara sergisi dowam edýär. Sergide Huawei kompaniýasy hem öz alyp barýan işleridir önümleri bilen tanyşdyrýar.
Kompaniýanyň Türkmenistandaky wekili Siao Lun milli aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçilikleri we geljegi uly ugurlary barada şeýle gürrüň berýär: — 1987-nji ýylda döredilen kompaniýamyzyň 100-den gowrak ýurtda şahamçasy bar.Huawei Türkmenistanda eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär.
Ilkinji aragatnaşyk stansiýalarymyzy 2003-nji ýylda gurduk. Şu geçen ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Ýurtda aragatnaşygyň geljegine ýokary baha berýäris.Maksatnamalaýyn esasda meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalar hem şeýle diýmäge doly esas berýär.
Häzir ýurduň sebitlerine GPON ulgamyny ornaşdyrýarys, şeýle-de geljekde 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýäris. Şeýle giň gerimli sergä we maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris.
Hünärmeniň sözleri Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada getirildi.
Türkmentel — 2024 atly XVII halkara sergisi öz işini dowam edýär.