Hytaýyň gajetleri öndüriji kompaniýasy Huawei 5G bilen baglanyşykly smartfonlary çykarmagy we olara Google serwislerini gurnamagy gadagan edýän amerikan sanksiýalaryndan baş alyp çykmagyň usulyny tapdy.
Indi kompaniýa Hi Nova brendi bilen smart-enjamlary çykarýar. Ol 2021-nji ýylda işe girizildi we resminamalar boýunça HHR-iň döwlet poçta kompaniýasy China Post-a degişli. Poçta tarapyndan çykarylýan smartfonlar Huawei-niň gajetlerine meňzeýär. Bu iki gurama heniz 2019-njy ýylda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.
Şeýlelikde, Huawei gurluşlary işläp taýýarlamak we öndürmek bilen meşgullanýar, Hytaýyň Poçtasy bolsa öz brendini kärhana berip, toplumy düzüjileri satyn alýar.Sebäbi Huawei üçin olara elýeterlilik ýok. Şeýlelik bilen, öndürijä täze smartfonlaryny kämilleşdirmek üçin zerur komponentleri almak başartdy.
Hususan-da, bu bäşinji nesil aragatnaşygyny göterýän bir kristally ulgamlardyr.Mundan başga-da, indi telefonlara Android-iň soňky wersiýasyny hem-de Google Play ýaly Google serwislerini gurnamak bolýar.
Häzirki wagtda Hi Nova brendi bilen gajetler diňe hytaýly alyjylar üçin elýeterlidir. Ýöne analitikler ýakyn wagtda gurluşlaryň assortimenti ulalar we HHR-iň çäginden daşary aňsatlyk bilen çykar diýip hasaplaýarlar.