“Human Rights Watch” guramasy bilen Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasynyň” Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň öňünden ýaşaýyş jaý hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna bagyşlanan bilelikdäki hasabaty
Hasabaty PDF görnüşinde indirip bilersiňiz.
Google Drive üçin salgy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlarynyň öňünden Aşgabatdaky hususy jaýlaryň eýlerini degişli kompensasiýa bermezden, mejbury ýagdaýda jaýlaryndan göçürýärler diýip, adam hukuklaryny gözegçilik edýän “Hýman Raýts Wotç” guramasy bilen adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” topary şu gün beýanat etdi.
Şähere birmeňzeş görnüş bermek üçin hem goşmaça gurlan jaýlar yzygiderli ýykylyp aýrylýar, şol bir wagtda hususy emläkleri ýykylan adamlara suda arz etmek mümkinçiligi döredilmeýär.
Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça guralýan V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň paýtagtynda 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçirilýär. Oýunlara dünýäniň onlarça ýurdundan 8 müň töweregi sportsmeniň gelmegine garaşylýar.
“Aziada gabat tutuş Aşgabady ak mermerli şähere öwürmegiň hatyrasyna müňlerçe adam öz hususy ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilýär ýa-da ýaşaýyş üçin amatlylygy pes bolan şertlerde ýaşamaga mejbur bolýar” diýip, AHTI-niň ýerine ýetiriji direktory Farid Tuhbatullin aýtdy.
Oýunlar bary-ýogy 10 gün dowam edýär, emma kadaly jaýsyz ýa-da asla öýsüz galan adamlar, eger kadaly kompensasiýa almasalar, ýyllap ejir çekmeli bolarlar”
Türkmenistanyň hökümeti mejbury ýagdaýda jaýyndan göçürilen we hususy emläginden aýrylan adamlaryň ýitirilen emläk we göçürilmegi zerarly çeken zyýanlary üçin adalatly we ýeterlik derejede kompensasiýa almagyny üpjün etmeli diýip, AHTI we “Hýuman Raýts Wotç” guramalary hasap edýär.
Häkimiýetler şäheriň infrastruktura we arhitektura täzelenişi bilen bagly proýektler sebäpli kompensasiýasy ýa-da jaýsyz galan paýtagt ýaşaýjylarynyň bähbitlerini goramak, olaryň operatiw ýagdaýda adalatly kompensasiýa we hukuk goragynyň beýleki degişli serişdelerini almagynyň üpjün edilmegi üçin netijeli ýuridiki mehanizme eýe bolmaklary babatynda haýal etmezden çäre görmeli.
2011-nji ýyldan, Türkmenistan Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine hukuk alanyndan soň ýykylan uçastoklar gyzyl çyzyk bilen bellendi.
Adamlaryň emläkleriniň alynmagy, ýaşaýan ýerlerinden göçürilmegi we ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylmagy, paýtagtyň abadanlaşdyrylmagy we arhitektura taýdan täzelenmegi ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäginde, indi tas iki onýyllyk bäri tutuş Aşgabadyň territoriýasynda bolup geçýär we bularyň hemmesi adamlaryň hususy emläkleri we ýeterlik ýaşaýyş jaýy babatdaky hukuklarynyň gödek bozulmagy netijesinde amala aşyrylýar diýip, hukuk goraýjylar belleýär.
Emma soňky bäş ýylda, Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, adamlaryň ýaşap oturan jaýlarynyň ýykylmagynyň we bu hukuklaryň bozulmagynyň gerimi we ýygjamlygy has ýokarlandy.
Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hataryna girýär we bu Oýunlar bu ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýyna halkara ünsüniň çekilmegine seýrek duşýan bir mümkinçiligi döredýär.
Prezidentiň kararlarynda aýdylmagyna görä, Aziýa oýunlarynyň öňünden jaýlaryň ýykylmagy we Aşgabadyň keşbiniň täzelenmegi “Berkararlyk we bagtyýarlyk eýýamynda şäheriň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagyna has amatly şertleri döretmek maksatlary üçin” amala aşyrylýar.
Ýaşaýyş jaýlary ýykylmaga degişli edilen husysyýetçiler ýa “deň bahaly” ýaşaýyş jaýyny almaga, ýa-da ýeterlik derejede pul kompensasiýasyny almaga hakly, emma AHTI we “Hýumam Raýts Wotç” tarapyndan dokumentleşdirilen köp ýagdaýda, kompensasiýanyň çäginde berilýän kwartiralar elden giderilen emlägiň bahasyndan has arzan ýa-da maşgala üçin örän dar.
“Şor Daça” etrabyndaky ýykgynçylyk
10-15 adamdan ybarat öý hojalygyna köplenç ýagdaýda bary-ýogy iki ýa-da üç otagly kwartira berildi.Beýleki bir ýagdaýda bolsa, hususyýetçileri jaýlaryndan entek olara berilmäge niýetlenilen kwartira ulanmaga berilmänkä göçürdiler.
Netijede adamlar esli wagtlap kireýine jaý tutmaga we şol ýerde öz hasaplaryna ýaşamaga mejbur boldular.Käbirleri kompensasiýanyň çäginde berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagy, şol sanda ýokardan suw dammagy, liftleriň işlemezligi we beýleki problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Häkimiýetler hususyýetçileri göçürmegiň “gowulaşdyrylan” görnüşi ýagny olaryň alynýan jaýy bilen berilýän täze kwartiranyň kesgitlenen bahalarynyň arasyndaky tapawudy özleriniň tölemegi bilen ylalaşmaga hem mejbur etdiler we bu bir ýagdaýda 25 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtda täze kwartiranyň resmileşdirilmegi doly möçberdäki puluň tölenmegi bilen baglanyşdyryldy.
Aşgabatda öz jaýlarynyň ellerinden alynmagyna garşy durmaga ýa-da has gowy kompensasiýa şertlerine eýe bolmaga çalşan ýaşaýjylaryň adalatly sud hukuklary hem ret edildi, olara öýsüz-jaýsyz galdyrylmak haýbatyny atdylar, käbir ýagdaýlarda olar häkimiýetler tarapyndan gysylmalara we gorkuzylmalara sezewar edildi.
Aşgabatda ýaýajylaryň jaýlaryndan göçürilmegi we jaýlaryň ýykylmagy Türkmenistanyň Ykdysady, sosial we medeni hukuklar baradaky halkara şertnamada ýeterlik ýaşaýyş jaýyny edinmek hukugy bilen üpjün etmek boýunça öz üstüne alan borçlaryna ters gelýär. Türkmenistan döwleti bu halkara paktyny baryp 1997-nji ýylda tassyk edipdi.
Jaýlaryndan göçürilýän adamlar üçin bir topar kepillik, şol sanda şular göz öňünde tutulan: häkimiýetler tarapyndan dogruçyl konsultasiýa berilmegi; düzüwli aýdylmagy we oýlanyşykly möhlet; göçürmek baradaky we geljekde bu ýeriň nämede ulanyljagy barada maglumat bermek; mynasyp derejede kompensasiýa ýa-da alternatiw ýaşaýyş jaýyny bermek; hukuk goragy serişdesi bilen üpjün edilmek; ýuridiki kömek berilmegi.
Halkara hukugy aýratynlykdaky adamyň, maşgalanyň ýa jemagatyň ýaşaýyş jaýyndan ýa ýerinden degerli hukuk we beýleki gorag mehanizmleri berilmezden wagtlaýyn ýa hemişelik çykarylmagy görnüşindäki “mejbury göçürmäni” gadagan edýär.
“Häkimiýetler Aziýa oýunlarynyň kömegi bilen Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga çalyşýarlar diýip, “Hýuman Raýts Wotç” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýdýar. Emma adamlaryň rehimsizlik bilen ýaşap oturan ýelerinden çykarylyp kowulmagy, olaryň hususy emläkleriniň ellerinden alynmagy hiç kimi ruhlandyryp bilmese gerek.”
Aşakda göçürilýän maşgalalara çemeleşilişiniň jikme-jiklikleri we mysallary getirilýär.
Türkmenistan boýunça ähli materiallar:
https://www.hrw.org/ru/europe/central-asia/turkmenistan
Doly repressiýa atmosferasy
Türkmenistanyň hökümeti jemgyýetdäki durmuşyň ähli ugruny gazaply kontrollyk astynda saklaýar we birleşmek, pikir aýtmak we din azatlyklaryny yzygiderli basyp ýatyrýar. Ýurt islendik görnüşdäki daşarky monitoring üçin hakykatda doly ýapyk bolmagynda galýar.
Häkimiýetleri azda-kände tankyt etmäge het edýän adamlar haýbat atylmalara, gysyşlara ýa-da azatlykdan mahrum edilmäge sezewar bolýar.Döwlet garaşsyz raýat aktiwliginiň hiç bir görnüşine çydam etmeýär.Adam hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan iki-ýeke aktiwist berk gözegçilik astynda saklanýar we uly töwekgellçiliklere gabat getirilýär.
AHTI-niň we “Hýuman Raýts Wotçyň” şu materiallary hem onlarça halatda hut şu hili doly repressiýa ýagdaýynda toplandy.Mejbury göçürişiň we jaý ýykylmagynyň soňky dört ýyla degişli ähli mysaly esasan 2015- 2016-njy ýyllaryň öz içine alýar.
Biz bu ýagdaýy ýakyndan synlan türkmen aktiwistleri we aklawçylary bilen söhbetdeş bolduk hem-de raýatlaryň ýokarda durýan edaralara ýüzlenmelerini, şeýle-de degişli içerki kanunçylygy we halkara normalaryny öwrendik. “Hýuman Raýts Wotç” we AHTI geçiren barlaglarynda gelnen netijeler barada düşündiriş bermegini teklip edip, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hat iberdi, emma oňa hiç hili jogap almady.
Ýaşaýyş jaýynyň doly ýykylýan pursatlaryDegersiz kompensasiýa
Türkmenistanyň “Hususy emläk” hakyndaky kanunynyň 29-njy maddasynda döwletiň hususy emlägi “diňe Türkmenistanyň kanunynda kesgitlenen ýagdaýlarda we düzgünde, emläk eýesine deň derejede emläk bermek ýa-da emläk hukugynyň kesilmegi netijesinde ýeten zyýanyň öwezini doly möçberinde tölemek bilen” alyp bilýändigi görkezilýär. 2013-nji ýylyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 27-nji maddasynda aýdylmagyna görä, döwlet we jemgyýetçilik zerurlygy esasynda ýer uçastogynyň alynmagy bilen baglylykda hususy ýaşaýyş jaýynyň göçürilen halatynda, “emläk eýesine, ýaşaýyş jaýy ýykylýança bu binalarda hemişelik ýagdaýda, onuň bilen bilelikde ýaşaýan maşgala agzalaryna…, emläk eýesiniň saýlamagy esasynda, deregine hususy eýeçilige başga deň derejeli amatlylykda gurlan ýaşaýyş jaýy berilýär ýa-da ýykylýan jaýyň, onuň kömekçi hojalyklarynyň, beýleki gurluşyklarynyň we ekin-dikininiň bahasyna barabar kompensasiýa tölenýär”.
Emma “Hýuman Raýts Wotç” we AHTI guramalaryna soňky bäş ýylda jaýlary ýykylan hususyýetçä gozganmaýan emläginiň deregine şeýle saýlap-seçmek hukugynyň berlen halaty asla mälim däl.Mundanam başga, häkimiýetleriň natural kompensasiýa beren ýagdaýlarynyň hem bir toparynda, gelip çykýan netijä görä, “deň bahaly” we “gowy gurlan” ýaşaýyş jaýlary berilmändir.
Muňa derek, paýtagtyň döwlet ýaşaýyş jaý fondlary uprawleniýesi (Goržiluprawlenýe) kompensasiýa hasaplananda doly bolmadyk maglumata esaslandy, ýagny gozganmaýan emlägiň diňe resmi hasaba alnan bölegini we diňe bu ýaşaýyş meýdanyna başda ýazylan adamlary hasaba aldy, emma maşgalanyň, jaýyň we ýeriň, şeýle-de ol jaýyň ýykylmagy netijesinde ýitirilýän beýleki emlägiň real möçberi baradaky aktual maglumaty nazara almady.
10-15 adamdan durýan hojalyklar kähalatda bary-ýogy iki, üç otagly kwartira aldylar, ýogsa Ýaşaýyş kodeksiniň 3-nji maddasynda maşgala berilýän ýaşaýyş jaýynyň her adama 12 kwadrat metr ýaşaýyş meýdanyndan az bolmaly däldigi görkezilýär.
Aýdaly, Galkowskileriň maşgalasynyň 2017-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň prezidentine ýazan hatynda aýdylmagyna görä, şäher häkimiýetleri şol aý olaryň 10 adamdan ybarat uly maşgalasyny, iki otagly kwartiralaryndaky ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna garaşyp ýaşan baraklarynda 4 otagly kwartira göçürdiler.
Maşgala göçmäge razylyk berýändigi baradaky dokumente gol çekmekden ýüz öwreninden soň, şäher häkimiýetleri derrew olary suda berdiler we şobada öz haýyrlaryna karar aldylar.
Alynýan gozganmaýan emläk köp ýagdaýda ýer uçastogy bolan jaýdan ýa-da birinji, ikinji gatda ýerleşýän gapdaly howluly, goşmaça jaýly kwartiralardan ybarat bolýar, bu jaýlar uly maşgalanyň çagalarynyň ulalmagy we özleriniň maşgala bolmagy bilen ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilen binalar.
Bu hili goşmaça gurluşyklar, ol ýa-da beýleki görnüşde, tomusky aşhanalary, wannaly otaglary, hammamlary, goşmaça ýatyş otaglaryny we hatda kiçijik aýrybaşga jaýjagazlary hem öz içine alýar we öý hojalygynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülýär. Ýaşaýyş kodeksiniň 27-nji maddasy natural görnüşdäki kompensasiýa hasaplananda goşmaça gurlan jaýlaryň ýaşaýyş meýdanlaryny hasaba almagy nazarda tutmaýar, emma kompensasiýa hususyýetçiniň saýlamagy bilen pul görnüşinde berlende, olaryň bahasyny hasaba alýar.
Emma hususyýetçilere beýle seçgi mümkinçiligi berilmedi.
2016-njy ýylyň ortalaryna çenli Aşgabadyň Gaža etrabynda uly gyzy we onuň 16 ýaşly çagasy bilen hususy jaýynda we onuň gapdalyndan gurlan goşmaça jaýda ýaşan gartaşan bir jübüdiň salnan ýagdaýy hem mysal bolup biler.
Gartaşan ene-ata esasy jaýy eýeleýär, olaryň gyzy bolsa çagasy bilen goşmaça gurlan jaýda ýaşaýar. Ýaşaýyş jaýyna kompensasiýa berlende, häkimiýetler diňe esasy jaýyň ýaşaýyş meýdanyny hasaplaýarlar hem-de bu maşgala diňe iki otagly kwartira berýärler.
2016-njy hut şu etrapda 17 adamdan ybarat hojalygyň ýykylan gozganmaýan emläginiň deregine iki otagly kwartira berlen halaty hem boldy.Bu hojalykda dört maşgala bardy, olar esasy jaýda we onuň gapdalyndan gurlan üç sany kiçijik goşmaça jaýda bilelikde ýaşaýardylar.
Häkimiýetler natural kompensasiýany hasaplanlarynda, görnüşinden, diňe esasy jaýyň ýaşaýyş meýdanyny hasaplapdyrlar.Häkimiýetler özleriniň bu hereketlerini esaslandyrmak üçin hamala 1985-nji ýyldan soň gurlan jaý meýdanlaryny kompensasiýa berilmeginden mahrum edýän normatiw akta salgylanypdyrlar, emma bu aktyň göçürmesini maşgala bermekden boýun gaçyrypdyrlar.
Bu ýer uçastogyndaky goşmaça gurluşyklar azyndan on ýyl bäri duransoň, şäher häkimiýetleriniň olaryň bardygyny bilmezligi akyla sygmaýar.Mundanam başga, görnüşinden, şäher häkimiýetleri öý hojalygynyň agzalarynyň ol jaýlardan peýdalanmagyna hiç hili garşylyk görkezmändirler. Ýagdaýdan habarly çeşmeleriň birnäçesiniň bize emele gelen ýagdaý barada beren maglumatyna görä, ýerli emeldarlar hususyýetçiler öz ýer uçastogynda goşmaça jaý gurmakçy bolýan adamlardan para talap edýärler.
Jemi üç maşgaladan durýan öý hojalygynyň gazalary (umumy hasapda 15 adam) 2015-nji ýylda Gažadaky jaýlary ýykylanda, ýeterlik derejede kompensasiýa alyp bilmedi.Olaryň gozganmaýan emlägi esasy jaýdan, soňky 20 ýylda maşgalanyň ulalmagy netijesinde gurlan goşmaça eýwandan, aşhanadan we hammamdan ybaratdy.
Olar goşmaça gurluşyklary şäheriň Tehniki inwentarizasiýa býurosynda hasaba aldyrmaga çalyşdylar, emma, öz aýtmaklaryna görä, häkimiýetler mundan boýun gaçyrdylar.
Şäher ýaşaýyş jaý uprawleniýesinde kompensasiýa hasaplananda, diňe esasy jaýyň ýaşaýyş meýdanyny hasapladylar we uly maşgala üç otagly kwartira teklip etdiler.Munuň maşgala agzalarynyň ählisiniň ýerleşmegi üçin ýeterlik däldigini düşündirmekçi bolanlarynda, emeldarlar olara kompensasiýa üçin berlen kwartirany öz aralarynda bölüşmek üçin suda şikaýat bilen ýüz tutmagy maslahat berdiler.
Maşgala prokuratura arza bilen ýüz tutdy, emma ol ýerde diňe esasy jaýyň ýuridiki taýdan resmileşdirilendigini, onsoň kompensasiýa çäginde berlen jaýyň şoňa barabardygyny aýdyp jogap berdiler.
Jaýynyň we ýer uçastogyndaky gurluşyklarynyň ählisiniň ýykylmagy, ýagdaý bilen tanyş çeşmäniň aýtmagyna görä, bu maşgalany ullakan gaýgy-gama batyrdy, sebäbi olar öz emläklerini we şol ýerde bolan ähli zatlaryny ýitirdiler, olaryň uly bag-bakjasy hem bardy. Şeýle-de bu maşgala, ogullarynyň birine jaý satyn almak üçin, bergiň-borja girmek ähtimallygyny hem aradan aýyrmady.
Emläk hukugyny ýitirmek
“Hýuman Raýts Wotç” we AHTI alynýan emlägiň deregine kompensasiýa hökmünde diňe şäher ýaşaýyş jaý uprawleniýesi tarapyndan hasaplanan ýaşaýyş meýdanyndan biraz köp meýdanly kwartiraynyň hödürlenmeginiň hem birnäçe mysalyny dokumentleşdirdi.
Bu edaranyň emeldarlary, azyndan bize belli bolan bir ýagdaýda, hususy jaýyň eýesinden kompensasiýa alýan kwartirasy bilen ýykylýan jaýynyň arasyndaky baha tapawudyny tölemegi talap edýärler we bu töleg 25 müň amerikan dollary möçberine ýetipdir.
Şol bir wagtda, Türkmenistandaky häzirki ykdysady ýagdaý we döwletiň subsidirlenen karz programmasynyň ýa ipotekasynyň bolmazlygy maşgalalary ol ýa-da beýleki çykalgasyz ýagdaýa saldy. Olar ýa teklip edilen şert bilen ylalaşmaly, ýa-da hiç bir öý-öwzarsyz halda galmaly boldy.
Birnäçe gezek prokuratura ýüz tutulanyndan soň, şäher häkimiýetleri bu hili maşgalalara täze jaýlara göçmäge rugsat berdiler, emma emläk dokumentleri aýdylan baha tapawudynyň ählisi töleninden soň berildi.Biziň öwrenen ýagdaýlarymyzyň aglabasynada bu iki ýyl çemesi wagt aldy, birinde bir ýarym ýyl wagt gerek boldy.
Netijede, adamlaryň alnan emlägiň deregine hödürlenýän ýaşaýyş jaýynyň baha tapawudyny tölemäge borçlandyrýan kompensasiýa shemasy emläk hukugynyň ýitirilmegine alyp geldi.
Şeýlelikde, 2016-njy ýylyň ortasynda Gažada iki maşgalanyň (jemi sany 10 adam) gozganmaýan emlägi alyndy. Olaryň hersine alnan jaýlaryndan has gymmat kwartiralary berdiler. Şäher ýaşaýyş jaý uprawleniýesinde olara bu jaýlary diňe baha tapawudyny tölänlerinden soň öz atlaryna geçirip, emläkleri hökmünde dokumentleşdirip biljekdiklerini aýtdylar.
Wiktoriýa Melihowanyň 2016-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň prezidentine açyk ýüzlenmesinde aýdylmagyna görä, oňa we aýal doganyna, Aşgabadyň Arçman köçesinde ýaşaýan jaýlaryna derek, şäher häkimiýetleri deň bahaly ýaşaýyş jaýyna derek ilki üç otagly kwartira hödürlediler.
Soňra dört otagly kwartira hödürlendi, emma goşmaça tölegi bilen.Melihowa şeýle ýazýar: “Biz iki sany aýry iki otagly kwartira soradyk, emma bize goşmaça 14 müň amerikan dollaryny tölemek bilen 4 otagly kwartira alyň diýip jogap berdiler, biz bu möçberdäki puly ýarym ýylda tölemeli”.
Olarda beýle pul ýok eken we netijede Melihowa adamsy we ogly bilen has kiçi kwartira razy bolmak hem-de ony aýal doganynyň maşgalasy bilen paýlaşmak galýar. Şol bir wagtda şäher häkimiýetleri täze jaýa Melihowanyň adamsyny we aýal doganyny ýazgy edýärler, ýogsa ýykylan jaý Melihowa miras hukugynda galypdyr.
AHTI we “Hýuman Raýts Wotç” guramalarynda ýene 2015-nji ýylda ýykylan jaýyna derek goşmaça tölegli has köp meýdanly jaý teklip edilendigi üçin şikaýat eden dokuz maşgala hakynda maglumat bar. Goşmaça tölegleriň möçberi dürli-dürli, emma ol maşgalalaryň hiç biriniň talap edilýän pula gurby çatmady.
Kompensasiýadan boýun gaçyrylmagy
“Hýuman Raýts Wotç” we AHTI guramalaryna 2015-nji ýylda hususy jaý eýelerine prinsipde ol ýa beýleki görnüşde kompensasiýa tölemekden boýun gaçyrylan halatlary barada hem maglumat gowuşdy.Bu hili ýagdaýlarda emlägiň uzak ýyllaryň dowamynda ulanylmak fakty ret edilmedi, emma häkimiýetler emläk hukugy baradaky hakyky dokumentleriň we beýleki tehniki kagyzlaryň bolmazlygyna salgylandylar, nägilelikler gurluşyga rugsadyň bolmazlygyndan başlap, eýeçilige berlen şahadatnama möhür basylan ýeriniň nädogrylygyna çenli aralykda dürli-dürli boldy.