HRW Türkmenistany ýitirim bolan geý erkegiň nirededigini aýdyňlaşdyrmaga çagyrýar

HRW Türkmenistany ýitirim bolan geý erkegiň nirededigini aýdyňlaşdyrmaga çagyrýar

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy türkmenistanly geý erkegiň ykbalyndan çuňňur alada bildirýär. “Türkmenistanda bir erkegiň öz jynsy ugruny jemgyýetçilige aýan edenden soň ýitirim bolmagyndan alada edilýär” diýip, HRW 1-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy. “Türkmen hökümeti Kasymberdi Garaýewiň tussaglykdadygyny ýa däldigini gyssagly aýdyňlaşdyrmaly we, eger ol tussagda bolsa, derrew boşatmaly hem-de onuň näme üçin saklanandygyny düşündirmeli” diýip, beýanatda nygtalýar. “Biz Kasymberdi Garaýewiň, öz jynsy ugruny aýan edeninden soň, hiç kime görkezilmän saklanylmagyndan çuňňur alada galýarys” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy. “Türkmenistandaky adam hukuklarynyň hopukdyryjy ýagdaýy, şol sanda zorlukly ýitirim edilmeler sebäpli, bizde onuň howpsuzlygy we aman-esenligi babatda alada galmaga ähli esas bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

AÝ/AR 21-nji oktýabrda Garaýewiň öz jynsy ugry barada beren gürrüňini çap etdi.Başda neşir, howpsuzlyk aladalary sebäpli, onuň şahsyýetini açmady.Garaýewiň 24-nji oktýabrda Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, özi hakyndaky makala çap edilenden soň, ol polisiýa tarapyndan gözlenip başlandy we birazdan soraga çagyryldy.

AÝ/AR onuň bilen aragatnaşygy polisiýa stansiýasyna barmazyndan 30 minut öň ýitirdi we şondan bäri Garaýewiň nirededigi bilinmeýär. “Türkmen hökümeti şol bir jynsdaky adamlaryň öz aralarynda ylalaşmagy esasynda edýän gatnaşyklaryny jenaýat hasaplamagyny bes etmeli we LGBT adamlaryny zorlukdan we kemsitmeden goramak çärelerini görüp başlamaly” diýip, Denber aýtdy. “Olar derhal Garaýewiň nirededigini we aman-esenligini anyklamak çärlerini görmeli” diýip, HRW-nyň resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan lukmanlaryny jynsy keseller barlagyndan geçirýär, raýatlary LGBT 'şugulçylygyna' çagyrýar
2024 - Türkmenistanda pasport almaga islegleriň we kynçylyklaryň güýçlenen ýyly
Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistany Allaberdiýewi azat etmäge çagyrýarlar
Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ylalaşygyny baglaşdy, adam hukuklary sorag astynda galýar
ÝB-niň sebitdäki adam hukuklaryna üns bermegine çagyrylýan wagtynda Mogherini Aşgabada barýar
Mogerininiň Aşgabada edýän saparynyň öňýany, HRW ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekdi