HRW: Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy gözgynylygynda galýar

HRW: Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy gözgynylygynda galýar

Türkmen hökümetiniň gözgyny adam hukuk tejribelerinde 2019-njy ýylda ösüş göze ilmedi diýip, Human Rights Watch (HRW) guramasy dünýädäki adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ýaýradan soňky ýyllyk hasabatynda aýtdy.Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň hasabatyna görä, Türkmenistan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de onuň ýaranlarynyň awtoritar häkimiýetiniň astynda repressiw hem-de üzňe ýurt bolmagynda galýar.

Hasabatda dünýäniň 100 töweregi ýurdunda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça maglumat berilýär. “2019-njy ýylda Türkmenistanda ykdysady krizis dowam etdi.Hökümet suw, gaz we elektrik energiýasy boýunça ýeňillikleri ýatyrdy.

Krizisiň içgin täsir eden regionlaryndan emigrasiýa çykmaklyk dowam etdi, ýöne häkimiýetler iş gözleginde daşary ýurtlara gidýän adamlaryň ýoluny baglamaga synanyşýar” diýip, hasabatda aýdylýar.Hasabata görä, Türkmenistanda hökümet rugsat berilmedik dini we syýasy garaýşyň ähli görnüşini ýowuz jezalandyrýar.

Maglumat elýeterliligine döwlet tarapyndan berk gözegçilik edilýär, garaşsyz adam hukuk toparlaryna rugsat berilmeýär. “Zor bilen ýitirim edilen onlarça adam, çak bilen, türkmen türmelerinde saklanýar” diýlip, hasabatda aýdylýar.Human Rights Watch Türkmenistanda media azatlygynyň düýbünden ýokdugyna hem-de Internetiň daşary ýurtlardan satyn alnan yzarlaýyş enjamlary bilen gözegçilik edilmegine ünsi çekýär, daşary ýurt media guramalarynyň ýurtdan maglumat almakdaky kynçylyklaryny nygtaýar. Ýatlasak, 2019-njy ýylyň ýanwarynda Azatlyk Radiosynyň geçiren derňewi türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň ýurtda Interneti çäklendirmekde “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň enjamlaryndan we ekspert maglumatlaryndan peýdalanýandygyny aňladýan alamatlaryň üstüni açypdy.

Hukuk guramasy Türkmenistanda garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa mart aýynda ýurtdan çykmagyň häkimiýetler tarapyndan gadagan edilip, awgustda oňa rugsat berilmegini, martda ýurtdan çykan Saparmämmet Nepesgulyýewiň ýurdy terk etmezden ozal yzarlamalara sezewar bolşuny hasabatyna goşdy.

Nepesgulyýew garaşsyz türkmen.news neşiri bilen hem-de Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. 652 sahypalyk raportyň Türkmenistandaky Raýat jemgyýetiniň ýagdaýyna bagyşlanan bölüminde ýurtda raýat aktiwistlerine häkimiýetler tarapyndan yzygiderli haýbat atylýandygy hasabat berilýär.

Hukuk guramasynyň hasabatynda Türkmenistanda adamlaryň hereket azatlyklarynyň häkimiýetler tarapyndan eden-etdilikli çäklendirilmegi, olaryň öý we emläk hukuklary, din-wyždan azatlygynyň gysylmagy bilen bagly gözgyny ýagdaýlar barada hasabat berilýär. Şeýle-de, hasabatda Türkmenistandaky syýasy tussaglar, zor bilen ýitirim edilenler hem-de türmelerdäki gynamalar barada maglumat berilýär. “Onlarça tussag maşgalalaryndan, hukukçylardan we daşky dünýäden, olaryň käbiri tas 17 ýyl bäri, tutuşlygyna üzňelikde zor bilen ýitirim edilmeginde galýar.

Olaryň ykbaly we nirededikleri barada maşgalalara resmi maglumat berilmeýär.Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleri bes etmäge bagyşlanan “Olary diri görkeziň!” halkara kampaniýasyna görä, 121 töweregi adam zor bilen ýitirim edilmeginde galýar” diýlip, hasabatda aýdylýar.

HRW-iň soňky ýyllyk hasabatynda nygtalşy ýaly, tutuş dünýäde adam hukuklaryny goramaga niýetlenen global mehanizme howp abanýar, howp esasan Hytaý hökümetiniň ýurt içinde adam hukuklaryny basgylamagyndan uç alýar.Hasabatda adam hukuklaryny goraýan global sistema Hytaýyň hökümetiniň barha wehim salýandygy nygtalýar.

Guramanyň ýerine ýetiriji direktory Kenneth Roth Hytaýyň halkara adam hukuklary boýunça sistema ekzistensial howp abandyrýandygyny aýtdy.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Emmanuel Makron: "Krizisler tapgyryndan geçýäris" diýdi
Eýranda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Ýens Stoltenberg, Galla Krizisiniň Çözülmeginde Uly Rol Oýnan Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
Eýranda Sil Sebäpli 18 Adam Pida Boldy
Galla Krizisi Çözülýär
ABŞ, Prezident Erdoganyň Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Edýän Tagallasyndan Hoşal