HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar

HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar

Türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky öz raýalarynyň pasportlaryny täzelemekden boýun gaçyrmagy olaryň hereket azatlygyna gatyşmaklyk bolýar we adamlary çynlakaý kynçylyklara sezewar edýär diýip, Adam hukuklary boýunça Türkmenistan Helsinki gaznasy we Human Rights Watch guramasy 11-nji noýabrda çap eden hasabatynda aýtdy.

“Men kapasada ýaly ýaşaýaryn: Türkmen häkimiýetleriniň Türkiýedäki türkmen raýatlaryny pasportlardan mahrum etmegi” atlandyrylýan 70 sahypalyk hasabat Türkmenistanyň daşary ýurtlarda öz raýatlarynyň pasportlaryny täzelemekden boýun gaçyrmagyny türkmen hökümetiniň öz raýatlarynyň hereket azatlygyny ýiti çäklendirmek tagallalary hökmünde düşündirýär. Şeýle tejribelere häkimiýetler tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli repressiýanyň bir bölegi hökmünde garalýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlarda pasportlary täzelmekden boýun gaçyrmagy zerarly, Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlarynyň dokumentsiz adamlara öwrülip, olaryň gündelik durmuşda duçar bolýan kynçylyklaryny dokumentleşdirdi.

Human Rights Watch Türkiýede wagtlaýyn ýa-da hemişelik esasda ýaşaýan 17 türkmenistanly bilen bu mesele boýunça söhbetdeşlik geçiripdir.Türkmenistan Helsinki gaznasy Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlary bilen geçirilen 40 sany interwýunyň mazmunyny Human Rights Watch bilen paýlaşypdyr.

Bulardan başga-da, HRW türkmen we türk hökümetleri tarapyndan çap edilýän resmi maglumatlary we beýanatlary, galyberse-de Türkmenistan we daşary ýurtlardaky türkmen migrantlary barasynda ygtybarly maglumatlary yzygiderli çap edýän garaşsyz media serişdelerindäki habarlary seljeripdir.

Türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlarda öz raýatlarynyň pasportlaryny täzeläp bermezligi netijesinde türkmenistanlylar öz ýaşaýan ýurtlarynda bikanun statusa düşýärler. Bu ýagdaý olaryň kadaly iş şertleri, ýaşaýyş jaý we saglyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini çäklendirýär, migrantlaryň çagalary bilim we okuw mümkinçiliklerinden mahrum goýulýar.

Türkmen konsullyklary daşary ýurtlarda pasportlarynynyň möhleti dolan türkmenistanlylardan ýurda dolanmagy we Türkmenistanyň çäginde pasportlaryny täzeletmegi talap edýär. Ýöne adam hukuklaryny goraýjylar ýurda dolanýan türkmenistanlylaryň köplenç gaýtadan daşary ýurtlara çykarylmaýan halatlarynyň köp bolýandygyny, galyberse-de ýurduň çäginde pasportlaryň möhletini uzaltmagyň örän uzaga çekip bilýändigini tassyklaýarlar.

“Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar pasportlaryny täzeletmek üçin Türkmenistana dolananlarynda gaýtadan ýurtdan çykyp bilmezlik töwekgelçiligi bilen ýüze-ýüz bolýarlar.Sebäbi, ýa täze pasport almaklyk uzak wagt talap edip bilýär, ýa-da türkmen hökümeti yzygiderli görnüşde adamlaryň daşary ýurtlara syýahat etmek erkinligine gatyşýar. Şonuň üçin, adamlar pasportlaryny täzeletmek üçin, eger Türkmenistana dolansalar, ýurtdan çykyp bilmeris öýdüp, çynlakaý gorkýarlar we alada edýärler” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber (Rachel Denber) Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Ol bu gorkularyň ýerliksiz däldigini we anyk mysallara esaslanýandygyny, şu wagta çenli türkmen häkimiýetleriniň hiç hili düşündiriş bermezden raýatlary halkara uçar gatnawalaryna goýbermedik pursatlarynyň köp bolandygyny we bu ýagdaýyň ilat arasynda hem oňat bilinýändigini aýtdy.

Denber türkmen migrantlarynyň Türkiýede öz paspoartlaryny uzaldyp bilmän, kyn şertlere sezewar bolýandyklaryny, olaryň bir topar mümkinçiliklerden mahrum bolup, bu ýurtda kanuny ýaşaýyş rugsadyna-da ýüz tutmak hukuklaryny ýitirýändiklerini gürrüň berdi.

“Olar [Türkiýede] ýaşaýyş rugsatlaryny uzaldyp bilmeýärler, kadaly iş mümkinçiliklerinden mahrum bolýarlar, umuman, bu hakykatdan-da adamlary garaňkyda ýaşamaga iterýär we agyr güne salýar” diýip, ynsan hukuklaryny goraýjy aýtdy.

Hasabata görä, Türkiýedäki konsullyk resmileri türkmen raýatlarynyň pasportlarynyň diňe Türkmenistanda ýazgyda duran ýerlerinde täzelenip bilinýändigini aýdýarlar, ýöne şeýle talaplara kanun esasynda düşündiriş berip bilmeýärler.

“Olar türkmen raýatlarynyň Türkiýede doglan çagalaryna dogluş hakyndaky şahadatnamalaryny bermekden hem boýun gaçyrýarlar” diýip, hasabat aýdýar we şeýle şahadatnamalary almak üçin hem Türkmenistana dolanyp barmagyň talap edilýändigine ünsi çekýär.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň sanlaryna görä, bu ýurtda 200 müň çemesi türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Ýöne ynsan hukuklaryny goraýjylar we aktiwistler bu ýurtda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň has köp bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklar soňky ýyllarda köp sanly türkmen raýatyny iş, eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iterdi. Bu ýagdaýa parallel häkimiýetler şeýle meýilleriň öňüne geçip, bu ugurda dürli çäreleri durmuşa geçirýärler.

Ýatlasak, Türkiýe Respublikasy 2022-nji ýylda Aşgabadyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlaryna wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy.

Reýçel Denber Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Human Rights Watch guramasynyň Türkmenistanyň hökümetine öz raýatlarynyň pasportlaryny daşary ýurtlardaky türkmen konsullyklarynyň üsti bilen täzeläp bermek boýunça teklipnamalary hödürleýändigini, şeýle-de migrantlaryň ýaşaýan ýurtlaryndaky häkimiýetlere bolsa, türkmenleri deport etmezlik, olara hukuk hyzmatlaryny hödürlemek ýaly teklipnamalary hödürleýändigini aýtdy.

“Türkmen hökümeti konsullyk hyzmatlarynyň üsti bilen raýatlaryň pasportlaryny täzeläp bermeli. Sebäbi, bu ýagdaý hereket azatlygyna bolan hukugyň örän möhüm bölegi bolup durýar” diýip, Denber aýtdy.

Human Rights Watch guramasy Türkmenistanyň hereket azatlygy babatynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna-da ünsi çekýär.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda goşulan halkara şertnamalary, hususan-da Raýat we syýasay azatlyklar boýunça halkara konwensiýasy hereket azatlygynyň hem-de beýleki azatlyklaryň goralmagyny talap edýär. Degişli konwensiýasynyň 12-nji maddasy adamlaryň hereket azatlygyna bolan hukugyny kepillendirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýändigini hem-de bu hukuklaryň Konstitusiýa we beýleki kanunlar bilen kepillendirilýändigini aýdýar.

Ýöne ýurduň Baş Kanuny adamlaryň we raýatlaryň halkara çäklerdäki hereket azatlygyna bolan hukuklaryny göni agzamaýar.

Konstitusiýanyň 39-njy maddasy her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugynyň bardygyny aýdýar, ýöne halkara çäklerdäki hereket azatlygyny agzamaýar.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denýer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurtlara gitmek we daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanyp gelmek hukuklarynyň ýurduň Migrasiýa hakyndaky kanunçylygy bilen kepillendirilýändigini aýtdy.

“Türkmenistan öz raýatlarynyň pasportlaryny daşary ýurtlarda täzeläp bermekden boýun gaçyrmak bilen Raýat we syýasy azatlyklar boýunça halkara konwensiýasynda hereket azatlygy bababatynda öz üstüne alan borçnamalaryny bozýar.Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komiteti hem hereket azatlygyna bolan hukugyň syýahat resminamalaryny almaga bolan hukugy hem öz içine alýandygyny açyk aýdýar.

Olar hökümetiň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlara pasport bermekden boýun gaçyryp bilmeýändigini hem açyk aýtdylar.Häkimiýetler bu meselede adamlardan ýurda dolanmagy hem talap edip bilmeýärler. Şeýle hyzmatlar bilen üpjün etmeklik örän aýdyň borçnama bolup durýar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky öz kanuny hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda pasportlaryny täzeläp bilýändiklerini aýdýar” diýip, Reýçel Denber aýtdy we bu meselede türkmen häkimiýetleriniň hödürleýän argumentleriniň ýerliksizdgine ünsi çekdi.

“Kanun şeýle diýýär. Türkmen häkimiýetleri hem kanunyň şeýle diýýändigini ykrar edýärler. Ýöne türkmen häkimiýetleri pasportlaryň çipli bolandygyna, olaryň biometriki maglumatlary özünde jemleýändigine salgylanyp, pasportlaryň diňe Türkmenistanyň çäginde täzelenip bilinýändigini öňe sürmäge çalyşýarlar. Ýöne bu dogry däl ahyryn!” diýip, ynsan hukuklaryny goraýjy aýtdy.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň iň esasy meseleleriniň biri bolan pasport mesele indi ençeme ýyllardan bäri dowam edýär. Azatlyk Radiosy mundan ozal pasport we kanuny ýaşaýyş rugsatnamalary bilen baglylykda Türkiýeden Türkmenistana deport edilen türkmen raýatlary barada hem habar berdi.

Azatlyk Radiosy daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň pasportlardan mahrum edilmegi barada Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

2024 - Türkmenistanda pasport almaga islegleriň we kynçylyklaryň güýçlenen ýyly
“Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň
HRW aktiwist Azat Isakowyň azat edilmegine çagyrýar
HRW türkmen aktiwistleriniň deportasiýasyny togtatmagy talap edip,Türkiýäniň hökümetine ýüzlendi
Hukuk topary Türkiýäni türkmen aktiwistlerini deportasiýa etmezlige çagyrýar
Diňle: Türkmenistan daşardaky raýatlaryny pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar - HRW