HRW: Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlaşdy

HRW: Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlaşdy

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň häkimiýetleri 2024-nji ýylda başgaça pikirlenýänlere garşy basyşlary we söz azatlygyna bolan gözegçiligi güýçlendirip, has köp hökümet tankytçylaryny, aktiwistleri we žurnalistleri tussag etdi, käbir ýagdaýlarda reforma wadalarynyň aňyrsynda gizlendi diýip, Human Rights Watch guramasy 2025-nji ýyldaky Bütindünýä hasabatynda (World Report 2025) aýdýar.

“2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň häkimiýetleri tankydy pikirleri aýdýan aktiwistleri we žurnalistleri gorkuzmagy, olara azar bermegi we yzarlamagy güýçlendirdi” diýip, HRW-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa müdiri Hugh Williamson belledi 16-njy ýanwarda ýaýradylan beýanatda belleýär.

Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynda barha köp aktiwist diňe söz azatlygy ýa-da parahatçylykly oppozisiýa işjeňligi hukuklaryny ulanandygy üçin türmä basylýarka, olaryň ýagdaýyna ünsi çekmegiň we boşadylmagy üçin basyş etmegiň örän möhümdigini hem nygtady.

Hasabatyň Türkmenistana degişli bölüminde türkmen hökümetiniň erkin pikir beýan etmäge we maglumat elýeterliligine doly gözegçilik etmekde berk çäklendirmeleri saklap galandygy aýdylýar.

“[Türkmenistan] käbir raýatlaryň daşary ýurda gitmegini esassyz we sebäpsiz gadagan etmegi dowam etdirdi we daşary ýurtdaky konsullyklarynda täze pasport bermekden ýüz öwürdi. Häkimiýetler daşary ýurtlarda ýaşaýan we Türkmenistana deportasiýa edilen birnäçe adamy saklady we tussag etdi” diýlip, hasabatda bellenilýlär.

HRW özüniň 546 sahypalyk hasabatynda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan indi maslahat etmeli däl-de, herekete geçmeli”
Türkmenistanda “gülençi” diýilýänleriň sudy “adalatsyz boldy”
HRW: Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlaşdy
В ТУРКМЕНИСТАН ПРИБЫЛА МИССИЯ НАБЛЮДАТЕЛЕЙ ОТ ОБСЕ
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramanyň reýtingine girdi
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk