HRW aktiwist Azat Isakowyň ykbalyny açyklamagyny we boşadylmagyny Türkmen häkimiýetlerinden talap etmäge ÝB we ABŞ çagyrýar

HRW aktiwist Azat Isakowyň ykbalyny açyklamagyny we boşadylmagyny Türkmen häkimiýetlerinden talap etmäge ÝB we ABŞ çagyrýar

Russiýa Fedarasiýasynda ýaşaýan Azat Isakow oktiýabr aýynyň ahyrlarynda dereksiz ýitipdi. Ol 20-nji oktiýabrda polisiýanyň özüni almaga gelendigini habar bermäge ýetişipdi we şondan soňra ondan habar bolmady.

Mundan soňra Türkmenistanyň dereksiz ýiten raýatyny gözlemek bilen bagly hata jogap beren RF-niň IIM-niň wekili Azat Isakowyň 22-nji oktiýabrda Türkmenabada uçandygyny сообщил habar berdi.

Bu barada aladasyny adam hukuklary boýunça halkara Human Rights Wotç giramasy beýan etdi. Mundan owal aktiwist özüniň Türkmenistanda ýaşaýan garyndaşlaryna ýurdyň ýörite gulluklaryndan haýbat atmalaryň birnäçe gezek bolandygyny habar beripdi. Olar Azadyň çykyşlaryny togtatmagyny talap edipdirler.

HRW-iň beýannamasynda aýdylmagyna görä, Isakow watana dolanmak islemeýändigini ençeme gezek aýdypdy. Türkmenistanyň howa ýollary arklay ähli uçuşlary togtadandygy üçin Azadyň nädip ýurda dolanandygy belli däl. Mundan başgada, onuň pasporty ýok we pasportsyz uçara münmek mümkin däl.

“Aktiwistiň Rusýadan Türkmenistana äkidilendigi bilen bagly sowallar köp. Emma, onuň häzirki döwürde tussaglykda oturandygyna şübhe ýok we ol zorlukly dereksiz ýitmäniň bir pidasy boldy. Azada türkmen türmelerinde giň ýaýran gynamalar we gazaply ýüzlenmeler howp salýar”diýip HRW belleýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar Isakowyň nirededigini tizden-tiz habar bermäge we ony boşatmaga Türkmenistanyň hökümetini çagyrýarlar.Olar hut şeýle çagyryşy türkmen wekilleri bilen ynsan hukuklary babatda her ýyl duşuşyklar geçirýän Amerikanyň prezidenti Jozef Baýdeniň we Ýewropa bileleşiginiň edaralarynyň hem etmelidigini belleýärler.The post HRW aktiwist Azat Isakowyň ykbalyny açyklamagyny we boşadylmagyny Türkmen häkimiýetlerinden talap etmäge ÝB we ABŞ çagyrýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
Gyrgyzystan we Täjigistan ýaragly çaknyşyklardan soň harbylaryny serhetden yza çekdi
HRW: Türkmenistan 2020-nji ýylda agyr ykdysady we sosial krizisi başdan geçirdi
HRW: Türkmenistan 2020-nji ýylda agyr ykdysady we sosial krizisi başdan geçirdi
Iýmitlenmek hukugy. Marynyň ýaşaýjylary ir sagat 4-den başlap azyk nobatyna durýarlar
2020-2021-nji ýyllar: pandemiýanyň getiren agyr ýagdaýy awtoritarizmi güýçlendirýär