HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer

HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer

Ähli ýurtlaryň jemi döwlet bergileri şu ýylda 100 trln dollardan geçer, bu dünýä Jemi içerki önüminiň 93 göterimine golaýyny düzer. Bu barada TASS habarlar gullugy Halkara Pul Gaznasynyň nutugyna esaslanyp habar berdi.

Gaznanyň nutugynda onýyllygyň aýagyna çenli ählumumy berginiň möçberiniň dünýäniň JIÖ-niň 100 göterimine çenli ösüş görkezjekdigi çaklanýar.

Şunda çaklamalara görä, bergi ýurtlaryň üçden iki böleginde durnuklaşar ýa-da azalar, emma ol şonda-da pandemiýadan öň çak edilişindäkiden has köp bolar.

Soňky onýyllyklarda býujetiň meseleleri babatdaky syýasy jedeller köp halatda hökümetiň uly çykdajylarynyň haýryna ýykgyn edýär diýlip, nutukda nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
HPG: BRIKS ýurtlary dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegini üpjün eder
HPG 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşini çaklady
HPG: Türkmenistanyň JIÖ ösüşiniň hakyky derejesi aýdylanynyň üçden birine hem ýetmedi
Diňle: HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklary - 'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär'