HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär

HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär

Halkara pul gaznasy (HPG) dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy boýunça çap eden soňky hasabatynda Türkmenistanda Jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depginini 2022-nji ýyl üçin 1,6 göterim hökmünde hasaba aldy. Hasabata görä, Türkmenistanda Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2023-nji ýylda 2,5 göterim, 2024-nji ýylda 2,1 göterim bolmagyna garaşylýar.

Bu sanlar Türkmenistanyň hökümetiniň Jemi içerki önümiň ösüş derejesi babatynda hödürleýän resmi sanlaryna çapraz gelýär. Hakyky sanlar resmi sanlardan birnäçe esse pes bolup, türkmen hökümeti 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bu görkezijiniň 6,2 göterime deň bolandygyny we durnukly saklanylýandygyny habar berdi.

Beýleki bir abraýly halkara maliýe guramasy, Bütindünýä banky oktýabryň başlarynda Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleri boýunça çap eden nobatdaky hasabatynda ýene bir gezek Türkmenistany resmi sanlaryň ygtybarsyzdygy zerarly hasabatdan çykardy. Bu gurama eýýäm soňky birnäçe ýyl bäri, has anygy, azyndan iki ýyl bäri, türkmen statistikasynyň hödürleýän resmi sanlarynyň ygtybarsyzdygyny aýdyp, bu ýurdy öz hasabatyna goşmaýar.

“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan ýurtlar boýunça makro ykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, Bütindünýä bankynyň iň soňky hasabatynda bellenilýär.

Biraz öň, sentýabryň ahyrynda Halkara pul gaznasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň hödürleýän statistikalary boýunça geçiren barlag işlerini çap etdiler. Omar Baýar we Lewan Gogoberişwili awtorlygynda taýýarlanan iri göwrümli ylmy-gözleg işinde Türkmenistanyň 2008-2020-nji ýyllar aralygyndaky ykdysady görkezijilerine syn berilýär we türkmen statistikasynyň kemçilikleri seljerilýär.

Programmamyzyň nobatdaky sany halkara maliýe guramalarynyň Türkmenistan babatdaky statistakalary bilen türkmen hökümetiniň resmi sanlarynyň arasyndaky çaprazlyga syn etmäge çalyşýar.

Halkara maliýe hasabatlary we türkmen hökümetiniň ösüş sanlary baradaky gepleşiklerimiz iki bölümden ybarat bolar. Biz bu gepleşikde statistiki hasabatlara aň etmäge synanyşyk edip, öňümizdäki gepleşikde Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň toplan maglumatlarynyň esasynda, megerem, ne halkara, ne-de resmi hasabatlarda orun tapýan ilatyň hakyky durmuş-ykdysady şertleri barada söhbet ederis.

Türkmen hökümeti özüniň giňişleýin mejlislerinde ýygy-ýygydan statistiki sanlara salgylanýar.Türkmen telewideniýesinde ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylandygy aýdylýan, ýöne halkara hasabatlardan hem-de sada raýatlaryň gündelik ýüzbe-ýüz ýyl bolýan ykdysady kynçylyklaryndan çen tutulsa, çişirilene meňzeýän iri-iri ösüş sanlary getirilýär.

Aýdaly, bir pudakda, meselem geçen ýyllaryň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende, 113 göterim ösüş gazanylan bolsa, beýleki bir pudakda 148 göterim, ýene bir pudakda 220 göterim ösüş gazanylýar.

Sözümiz gury bolmaz ýaly käbir mysallara salgylanaly: meselem, Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hasabat berilmegine görä, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 291,4 göterime barabar boldy.

Dogry, belki-de, geçen ýylyň degişli döwründe global koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy bilen bu ulgamdaky ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwründe pes bolan bolmagy mümkin. Ýöne, meselem, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamalarynyň 269,3 göterim ýerine ýetirilmegine nähili düşünmeli?

Haýsy maýa goýumlar?

Gök önümleri öndürmegiň ösüş depgini 129,6 göterime, bakja önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 115 göterime, ýeralma önümçiliginiň ösüş depgini 117,4 göterime, ir-iýmişleri öndürmegiň ösüş depgini 102,5 göterime deň bolupdyr.

Sanlary has sadalaşdyryp aýtsak, Türkmenistanda hasabat döwründe has köp gök önüm, has köp bakja önümi, has köp ýeralma we has köp ir-iýmiş öndürilipdir. Ýeralma bakja ekinlerine girýär, ýöne şonda-da onuň ösüş depgini baradaky hasabat aýratyn hödürlenipdir.

Haýsy ir-iýmişleriň önümçiligi artdy, haýsy gök-bakja ekinleriniň bolçulygy emele geldi?!Bu soraglara hökümet maslahatlaryndan jogap tapmak kyn.

Ýöne Türkmenistan babatdaky iň hakyky ykdysady görkezijileri, belki-de, ne halkara maliýe guramalary, ne-de türkmen hökümeti hödürläp bilýär.Iň hakyky maliýe-ykdysady görkezijiler, hususan-da, Türkmenistanda diňe bazarlarda äşgär bolýar.

Bazarlarda bolsa gymmatçylyk dowam edýär.Has köp gök-bakja önümleri öndürilen bolsa, ýurtda has köp ir-iýmişler öndürilen bolsa, näme üçin bu ýagdaý bazarlardaky bahalara täsir etmeýär. Ýa-da öndürilýän harytlaryň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport edilýärmi?

Daşary ýurtlara eksport edilýän bolsa, olardan gazanylýan girdejiler nirä gidýär?Näme üçin ilatyň bir bölegi heniz hem döwlet dükanlaryndaky ýeňillikli azyk paýlaryna mätäç galýar?Näme üçin ilatyň agramly bölegi ýurtda bina edilýän döwrebap hassahanalarda bejergi alyp bilmeýär?

Näme üçin ýüzlerçe müň türkmenistanly iş-eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýar?Aýdaly, köp sanly migrant has oňat durmuş gözleginde daşary ýurtlara gidýär diýeli, onda näme üçin şol has oňat we amatly durmuş şertleri okgunly ösüş sanlary bolan Türkmenistanda ýurduň içinde döredilmeýär?

“Türkmenhowaýollary” 291 göterim ösüş gazanypdyr. Eýsem, bu sanlar daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň satyn alýan halkara biletleriniň hasabyna ýokarlandymy? Ýa-da pandemiýa çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagy bilen, ýurda dolanýan raýatlaryň satyn alýan biletleriniň möçberiniň ýokarlanmagy bilen ösüş meýline eýe boldumy?

“Türkmenhowaýollary ýanwar-iýul aýlarynda dokuz diş kem 300 göterim ösüş gazanypdyr. Ýa biletler gymmatlady, ýa ýolagçy köpeldi, ýa gatnaw köpeldi, ýa täze ýük gatnawlary açyldy, ýa-da uçarlaryň sany köpeldi... Belli däl! Ýöne resmi sanlarda dokuz diş kem, 300 göterim ösüş bar.

“Ygtybarly resmi statistikalar töwerekleýin ykdysady seljermeleriň hem-de syýasat ýöretmegiň özenini emele getirýär, bu bolsa, öz gezeginde berk, durnukly we deňagramly ykdysadyýeti kemala getirmek üçin möhüm bolup durýar” diýip, Halkara pul gaznasynyň hünärmenleriniň awtorlygynda taýýarlanylyp, 29-njy sentýabrda çap edilen ylmy işde aýdylýar.

“Muňa garamazdan, ençeme ýurtlar özleriniň Jemi içerki önüm statistikalarynda kemçiliklerden ejir çekýärler we ykdysadyýet babatynda dogry netijä gelmek tagallalaryny çylşyrymlaşdyryp, ýalňyş syýasatlara ýol berýärler” diýip, ylmy-barlag işiniň awtorlary aýdýar.

Barlag işinde Türkmenistan babatynda hakykata ýakyn statistiki ösüş sanlaryny anyklamak üçin awtorlar resmi sanlar bilen bir hatarda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda portalynda (UN Comtrade) türkmen eksportlary we importlary boýunça bellige alnan sanlardan, şeýle-de walýutanyň resmi kursa parallel alyş-çalyş bahasyny kesgitlemek üçin garaşsyz, resmi maglumatlara alternatiw çeşmelerden, (şol sanda Azatlyk Radiosynyň maglumatlaryndan) hem ugur alypdyrlar.

Hünärmenler, meselem, ýurduň hakykata ýakyn Jemi içerki önüminiň ösüş depginini hasaplamak üçin, oba hojalyk önümleri boýunça hatda emeli hemra maglumatlaryna, şeýle-de, üçünji taraplaryň çaklamalaryna-da salgylanypdyrlar.

Garaz, biz maglumaty çylşyrymlaşdyrmazdan, gysgaça, sadalaşdyryp aýdanymyzda, hasabatyň awtorlary Türkmenistanyň hödürleýän resmi sanlaryny sorag astyna almaga mümkinçilik berýän ähli elýeterli gurallardan peýdalanmaga synanyşypdyrlar.

Hasabata görä, Türkmenistan babatyndaky, hususan-da ýurduň Jemi içerki önüminiň ösüş depgini babatyndaky resmi sanlaryň elýeterliligi we ygtybarlylygy bilen bagly aladalar halkara guramalary, maliýe edaralary, ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum hyzmatdaşlary hem-de baha beriş agentlikleri tarapyndan öňden bäri dillendirilýärdi. Şeýle aladalar COVID-19 pandemiýasynyň birinji ýylynda türkmen resmileriniň, halkara we sebitleýin tejribeleriň tersine, okgunly ykdysady ösüş ritorikasyny dowam etdirmegi bilen has-da güýçlendi.

Meselem, ylmy-barlag işinde halkara tejribelere laýyklykda, bir ýurtda adatdan daşary hadysalar emele gelen halatynda importlaryň pese gaçmagy, muňa parallel Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň birden düýpli peselmegi mysal getirilýär.

Aýdaly, 2011-nji ýylda Liwiýada bolup geçen protestler döwründe, bu ýurtda importlar 50 göterim pese gaçýar.Bu ýagdaýa parallel Liwiýanyň Jemi içerki önüminiň ösüş depgini 66,7 göterim peselýär. Ýa-da Wenesualleada 2002-nji ýylda bolan durmuş-ykdysady we syýasy krizis döwründe ýurduň importlary 50,1 göterim peselip, bu ýagdaýa parallel ýurduň Jemi içerki önüminiň ösüş depgini öňküsinden 17 göterim pese gaçypdyr. Ýa-da bolmasa, Moldowada 1999-njy ýylda geçirilen konstitusion referendum döwründe ýurduň importlary 43 göterim pese gaçyp, bu ýagdaýa parallel Jemi içerki önümiň ösüş depgini hem öňküsinden 3,4 göterim aşaklapdyr. Ýöne Türkmenistanda 2018-nji ýylda hakyky importlaryň görkezijisi 48,7 göterim peselip, muňa garamazdan, hemmeleriň tersine, ýurduň Jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanyp galypdyr.

Ýatlasak, 2018-nji ýylda Türkmenistanda ykdysady krizis has-da ýitileşdi.Daşary ýurt walýutasynyň hakyky alyş-çalyş bahasy resmi kursdan ymykly arany açdy.Türkmenistanda emele gelen bu ýagdaý ýurduň şol wagtky iň iri gaz müşderileriniň biri bolan Russiýanyň türkmen gazyndan ýüz öwürmeginiň yz ýanyna, şeýle-de ýangyç serişdeleriniň global bahalarynyň ymykly arzanlaýan pursatlaryna gabat gelipdi. Şol gabatlar, Türkmenistanda ykdysady krizis ýitileşýän mahaly, ýurduň syýasy sahnasynda hem häkimiýetiň geçirilmegi bilen bagly taýýarlyk işleri göze ilip başlapdy.

Ýöne Türkmenistanda emele gelen krizis ters döwre gabat geldi. Ýitileşen krizis 2020-nji ýylda Hytaýdan uç alan koronawirus pandemiýasynyň getiren durmuş-ykdysady netijeleri bilen utgaşdy.Munuň yz ýany, pandemiýanyň gowşan gabatlary, 2022-nji ýylda Türkmenistanda häkimiýet çalyşdy. Ýöne dünýädäki agdar-düňderlik dowam etdi.

Global koronawirs pandemiýasynyň yz ýany, 2022-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň iň ýakyn, belki-de iň esasy strategiki hyzmatdaşy bolan Russiýa goňşusy Ukraina goşun girizdi.Muňa parallel, Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşy bolan Russiýa halkara sanksiýalara sezewar boldy. Şeýle-de, 2022-2023-nji ýyllarda Merkezi Aziýa sebitinde, hususan-da Gazagystanda, Özbegistanda we Täjigistanda ganly halk gozgalaňlary bolup geçdi. Şeýle alasarmyk ýagdaýlaryň fonunda Türkmenistanyň syýasy sahnasynda prezident wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa geçiren Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet jylawyny elden bermän, ygtyýarlygy güýçlendirilen Halk maslahatynyň başyna geçip, “ýokary lider” hökmünde ýurdy dolandyrmagy dowam etdirdi.

Ýöne ýurtda ykdysady şertler aňsat-aňsat kadalaşmady. Walýutanyň goşa bahasy saklanyp galdy. Bazarlardaky gymmatçylyk dowam etdi. Döwlet ýolbaşçylarynyň daşary ýurt maýasyny çekmek synanyşyklary, görnüşinden, gümürtik galdy. Ilatyň satyn alyjylyk ukyby pes bolmagynda galdy. Sebäbi, zähmet haklary bilen harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň arasynda uçurym emele geldi.

Dogry, ilatyň durmuş goraglylygy bilen baglylykda pensiýalar we döwlet kömek pullary dowam etdi, zähmet haklary her ýyl 10 göterim ýokarlandyryldy. Ýöne ýokarlanýan zähmet haklary, ilat arasynda aýdylşy ýaly, keýigiň şahyna çykan bahalar bilen bäsleşmekden ejiz geldi.

Türkmenistanyň Merkezi banky ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýöne gara bazarda bahalar resmi kursdan 5-6 esse ýokarda galýar.

“Türkmenistanda resmi alyş-çalyş bazaryndan daşardaky geçirimler bikanun hasaplanýar. Ýöne, muňa garamazdan, walýutanyň parallel alyş-çalyş bahasynyň traýektoriýasy tutuş ykdysadyýetiň basyş astyndadygy, daşarky hasaplaryň basyş astyndadygy babatynda esasly görkeziji hökmünde kabul edilýär” diýip, Halkara pul gaznasynyň hünärmenleri aýdýar.

Ylmy-barlag işine görä, Türkmenistanda walýutanyň parallel nyrhy ýerli bahalara agram salýar, şeýlelikde, hojalyklardaky sarp ediş meýillerine oňaýsyz täsir edýär. Parallel bahalar ýurduň hakyky Jemi içerki önüminiň ösüş depginini hasaplamaga ýardam berýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanda walýutanyň goşa bahasynyň bolşy ýaly, Jemi içerki önümiň hem goşa ösüş depgini hasaba alynýar.

Hökümet Jemi içerki önümiň ösüş depginiň 6,2 göterimde durnukly saklanyp galýandygyny gaýtalaýar. Ýöne Halkara pul gaznasy 2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Jemi içerki önüminiň ösüşini resmi sanlardan 2,5 esse töweregi aşakladyp, 2,5 göterim hökmünde çaklaýar.

Bu aralykda, Gaznanyň hünärmenleri Türkmenistanda walýutanyň parallel bahasyny kesgitlemekde garaşsyz çeşmeleriň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň maglumatlaryndan peýdalanypdyrlar.

Jemi içerki önüm köp bolmanda näme, az bolanda näme? Kime näme tapawudy bar? Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagy ýa-da pes bolmagy sada halka nähili täsir edýär?

Kadaly ýurtlarda Jemi içerki önüm ýurduň ykdysadyýetiniň nähili ösendigini, ýa-da peselendigini görkezýän esasy görkeziji bolup durýar.

Kadaly ýurtlarda Jemi içerki önümiň derejesiniň ýokarlanmagy köplenç halkyň harytlar we hyzmatlar üçin has köp pul harçlaýandygyny, iş orunlarynyň döredilýändigini, munuň netijesinde döwletiň salgyt girdejileriniň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Munuň tersine, Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň peselmegi ýurduň ykdysady kuwwatynyň peselýändigini aňladýar we bu bolsa iş ýerleri üçin hem-de işgärler üçin gowulyk getirmeýär.

Jemi içerki önüm bir ýurtda degişli döwürde öndürilen harytlaryň hem-de hyzmatlarynyň umumy bahasyny aňladýar.

Meselem, ösen döwletleriň Jemi içerki önümleriniň görkezijilerine salgylansak, Birleşen Ştatlarda 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Jemi içerki önümiň ösüş depgini 2,1 göterim boldy. Ýa-da, Germaniýanyň Jemi içerki önüminiň ösüş depgini 2023-nji ýyl üçin minus -0,5 göterim peseldi. 2023-nji ýyl üçin bu görkeziji Fransiýada 1 göterim, Ýaponiýada 2 göterim, Russiýada 2,2 göterim we Türkiýede 4 göterim boldy.

Türkmenistanyň hökümeti JIÖ 6,2 göterim diýýär, ýöne Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň bu görkezijisi 2023-nji ýyl üçin hakykatda 2,5 göterim diýýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan JIÖ-niň depgini Gazagystanda 4,6 göterim, Özbegistanda 5,5 göterim, Gyrgyzystanda 3,4 göterim we Täjigistanda, Halkara pul gaznasyna görä, 6,5 göterim.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martyndaky inaugurasiýa çykyşynda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigini aýtdy. Prezident bu öňe sürmelerini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk maslahatynda ýene bir gezek gaýtalap, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini aýtdy.

Ýöne halkara maliýe guramalary, şol sanda Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky Türkmenistanyň hökümetiniň hödürleýän resmi sanlarynyň ygtybarly däldigini aýdýar.

Biz bu temany gepleşigimiziň öňümizdäki sanynda hem dowam etdireris.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
HPG 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşini çaklady
HPG: Türkmenistanyň JIÖ ösüşiniň hakyky derejesi aýdylanynyň üçden birine hem ýetmedi
'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär': HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklary
HPG: BRIKS ýurtlary dünýäniň ykdysady ösüşiniň üçden bir bölegini üpjün eder
Diňle: HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklary - 'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär'