
Halkara Pul gaznasynyň häzirki başlygy Kristalina Georgiýewa gaznanyň paýlaýjy-direktory wezipesine ýeke-täk dalaşgär görkezilipdi. HPG-niň Ýerine ýetiriji geňeşi ony ikinji bäşýyllyk möhlete saýlamak barada çözgüt kabul etdi diýip, Kun.uz neşiri ýazýar.
Georgiýewanyň wezipesindäki ikinji möhleti 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda başlanar. Ol bu wezipede 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda işläp gelýär.
Kristalina Georgiýewa Bolgariýanyň raýaty. 1953-nji ýylda Sofiýa şäherinde doguldy. Ykdysadyýet ugrundan ýokary bilimli, doktorlyk dissertasiýasyny gorady.