HPG: emeli aň millionlarça adamy işsiz galdyrar

HPG: emeli aň millionlarça adamy işsiz galdyrar

Emeli aňyň ösüşi bütin dünýäde iş orunlarynyň tas 40 göterimine galtaşar diýip, 24KZ habar berýär. Ilkinji nobatda bu tehniki we seljeriş kärleri bolar. Halkara Pul Gaznasynyň täze barlaglarynda emeli aňyň işgärleriň ornuny eýelemeginiň, esasan, bu ugurlarda hünärmenleriň ýetmeýändigi bilen baglydygy bellenýär.

Golaý 5 ýylda EA-nyň çalt ösmegi sebäpli dünýäde 83 million iş orny kemeler, ýöne 69 million sany täze iş orny peýda bolar.

Netijede, öňki kebşirleýjiler we marketologlar programmalaşdyrmak ulgamyna işe geçerler. Emma hünärmenler şunda gumanitar we sosial ylymlaryň ulgamlarynyň emeli aňyň täsirinden daşda galjakdygyny belleýärler, munuň sebäbi bu ugurlarda, şol sanda ýolbaşçylyk etmekde tehnologiýalaryň ýetmeýänligidir.

Ýene degişli makalalar

HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer
HPG 2024-nji ýyl üçin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamany çap etdi
Aşgabady tämizleýänleriň aýlygy gijikdirilýär, Arkadagyň ikinji tapgyry gurulýar
HPG dünýä ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklaýar
Rio-de-Žaneýroda G20 liderleriniň sammiti başlady
2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň 15,1 milliard dollara ýetmegine garaşylýar