HPG 2024-nji ýyl üçin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamany çap etdi

HPG 2024-nji ýyl üçin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamany çap etdi

Halkara Pul Gaznasy (HPG) 2024-nji ýyl üçin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada täze çaklamasyny çap etdi. Onda ählumumy derejede ösüş 2024-nji ýylda 3,2 göterim, 2025-nji ýylda 3,3 göterim bolar diýlip hasaplanýar. Bu şu ýylyň aprelinde çap edilen öňki çaklama gabat gelýär. Emma bu görkezijileriň içinde sebitler we ýurtlar boýunça tapawutlar bar diýlip, Daryo.uz ýazýar.

Mysal üçin, çaklamada Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça ösüşiň az derejede bolsa-da ýokarlanjakdygy aýdylýar.

HPG Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady ösüşiň geljegi barada oňyn çaklamalary ýerleşdiripdir.

Çaklamalara laýyklykda, Aziýanyň ösýän ýurtlary Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende, has tapawutly ösüş görkezýärler. Ýagny Aziýada 2024-nji ýylda ösüş 5,4 we 2025-nji ýylda 5,1 göterim derejede, Ýewropanyň ösýän ýurtlarynda degişlilikde, 3,2 we 2,6 göterim bolar. Bu ykdysady işjeňlik we sarp ediş babatda tapawutlar bilen baglydyr.

Dünýäde häzir maliýe şertleri amatly bolmagynda galýar diýlip, çaklamada bellenýär.

Ýene degişli makalalar

HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer
Aşgabady tämizleýänleriň aýlygy gijikdirilýär, Arkadagyň ikinji tapgyry gurulýar
HPG: emeli aň millionlarça adamy işsiz galdyrar
HPG dünýä ykdysadyýetiniň ösjekdigini çaklaýar
Rio-de-Žaneýroda G20 liderleriniň sammiti başlady
2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň 15,1 milliard dollara ýetmegine garaşylýar