Dünýädäki iň uly printer öndürijisi bolan HP, dört ýyl ozal “Samsung”-dan satyn alan hytaýly lazer printer işini bes etmegi meýilleşdirýär. Önümçiligiň bu ugruny satyn almaga a Taýwanyň “Foxconn” kompaniýasy isleg bildirýär.
Gol çekilen şertnama görä, “Foxconn” HP üçin şertnama esasynda printerler öndürer. Şertnama diňe bir printerleri gurnamagy däl, eýsem “Foxconn” -yň käbir komponentleriň, şol sanda çap edilen elektron tagtasynyň önümçiligini hem öz içine alýar.
Bu täzelik soňky üç ýylda önümçiligini 40% ýokarlandyran HP-niň golçur kärhanasyny komponentler bilen üpjün edýän koreý kompaniýalaryny geň galdyrdy.Bu kompaniýalar HP-den häzirki üpjünçilik zynjyryny saklamagyny haýyş edip, bilelikdäki beýannama berdiler.
HP bolsa, koreý kompaniýalaryna jogap hökmünde “Foxconn” bilen bilelikde işlemäge çagyrdy.