“Howpsuzlyk Geňeşi Derejesinde Özara Gatnaşyklary Pugtalandyrmaga Taýar”

“Howpsuzlyk Geňeşi Derejesinde Özara Gatnaşyklary Pugtalandyrmaga Taýar”

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu, howpsuzlyk geňeşi derejesinde Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýardyklaryny aýtdy.

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Sergeý Şoýgu düýn paýtagt Moskwada Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy.

Şoýgu duşuşykda “Howpsuzlyk geňeşi derejesinde Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmaga taýar. Milli howpsuzlyk guramasynyň başlygy İbrahim Kalyn bilen Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleri Russiýa çagyrýaryn. Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Seýfullah Hajymüftüogluna hem salamymy ýetiriň. Şu ýyl Moskwada ýada Ankarada howpsuzlyk meselesinde giň gerimli maslahatyň geçirilmegini teklip edýärin” diýdi.

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlygyndan berlen beýannamada, Şoýgu bilen Fidanyň duşuşykda özara gatnaşyklar, Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda howpsuzlyk boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň seljerlendigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham...
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler
Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açdylar
21.01.2021 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler
Italiýada 800 müň okuwçy onlaýn bilim almaga girişer
Margarita Moskowskaýany hatyralap : Zemin içre zähmetiňi Watana bagş etmekden belent mertebe ýok...