Polşanyň günorta böleginde ýerleşýän kiçiräk şäherdäki maslahata 28 müňden gowrak adam ýygnandy.BMG-niň degişli düzümlerinden 450 we beýleki halkara guramalaryndan 7 müňe golaý wekil gatnaşdy.Köp sanly ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahata BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş hem gatnaşdy.
Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes öz çykyşynda 2020-nji ýyldan başlap, hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň öňüni almak üçin her ýyl 900 million ýewro bölünip beriljekdigini belledi.BMG-niň Baş sekretary öz çykyşynda howa goýberilýän hapa gazlaryň dörtden bir böleginiň awtoulaglara degişlidigini belledi.
Ol häzirki wagtda dünýäniň köçelerinde 1 milliarda golaý ýolagçy awtoulaglarynyň hereket edýändigini we 2040-njy ýylda bu görkezijiniň 2 esse artjakdygyny mälim etdi. Şonuň üçin Baş sekretar elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrdy.
BMG-niň Baş sekretarynyň bellemegine görä, elektromobilleriň önümçiligi giňeldilýär we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiligi durnukly ösýär.Häzirki wagtda tutuş dünýäde elektromobiller üçin 3,5 million zarýad bekedi döredildi.Antonio Guterreş halkara jemgyýetçiligini howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini 2030-njy ýyla çenli 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 45 göterime çenli azaltmaga, 2050-nji ýylda bolsa, bu görkezijini iň pes derejä getirmäge çagyrdy.Bütindünýa banky ählumumy maýylganlyga garşy göreş üçin maýa goýumlarynyň möçberini 2 esse artdyrmagy göz öňünde tutýar. 2020-nji ýyldan soňra bu ugra 100 milliard dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär.
Aknur WELSAPAROWA,S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.