Aşgabatda ýerden we suwdan peýdalanmak boýunça uýgunlaşma çäreleriniň milli ösüş strategiýasyna hem-de olary maliýeleşdirmegiň ugurlaryna integrirlenmeginiň meseleleri boýunça seminar geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň howandarlygynda gurak sebitleriň oba hojalyk bileleşikleriniň howa durnukly ykdysady işini goldamak boýunça taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Oňa oba hojalygy we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, goranmak ministrlikleriniň, Suw hojalygy döwlet komitetiniň, TYA-nyň, Türkmengidrometiň, Aşgabat şähetiniň we Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar, bu sebitlerde uýgunlaşdyryş çäreleri geçirilýär.
Duşuşykda bu temadan çykyşlar boldy, döwlet işgärleri özara pikir alyşdylar, seminaryň tematikasy boýunça taslama tekliplerini taýýarlamaga gatnaşdylar.Seminara gatnaşanlar howanyň üýtgemegi bilen baglylykda mitigasiýa we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çärelerini göz öňünde tutup, milli strategiýalary işläp taýýarlamakda halkara tejribesi bilen tanyşdylar.
Türkmen hünärmenleriniň ünsi howa bilen bagly töwekgelçiliklere, amatly şertleri seljermäge, döwlet we hususy pudaklaryň özara hereketine çekildi.BMG-nyň ÖM-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirji Natia Naswlişwiliniň belleýşi ýaly, taslamada tehniki we maslahatlar bilen ýardam bermek, oba hojalygynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynyň ugurlary boýunça okuwlar göz öňünde tutulýar.
Seminary halkara bilermenleri Glen Anderson bilen Lorin Jangola geçirdiler, olar howa barada umumy maglumat, howanyň üýtgemegini çak etmegi modelleşdirmegiň usullary, şeýle hem Durnukly ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň jähtinden Merkezi Aziýa ýurtlary üçin uýgunlaşmagy meýilleşdirmäge çemeleşmeler bilen tanyşdyrdylar.
Taslamanyň ýolbaşçysy Amangül Öwezberdiýewa howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň düzgünleri, şeýle hem häzirki wagtda işlenilip taýýarlanylýan Türkmenistanyň Howanyň ýütgemegi hakynda Kanuny barada gürrüň berdi.