Howa üýtgemeginden gözbaş alýan aşa howa hadysalary sebäpli dünýä derejesinde her 12 hassahananyň 1-iniň bölekleýin ýa-da dolulygyna ýapylmak howpuna sezewar galyp biljekdigi habar berildi.
TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.
Fiziki howanyň töwekgelçiligi boýunça işler geçirýän ylmy-derňew guramasy XDI (Cross Dependency Initiative), Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP-28) Saglygy goraýyş gününde howa üýtgemeginiň aşa howa hadysalarynyň hassahanalara ýetirýän täsirini derňeýän 2023 Global hassahanalar infrastrukturasy Fiziki howa töwekgelçiligi habarnamasyny çap etdi.
Dünýä derejesindäki 200 müňden gowrak hassahananyň töwekgelçilik analiziniň bar bolan habarnama görä, deňiziň kenarlarynda we derýalaryň golaýynda ýerleşýän hassahanalar iň ýokary howpuň astyndadyr, derýalaryň we ýeriň ýüzündäki suwlaryň joşmagy bilen hassahanalara zeper ýetirmek töwekgelçiligini artdyrýar. Şu asyryň ahyrynda aşa howa hadysalarynyň artmagy we deňizleriň suwlarynyň derejesiniň artmagy bilen kenarýakadaky suw joşmalaryň ýokary tizlik bilen artmagy hem hassahanalara garşy kynçylyklary artdyrýar.
Gazylyp alynýan maddalardan tiz wagtda ýüz öwrülmezligi we zyňyndylaryň artmaga dowam edip, klimat krizisiniň täsirleri has hem artan halatynda, aşa howa hadysalary sebäpli 2100-nji ýyla çenli dünýä derejesinde her 12 hassahananyň 1-i bölekleýin ýa-da dolulygyna ýapylmak howpuna sezewar galyp biler.
Bu görkeziji jemi 16 müň 245 hassahananyň ady agzalan howpa sezewar galyp biljekdigi manysyna gelýär, bu görkeziji häzirki wagtda ýokary howp astynda bolan hassahanalaryň sanynyň 2 essesine gabat gelýär.
Şol sebäpli ady agzalan hassahanalaryň ählisinde howanyň uýgunlaşma maýa goýumlaryna zerurlyk bar, emma şol maýa goýumlar durmuşa geçirilsede ençeme hassahana üçin başga ýere göçürilmek ýeke-täk alternatiwa bolup biler.
Ýokary derejede howp astyndadygy häsýetlendirilen 16 müň 245 hassahananyň 71 göterimi az we orta girdejili ýurtlarda ýerleşýär.
Habarnamadaky ýokary zyňyndy ssenariýsine görä, aşa howa hadysalarynyň dünýädäki hassahanalara zyýan ýetirmek howpy üstümizdäki asyryň ahyryna çenli 4 esse artýan bolsa, pes zyňyndy ssenariýsinde şol töwekgelçiligiň artyş tizligi 106 göterime çenli azalar.
Gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylmagynyň tiz depginler bilen azaldylmagy bilen global ýylylygyň artyşy 1,8 derejede çäklendirilen halatynda, hassahanalaryň infrastrukturasy bilen bagly zeper ýetmek töwekgelçiligi ýokary zyňyndy ssenariýsine görä 50 göterim azalar.
Günorta-gündogar Aziýa dünýäde aşa howa hadysalaryndan gözbaş alýan zyýan ýetme töwekgelçiligi iň ýokary bolan hassahanalaryň ýerleşýän sebit hökmünde öň hatara çykýar. Ýokary zyňyndy ssenariýsine görä Günorta-gündogar Aziýadaky her 5 hassahananyň 1-i üstümizdäki asyryň ahyryna çenli dolulygyna ýa-da bölekleýin görnüşde ýapylmak howpunyň astynda bolar.
Türkiyede 20 hassahananyň 1-i howp astynda
Türkiyede aşa howa hadysalary sebäpli ýapylmak töwekgelçiligi ýokary bolan hassahanalaryň derejesiniň 2050-nji ýyla çenli 3,8 göterim derejesinden 4,4 göterime çenli çykjakdygy çak edilýär.
Zyňyndylar ýokary derejede dowam eden halatynda üstümizdäki asyryň ahyrynda 20 hassahananyň 1-iniň aşa howa hadysalaryndan ýaramaz täsir görjekdigi we Türkiyede 99 hassahananyň howa çalşygyndan gözbaş alýan aşa howa hadysalary sebäpli ýokary derejede zeper ýetmek töwekgelçiliginiň astynda boljakdygy çak edilýär.
Hassahanalary howpsuzlyk astynda saklamagyň iň gowy ýoly zyňyndylary azaltmak
XDI Ylmy we tehnologiýa müdüri Karl Mallon, habarnama bilen baglanşykly, howa çalşygynyň dünýäniň dört künjegindäki adamlaryň saglygyna barha köp täsir ýetirýändigini belläp: “Aşa howa şertleri hassahanalaryň hem ýapylmagyna eltse, analizimiz: gazylyp alynýanlardan tiz wagtda ýüz öwrülmän halatynda, müňlerçe hassahananyň krizislerde hyzmat berip bilmejek derejä gelmegi bilen global derejede saglygy goraýyş bilen bagly töwekgelçilikleriň has hem artjakdygyny görkezýär” diýip habar berdi.
Mallon hassahanalara garşy şol töwekgelçilikleri möhüm derejede azaltjak we adamlary howpsuzlyk astynda saklajak iň gowy ýoluň zyňyndylary azaltmakdygyny mälim etdi.
Eziz ildeşler. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr atly temanyň üstünde durup geçdik.