Howanyň hapalanmagyna garşy göreş

Beýik Britaniýanyň Bristol iri port şäheri dizel hereketlendirijisi bilen işleýän ulaglara gadaganlyk girizmegi göz öňünde tutýar. Ýurduň hökümeti howany hapalaýan ulaglary ulanmaga çäklendirme girizmek babatda degişli işleri geçirýär. Şeýlelikde, Bristol şäheriniň dizel bilen işleýän awtoulaglara gadaganlyk girizen ilkinji britan şäheri bolmagyna garaşylýar.

Dizel hereketlendirijili ulaglary ir sagat 07:00-dan 15:00-a çenli şäheriň merkezine goýbermäge çäklendirme giriziler.

Bu meýilnama 2021-nji ýylyň mart aýyndan güýje girer. Şeýle hem dizel hereketlendirijili ulaglaryň eýelerine awtoulagyny benzin ýa-da elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendiriji bilen çalyşmaga hem kömek bermek göz öňünde tutulýar. Bristol şäheriniň häkimi Merwin Ris bu teklibiň howanyň arassalanmagyna kömek berjekdigini belläp geçdi.

Söhbet GÜZEROW,

S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Ýene degişli makalalar

6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gülgüne älemgoşar
Kubok ýaryşlary
Serhio Pitol
Dünýä habarlary gysga setirlerde
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär