Suw ýetmezçiliginiň öňüni almak, arassa suwdan peýdalanmak maksady bilen, dünýäde iri taslamalar durmuşa geçirilýär.Hindistanyň Tehnologiýa institutynyň hünärmenleri ümürli howadan suw öndürýän abzal oýlap tapdylar.Durnukly himiýa we inženerçilik (Sustainable Chemistry and Engineering) žurnalynda çap edilen ylmy barlagda bu barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Doktor Wenkata Krişnanyň aýtmagyna görä, gurak ýerlerde ösýän, suw zerurlygyny howadan alýan birnäçe ösümlik bar.Hünärmenler munuň üçin çöllük ýerlerde ösýän otlary düýpli öwrenipdirler.Ylmy toparyň agzasy diňe gündelik endiklerimizi üýtgetmek bilen suw meselesini çözüp bolmajakdygyna, tebigatdan ylham alýan tehnologik täzeliklere zerurlyk duýulýandygyna ünsi çekýär.Howadan suw almak baradaky pikir täze däl.
Häzirki wagtda medeni zolakdan uzak gurak ýerlerde ýaşaýanlar üçin howadan suw alýan enjamlar bar.Emma olaryň has kämilleşdirilmegi we netijeli bolmagy üçin işler dowam etdirilýär.