Üns beren bolsaňyz howanyň yssy günlerinde serginledijileriň daşky böleginden az mukdarda suw damjajyklary damýar.Suw damjasy uly awtobuslaryň ýa-da otlularyň serginlediji ulgamynda hem peýda bolýar.
Bu ýagdaý serginledijiniň içerdäki çyglylygy daşaryk çykarmagy bilen bagly bolup, adaty ýagdaýdyr. Ýagny serginlediji jaýyň ýa-da ulagyň içindäki howadaky bugy daşaryk çykaranda sowuk ýerden geçen bug suwa öwrülýär.
Emma bu suw örän az mukdarda bolýar.Bilermenler bolsa, howadan has köp suw alyp, suw ýetmezçiliginiň öňüni almakda peýdalanmagy maksat edinýärler.ABŞ-nyň Ýuta uniwersitetiniň inženerleri howadaky suw molekulalaryny toplap, içimlik suw öndürýän enjam oýlap tapdylar.
Ylmy-barlag toparynyň agzasy Samir Rao öndüren enjamynda ulanylan metal-organiki materialyň suwy ýokary derejede özüne siňdirýändigini belleýär. Bu usul arkaly has köp suw ýygnap bolýandygy bellenilýär. Enjam bugy gözenekler arkaly tutandan soňra suw molekulalary gyzdyrylyp, suwuk ýagdaýa getirilýär.
Sonagül ANNAÝEWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.