Howa maglumaty: Türkmenistanda mart aýynyň ortalaryna çenli ýagyşly howa dowam eder

Howa maglumaty: Türkmenistanda mart aýynyň ortalaryna çenli ýagyşly howa dowam eder

Türkmenistanyň tutuş çägine ýaz pasly ýagyşly howasy bilen aralaşdy. Meteorologlar Aşgabatda ýagyşly howanyň geljek hepdäniň tutuş dowamynda saklanyp galjakdygyny çaklaýarlar. Şol bir wagtda howanyň temperaturasy gündizlerine 2 gradus sowukdan 10 gradus maýyl aralygynda üýtgäp durar.

Ýagynly howa netijesinde çyglylyk 86% derejesine çenli ýokarlanar.Güýçli ýagyşlar Ahal welaýatynyň dag etek etraplarynda geçer, Köpetdagda gar ýagar.Bu ýerde ir sagatlarda howanyň temperaturasy 0 we 5 gradus sowuga çenli aşak düşer.

Mary welaýatynyň käbir etraplarynda hem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.Balkan we Lebap welaýatlarynda hem güýçli şemal öwsüp, ýagyş ýagar. Şol bir wagtda ýagşyň ýagmagy ýurduň tutuş çäginde deňagramly bolmaz: ýurdumyzyň merkezi etraplarynda güýçli ýagşa garaşylýan bolsa, beýleki käbir etraplarda ygalyň mukdary kadadan aşak bolar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda, welaýatlarda güýçli gar elektrik üpjünçiligine we ýol hereketine täsir etdi
Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi
Parahat 8 etrapçasynda ulanylmaga berilýän täze jaýlaryň suwagy çalt dökülýär ýerli ýaşaýjylar
Türkmen migranty: Çagalykda hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum
Çoganlynyň, Şoruň we Garadamagyň köçelerini ýagyn suwlary basdy
Ahal welaýatynda we paýtagtda ýagyş uly zyýan ýetirdi