19-njy fewralda Amerikanyň Birleşen Ştatlary howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreş baradaky Pariž ylalaşygyna resmi taýdan goşuldy.Oňa 2015-nji ýylda Barak Obamanyň prezidentlik döwründe gol çekilipdi.
Bu ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň ilkinji maksatlarynyň biri bolup, ozalky bar bolan şertnamany gaýtadan dikeltdi.Täze Demokrat Prezident 2050-nji ýyla çenli uglerodyň nol derejesini gazanmagy wada berdi.
Bu howa goýberilýän zyýanly gazlaryň tebigy ekoulgamlar we tehniki çözgütler arkaly zyýansyzlandyryljakdygyny aňladýar.
Finlýandiýanyň Ýewropa Parlamentindäki agzasy Miapetra Kumpula-Natri Ýewropa Bileleşiginiň hem şeýle maksada eýerýändigini we bu ugurda ABŞ bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini aýtdy:
Biz öz dikeldiş gaznamyz, olar hem howa meýilnamasy arkaly bu ugurda uly maýa goýarys. Ýaşyl tehnologiýanyň sagdyn bäsdeşlik döredýändigini nazara alyp, has köp başlangyçlary öňe sürüp bileris.ABŞ-nyň Prezidentiniň howa meselesi boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň ilkinji çykyşlary hem bu ugurdaky strategiýanyň aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär.
Maglumatlara görä, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň 30,3 göterimi Hytaýa, 13,4 göterimi ABŞ-a, 8,7 göterimi Ýewropa Bileleşigine we Beýik Britaniýa degişlidir.
Ýeriň dostlary Ýewropa guramasynyň başlygy Ýagoda Mýunhen dünýäniň ösen ýurtlaryny gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine has köp maýa goýmaga çagyrýar:
Elbetde, gazylyp alynýan energiýa serişdelerine goýulýan maýa goýumlaryny azaltmak boýunça heniz anyk çäreler göze ilenok. Çünki, şu günki günde suwuklandyrylan gaz üçin terminallaryň işjeň gurluşygyna şaýat bolýarys. Şeýle hem biz ABŞ bilen Ýewropa Bileleşiginiň dünýä derejesinde öňdebaryjy bolup, Global Günorta diýlip atlandyrylýan sebitlere raýdaşlyk bildirmegini isleýäris. Ösüşi haýal ýurtlaryň ýaşyl ykdysadyýete geçmegi üçin bilimleriň we tehnologiýalaryň Global Günorta sebitlerine geçmegi möhümdir.
ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň Howa meýilnamasy 2 trillion dollar möçberinde maýa goýumlaryny, esasan hem, arassa energiýa pudagynda 10 million iş ornuny döretmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem, Prezident nebit we gaz guýularyndan metanyň zyňyndylaryny çäklendirjekdigini söz beripdi.
Ýewropa Bileleşigindäki amerikan söwda palatasynyň başlygy Sýuzan Danjer işewür toparlaryň hem howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşe goşulmagyna garaşýar:
Işewürleriň bu ugra maýa goýmagy uzak möhletli taslama bolup, olar ilki bilen daşky gurşawyň durnuklylygyny anyklamaly bolýarlar. Şeýle ýagdaýda kompaniýalar kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga kömek edýän täze tehnologiýalara batyrgaýlyk bilen maýa goýarlar. Bu ýagdaý beýleki kompaniýalara we jemgyýetiň ähli ugurlaryna özleriniň uglerod galyndylaryny azaltmaga kömek eder.
Ýewropa Bileleşigi we Beýik Britaniýa noýabr aýynda Glazgoda geçiriljek BMG-niň indiki howa maslahatynda ABŞ we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirmäge umyt baglaýar.
The post Howa boýunça hyzmatdaşlyk appeared first on Zaman Türkmenistan.