Howa boýunça hyzmatdaşlyk ederler

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý, ABŞ-nyň Prezidentiniň howa meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň hytaýly kärdeşi Se Çženhua bilen duşuşygyndan soň bilelikdäki beýannamany kabul edip, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we klimat boýunça Pariž şertnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň tarapdarydygyny mälim etdiler diýip, ABŞ-nyň döwlet departamentiniň beýanatynda bellenilýär.

ABŞ we Hytaý Pariž şertnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen beýlekiler bilen işleşmegi çynlakaý niýet edinýärler diýlip beýanatda bellenilýär.

Ýurtlar howa krizisini çözmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri berjaý etmegi maksat edinýärler: Glazgoda geçiriljek halkara sammite çenli uglerodyň bitaraplygyny gazanmak üçin uzak möhletleýin strategiýalary işläp düzmek, ösýän ýurtlarda gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýumlaryny has-da köpeltmäge tagalla etmek we gidroftoruglerodlary öndürmegi we sarp etmegi tapgyrlaýyn azaltmak göz öňünde tutulýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý, COP 26-a barýan ýolda we ondan soňky döwürde Pariž şertnamasy boýunça ylalaşylan gyzgynlyk derejesiniň çägine has ýakynlaşmak üçin zyňyndylary azaltmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirerler diýlip, beýanatda bellenilýär.

Taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin edilýän tagallalaryň halkara formatlaryny, şol sanda 22-23-nji aprelde geçirilmegi bellenilen ABŞ tarapyndan başy başlanan wirtual klimat sammitini makulladylar.

The post Howa boýunça hyzmatdaşlyk ederler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefonda söhbetdeş boldy
Hytaýda ýeriň süýşmegi sebäpli 47 adam topragyň aşagynda galdy
Hytaýdaky ýer süýşgüninde ýogalanlaryň sany artdy