Howa arkaly energiýa geçirer

ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň ylmy laboratoriýasynyň inženerleri takmynan bir kilometr aralygynda kuwwaty 1,5-1,6 kWt bolan elektrik geçirilişini ýola goýmagy başardylar.Ylmy laboratoriýasanyň degişli hünärmenleri bu işinde mikrotolkun şöhlelerini peýdalandylar.

Harby güýçleri bu täze taslamasyny kosmos giňişliginden Ýere geçirmekde peýdalanmagy meýilleşdirýärler.Mundan başga-da bu ylmy laboratoriýa integral geçiriji antennasy bolan Gün paneliniň hem özboluşly nusgasyny hödürlediler. Şeýle hem ABŞ-nyň harby deňiz güýçlerinden başga-da howa güýçleri hem 2018-nji ýylda uzak aralykda ýerleşýän harby nokatlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmeklige ukyply bolan hemra tehnologiýasyny hem işläp düzüpdiler.

Bu harby deňiz güýçleriniň ylmy laboratoriýasy şuňa meňzeş gözleg işleriniň başga-da birnäçesini alyp barýar.Olar elektrik energiýasyny geçirýän hem-de kabul edýän antennalary hem synag etdiler.

Bu alnyp barlan işde energiýany geçiriji bolup adaty reflektor antennasy hyzmat etdi.Bu antenna radio tolkunlaryny özüne kabul edip ýygnaýar. Şunuň ýaly ulgam energiýany ýokary güýç bilen 1 km aralyga çenli berip bilýär.

Aýjemal Meredalyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
Biodürlüligiň halkara güni
ÖMÜR DARAGTYNYŇ GÖZELLIGI
Lukman gelinlik atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar
Halkara tans güni
Aşgabatda Rejep Rejebowyň kino sazlarynyň dünýäsi atly konsert geçiriler