Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň saýlap alan ösüş ýolunyň ygtybarlydygyna we beýik geljegi nazarlaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýer ýüzünde ykrar edilen şeýle bir hakykat bar: ykdysady taýdan beýik ösüşleri gazanmak üçin, ilki bilen, ýurtda dost-doganlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmeli.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dostluk, birek-birege bolan ynam has-da pugtalandy.

Bu bolsa milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny şertlendirýär.Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi öz gerimini barha giňeldýär.Dünýä ýurtlary Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ösüş gazanmak ýörelgesini doly makullaýarlar.

Bu bolsa eziz Diýarymyzyň saýlap alan ýolunyň nusgalyk ýoldugyny tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak häzirki wagtda ynsana iňňän zerur bolup durýar. Çünki, bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň, ählumumy howpsuzlygy we abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidir.

Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryny oňyn ugra gönükdirýän, gapma-garşylyklaryň öňüni alýan we birek-birege hormaty alamatlandyrýan parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, halklaryň arasyndaky birek-biregi sarpalamak gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmak boýunça bilelikdäki tagallalara badalga berilýär.

Eziz Diýarymyzyň berk we yzygiderli ýöredýän, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýär. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, BMG we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy.

Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden edýän her bir çykyşy, teklibi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar.

Buýsançly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ähli döwürlerde hem hoşniýetliligi, parahatsöýüjiligi bilen meşhurdyr.Bu ynsanperwer ýörelgeler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda we parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatymyzda aýdyň şöhlelenýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy köpsanly ykdysady taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilik döredýär.

Türkmenistan öz saýlap alan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýermek bilen ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, döwrüň möhüm meselelerini ynanyşmak arkaly parahatçylykly ýol bilen çözmäge işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan ynanyşmak arkalay parahatçylygy üpjün edijilik syýasaty ýöretmek bilen, syýasy — diplomatik we ykdysady çäreleriň ähli gurallaryny işjeň peýdalanýar. Şundan görnüşi ýaly, Türkmenistan sebitde syýasy we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmakda ägirt uly orny eýeleýär.

Jahan ARAZOWA,

Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20220

Ýene degişli makalalar

Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap
Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar