Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy

Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýäniň hoşboý ys önümçiliginiň eksporty üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 113 million dollara barabar boldy.

Egeý Galla we galla önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Muhammet Öztürk, beren ýazmaça beýannamasynda, Türkiýäniň lawr ýapragy we käkilik oty eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýändigini aýtdy.

Muhammed Öztürk “Türk hoşboý ys pudagynyň eksporty üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 113 million dollara barabar boldy. Egeý sebiti eksportda 74 million dollarlyk paýa eýe boldy. 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda hoşboý ys pudagynyň eksportyny 250 million dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Öztürk, hoşboý ys pudagynyň eksportunda lawr ýapragynyň eksportynyň 57 göterim artyp 36 million dollara, käkilik otunyň eksportynyň 11 göterim artyp 27 million dollara we gara we gyzyl burç eksportynyň hem 27 göterim artyp 10,6 millin dollara barabar bolandygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Aýakgap Eksporty 588,7 Million Dollara Barabar Boldy
Funduk Eksporty 2 Milliard 190 Million Dollara Barabar Boldy
Haly Eksporty 1 Milliard 374 Million Dollara Barabar Boldy
Funduk Eksporty 1 Milliard 413 Million Dollara Barabar Boldy
Aprel Aýynda Eksport 0,1 Göterim Artyp 19 Milliard 272 Million Dollara Barabar Boldy
Iýun Aýynda Eksport 18,6 Milliard Dollara Barabar Boldy