Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar.Dynç alyş möwsüminde geçen okuw ýylynda geçilen dersleri gaýtaladyk, çeper eserleri okadyk, dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde bolup, täze dostlar tutundyk, seýilgählerde dynç aldyk, sport bilen meşgullandyk, oba durmuşy bilen tanyşdyk.
Aramyzda ýüzmegi, küştdür şaşka oýnamagy öwrenenimiz hem bardyr.Indi bolsa mekdebe taýýar bolmagyň wagty gelip ýetdi. Şonuň üçin ýatýan we turýan wagtymyza has köp üns bermeli.Mekdebe gitmezden ozal ýuwnup, iýip-içip, geýnip ýetişmeli.
Eýsem, täze okuw ýylyna öwrenişmek, sapaklardan has ýokary netije almak üçin nähili taýýarlyk görmeli?!Geliň şolara seredeliň!
Geçen okuw ýylynda tomusky dynç alyşda ýerine ýetirmegiňiz tabşyrylan öý işlerine gaýtadan serediň! Maslahat berlen kitaba gaýtadan göz gezdiriň!Başga bir ýere myhmançylyga ýa-da gezelenje giden bolsaňyz 4-5 gün öňünden öýüňize geliň! Uzak ýere giden bolsaňyz, öňräginden gelip, dynjyňyzy alsaňyz gowy bolar.
Okuwdan bir-iki gün öň söwda merkezlerine ýa-da bazarlara gidip köp wagt geçirmäň!Umuman, okuwyň öň ýany ýadamak maslahat berilmeýär.Ir ýatyp, turmagy, ertirlik edinmegi endik ediniň! Çalt taýýar bolýan naharlary iýmäň! Öýde iýip-içiň!Telewizor, telefon we kompýuter ýaly zatlara güýmenmäň!
Wagtyňyzy kitap okap, pazzl, küşt, şaşka ýaly oýunlar oýnap we maşgala agzalaryňyz ýa-da deň-duşlaryňyz bilen gürrüňdeş bolup geçiriň!Derslere taýýarlanmak üçin çyzgyç, bozguç, galam ýaly gerekli ähli esbaplaryňyz düzüw bolsun.
Okuw esbaplaryňyzy we egin-eşikleriňizi ene-ataňyz bilen bilelikde alyň!Synpdaşlaryňyz bilen duşuşyp, olar bilen bilelikde wagt geçiriň!Okuw başlansoň, öz ukybyňyza görä, mekdepdäki gurnaklara, çärelere, ylym-bilim we beýleki ýaryşlara gatnaşyň!Kitaphana bilen ýakyn aragatnaşykda boluň! Öz ýaşyňyza görä, gyzyklanýan çeper eserleriňizi okaň!
Munuň üçin mugallymlaryňyzdan kömek sorap bilersiňiz.Täze goýlan dersler siziň üçin nätanyş bolup biler.Islendik dersde düşünmedik ýerleriňizi mugallymyňyzdan soraň!