Bu ýylky syýahatçylyk möwsümi Horwatiýa üçin rekord derejede girdejili bolup biler. Ýylyň başyndan bäri ýurda Ýewropa ýurtlaryndan millionlarça syýahatçy geldi, umumy syýahatçylyk akymy bolsa, geçen ýyldakydan 20 göterim artykdyr. Hünärmenleriň pikirine görä, bu oňyn depgin dowam edýär diýip, “Habar 24” ýazýar.
Köpler syýahatçylyk işjeňliginiň artmagyny Horwatiýanyň Şengen zolagyna girmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Koronawirus pandemiýasyndan soň Horwatiýa geçen ýyl dikelip başlady. 2022-nji ýylda ýyl bu pudak döwlet gaznasyna rekord derejede, ýagny, 14 milliard dollar girdeji getirdi. Bu ýyl görkeziji birnäçe esse artyp biler.
Horwat syýahatçylyk assosiasiýasynyň baş direktory Kristian Staniçiç şeýle gürrüň berýär:
– Häzirki wagtda biziň ýurdumyza 5 milliona golaý daşary ýurtly syýahatçy geldi, bu geçen ýylyň görkezijilerinden 20 göterim ýokarydyr. Biz hatda 2019-njy ýyldaky rekord derejedäki ösüşden hem ýokary işjeňligiň şaýady bolýarys. Şu ýylyň başyndan bäri syýahatçylyk akymy ep-esli artdy we bu elbetde, Horwatiýanyň Şengen sebitine girmeginiň netijesidir.
Syýahatçylar, esasan, Sloweniýadan, Italiýadan, Wengriýadan, Awstriýadan we Bawariýadan gelýärler. Galyberse-de, içerki syýahatçylyk akymy hem artýar.