Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň III maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen itşynaslaryň birnäçesine Türkmenistanyň Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly atlar dakyldy.
Watan habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk senetçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazarda alyp, şeýle-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň karargähiniň atçylyk we kinologiýa gullugynyň uly tehnigi-yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi Umytjan Rozymuradowiç Nurmämmedow, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň Aşgabat gümrük nokadynyň müdiriniň orunbasary, hususy itşynas Gurbannazar Gurbannazarowiç Ezizowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly atlar dakyldy.
Biz hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimizi döwlet sylaglary hem-de baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.