18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy.
Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly edebi-filosofik eseri terjime edildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby şu ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen ITOCHU Corporation kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem çagyryldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, özara hoşniýetli erk-islegiň netijesinde döwletara dialog täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Ynsanperwer ulgam däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi we uly mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitabyň ýapon dilindäki neşiri Günüň dogýan ýurdunyň okyjylaryna ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn aladalara aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň hut şu ugra bagyşlanmagy Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar barada edilýän tagallanyň aýdyň görkezijisidir. Şeýle-de çykyşlarda bilim ulgamynda soňky ýyllarda täze ösüşe we mazmuna eýe bolýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr.
Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde ýapon diliniň öwredilýändigi bellärliklidir. /* custom css */ .td_uid_15_67655e89aa845_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67655e89aa845_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }