Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna sapary

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gitdi. Daşoguz welaýatyna saparyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Daşoguz we Ahal döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek meýilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäginde gurluşygy dowam edýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna geldi.

Gurluşyk meýdançasynyň çäginde milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmäge we ýakyn ýyllarda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan elektroenergetika pudagyna degişli taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow taslamalar, olary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler we degişli desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ulgamyň ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýän umumy görnüşiniň çyzgylary, onuň eksport ugurlary, şol sanda Türkmenistandan goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny hem-de ugurlaryny görkezýän taslamalar, Daşoguz we Ahal döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň çyzgylary we taslamalary, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de taslamasy, mundan başga-da Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy hem-de onuň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi. Halkalaýyn energoulgamyň desgalaryny häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrmak, onuň önümçilik düzümlerine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrylmak bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

“Garagum” maldarçylyk hojalygyna baryp gördi

Döwlet Baştutanymyz bu ýerden welaýatyň Görogly etrabyndaky ”Garagum” maldarçylyk hojalygyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Garagum” maldarçylyk hojalygynyň düýe çopany Atamyrat Işanberdiýewiň goşuna geldi. Bu ýerde düýe çopany Arkadagly Serdarymyzy mähirli garşylady.

Hormatly Prezidentimiz çopanyň işi, mallarynyň we bu künjegiň öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de maldaryň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Düýe çopany Arkadagly Serdarymyza çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen gürrüň berdi hem-de ähli oba zähmetkeşleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini guwanç bilen nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden awtoulagda dikuçar meýdançasyna tarap ugrady.

Uly göwrümli suw howdanyny gurlar

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.Guşuçar belentlikden sebitiň çäklerinde bar bolan suw akabalary, Türkmen derýasynyň we Şasenem derýasynyň ugurlary görünýär. Şunda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, suw gorlaryny talabalaýyk ulanmak meseleleriniň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemeli.

Köp ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, bar bolan suw gorlaryndan netijeli peýdalanylmagy ilatyň saglygyny goramakda, durmuş we ekologiýa abadançylygyny, azyk bolçulygyny üpjün etmekde örän ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, uçuş mahaly ýanynda bolýan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi A.Ýazmyradowa sebitiň suwaryş ulgamlaryny degişli derejede saklamak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň, suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek, täze suw howdanlaryny gurmak işleriniň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyzda, aýratynda Daşoguz welaýatynda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, Düýeboýun suw howdanyndan gözbaş alýan Şasenem we Türkmen derýalarynyň aralygyndaky amatly hasaplanylýan künjekde uly göwrümli suw howdanyny gurmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Häzirki döwürde welaýatyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, iri göwrümli suw howdanlaryny gurmak, şeýle hem häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Şasenem derýasynyň akabasyna beton örtügini düşemek meýilleşdirilýär. Göz öňünde tutulýan çäreleriň netijesinde, Daşoguz welaýatynda ýakyn ýyllarda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi düýpli gowulandyrylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan işleriň döwrüň talabyna we häzirki zaman ylmynyň täze gazananlaryna laýyklykda, dowam etdirilmelidigini hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Daşoguz welaýatyna toý sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýene wise-premýer täzelendi; Oba hojalygy alada bolmagynda galýar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi