Düýn 4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan ABŞ işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, Boeing, General Electric, John Deere, Case New Holland ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.
Işewür bildirilen ynam we many-mazmunly söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistan ABŞ işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, köpýyllyk oňyn tejribä daýanýan ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.