Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan döwlet ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň çäklerinde, suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär.
Täze inžener-tehniki desgalaryň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek, ilkinji nobatda bolsa, Aşgabatda möhüm inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak meseleleriniň döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde durýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta bölegi ýokary depginler bilen ösýär. Şol ýerde onuň täze edara ediş-işewürlik merkezi kemala gelýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň mart aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligi paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goralmagyny mundan beýläk-de güýçlendirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Wozroždeniýe önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýeti bilen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu toplum şäheriň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär.