Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze...

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi hökmünde garap gelýär. Geçmişde ata-babalarymyz suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin howdanlary, kärizleri, köp sanly beýleki suw ulgamlaryny gurup, ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň her damjasyny örän netijeli ulanmagy başarypdyrlar. Halkymyz suw damjasyny altyn dänesine deňäp, ony aýawly ulanmak däbini nesilden-nesle geçirip gelýär.

Täze inženerçilik-tehniki desgalaryň ulanmaga berilmegi türkmen paýtagtyny ösdürmek, ilkinji nobatda, Aşgabatda möhüm inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak meseleleriniň döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta bölegi ýokary depginlerde ösýär. Şol ýerde täze edara ediş-işewürlik merkezi kemala gelýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligi paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goralmagyny mundan beýläk-de güýçlendirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak hakynda şertnama baglaşdy. Bu toplum Köpetdagyň eteginde ýerleşýär.

Sankt-Peterburgyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Şu geçen ýyllaryň dowamynda russiýaly gurluşykçylar düzümleýin desgalaryň ençemesini gurdular. Şolaryň hatarynda awtomobil köprüleri, ýol aýrytlary, köprüler we beýleki desgalar bar. Bu paýdarlar jemgyýetine Aşgabatda, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe taslamalar ynanyldy.

...Şu günki dabaranyň geçirilýän ýerinde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ulanmaga berilýän desganyň ýanyna gelýär. Döwlet Baştutanymyzy Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary garşylaýarlar.

Täze desganyň öňündäki meýdançada döredijilik toparlary çykyş edýärler. Ata Watanymyzyň gazanýan uly üstünliklerini hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýän joşgunly aýdymlar ýaňlanýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasy mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler jaýyna barýar.Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine kuwwatly itergi berýändigini nygtady.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Aşgabat şäherinde birnäçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalary yzygiderli gurup ulanmaga berýäris. Şu gün hem paýtagtymyzyň günorta tarapynda gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp, işe goýberýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy Russiýa Federasiýasynyň Wozroždeniýe önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi.Bu döwrebap desgalar toplumynyň jemi uzynlygy 49 kilometre barabardyr.Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynda täze binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleri, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanyldy.

Bu döwrebap desgalar toplumy suw saklaýjy açyk howuzlary, köprüleri, suw sorujy beketleri, 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri we beýleki inženerçilik ulgamlaryny öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň paýtagtymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde möhüm orna eýe boljakdygyny nygtap, özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan bu döwrebap desgalar toplumynyň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza netijeli hyzmat etjekdigine pugta ynam bildirdi.

Aşgabat özüniň belent derejesine laýyklykda, ähli babatda, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary, bezegi, ekologik ugurlary boýunça nusgalyk şäher bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň paýtagtyny mundan beýläk-de ösdüreris, ak şäherimiz Aşgabady bagtyýarlygyň we ösüşiň nusgalyk merkezine öwreris diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary şu günki şatlykly waka — paýtagtymyzda gurlan sil suwlaryny sowujy ýokary hilli desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda ruhubelentlik döretdi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy I.Bukato hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, şu gün Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda öz gerimi boýunça täsin sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylýandygyny belledi.

Bu taslama Russiýanyň “Sewkawgiprowodhoz” hem-de Türkmenistanyň “Türkmensuwylmytaslama” taslama institutlarynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň bilelikdäki işleriniň netijesidir.

Türkmen we rus hünärmenleri örän giň gerimli işleri ýerine ýetirdiler.Bu işleriň deňi-taýynyň ýokdugy Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň köp sanly ylmy bileleşikleri tarapyndan tassyklanyldy we degişli güwänamalar bilen berkidildi.

Rus holdinginiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, şeýle derejedäki desgada ilkinji gezek innowasion häsiýetli serişde ulanyldy.Ol korroziýa durnuklylygy netijesinde suw desgalaryny gurmak üçin örän amatlydyr.Bu toplumyň çäginiň giň bolandygy üçin geodezik usullarda uçarmansyz uçuş serişdesi — geodeziýa gözegçiligi üçin ýörite kwadrokopter peýdalanyldy, Munuň özi gurluşyk işleriniň möhletini düýpli gysgaltmaga mümkinçilik berdi.

I.Bukato bildirilen uly ynam, öz toplan tejribelerini nobatdaky gezek ulanmaga hem-de şeýle täsin, ölçegleri babatda örän iri taslamany durmuşa geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, holdingiň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigine we Aziýanyň merjeni ak mermerli Aşgabadyň sil suwlaryndan doly goraglydygyna ynandyrdy.

Soňra “Selewaýa assosiasiýa” sebitara jemgyýetçilik guramasynyň wise-prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji A.Nosow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň özboluşly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilendigi baradaky güwänamany gowşurýar.

A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň direktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi W.Şewçenko hem Aşgabat şäheriniň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň çäkleriň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän özboluşly gurluşyk desgasydygy baradaky hem-de sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň çäkleriň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamalary gowşurýar.

Soňra “Sigmacert” halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň wekili Hüseýin Ýusuf Gündogar Aşgabat şäheriniň günorta böleginde gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara guramanyň ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamany gowşurýar.

Bu ýerde Aşgabady sil suwlaryndan goramak üçin niýetlenen inženerçilik desgasy bilen tanyşdyrýan wideofilm hem görkezildi.

Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň aýdyň nyşanyna, sazlaşygyň we gözelligiň nusgasyna öwrülen ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi günsaýyn özgerýär.Türkmenistanyň paýtagtyny dünýä ähmiýetli şähere öwürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Häzirki Aşgabat gözümiziň alnynda emele gelýän täsin binagärlik toplumlary bilen haýran galdyrýar.Olarda beýik binalar hem-de giň meýdançalar, şaýollar, baglara bürenen köçeler, oňaýly seýilbaglar, ägirt uly tokaý-seýilgäh zolaklary täsin sazlaşyk döredýär.

Paýtagtymyzyň gözelligi we arassalygy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini häsiýetlendirmek bilen birlikde, bu ýerde adamlaryň aňyna we olaryň özleriniň umumy öýüne bolan garaýşyny üýtgeden özgertmeleriň giň gerimlidigini görkezýär.

Köpetdagyň eteginde ýerleşen ak mermerli paýtagtymyzyň geografik ýagdaýyny nazara alanyňda, ol sil suw akymlarynyň geçýän zolagynda ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, bu desgalar toplumynyň işe girizilmegi paýtagtymyzyň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, birnäçe meseleleri, hususan-da, sil suwlaryny sowmak, sil akabalaryny hem-de golaýdaky çäkleri sil suwundan goramak boýunça wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer.

Ulanmaga berlen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy innowasion inženerçilik-tehniki taslamadyr.Onuň täsinligi desgalaryň düzümleýin gurluşynyň ulgamyndan, Köpetdagyň eteginiň tebigy howa, düzümleýin-tektonik hem-de inženerçilik-geologik şertleriniň täsinligini nazara almak bilen gurlan sil sowujy desgalaryň ýerleşişinden ybaratdyr.

Ýurdumyzda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, biologik köpdürlüligi goramak, çölleşmä hem-de ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ilatly ýerlerde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleriň dowam etdirilýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň binasyna ugraýar. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär — ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we täze inženerçilik-tehniki desga açylýar.

Sil suwundan goranmagyň taslamasynyň konsepsiýasy tebigata zyýan ýetirilmezligini hem-de şeýle desgalaryň gurluşygynda ähli kadalara we standartlara laýyklykda, az derejede çykdajylary göz öňünde tutýar.Sil suw akabalarynyň awtomobil ýollaryna zyýan ýetirmezden çekilmegi bu taslamanyň aýratynlyklarynyň biridir.

Sil suwlary ýörite tehnologiýalar boýunça çekilen turbalar arkaly ýollaryň aşagyndan geçýär.Tebigy suw akabalarynyň durky täzelenildi.Olar Garagum derýasyna çekildi.Sil akabalary gurlanda, şol ýeriň tebigy-howa aýratynlyklary göz öňünde tutuldy.

Dag gerişlerinden sil suwlary asyrlaryň dowamynda emele gelen hanadan akyp gaýdýar. Şoňa görä-de, bu taslama amala aşyrylanda, siliň hereketiniň ugry jikme-jik öwrenildi.

Toplumyň gurluşyk döwründe 36 million kub metrden gowrak ýerasty gum we çagyl gazylyp alyndy, 9 sany sil suwuny toplaýjy howdan guruldy.Sil sowujy we birikdiriji akabalaryň umumy uzynlygy 49 kilometrden gowrakdyr.

Akabalaryň 35 kilometrden gowragy betondan ýerine ýetirildi.Akabalary betonlamak işlerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny, şol sanda uçarmansyz uçuş enjamyny ulanmak arkaly geodezik usullar ulanyldy.Akabalar gurlanda, gidroizolýasiýanyň has ygtybarly bolmagy üçin 9 million metrden gowrak innowasion kompozit armaturasy, şeýle-de 540 müň inedördül metrden gowrak güýçlendirilen geomembrana ulanyldy.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň içine girýär we suw sorujy bekediň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşýar.

Suw sorujy beket suwy sormak üçin niýetlenen toplumlaýyn ulgamdyr.Ol hereket edýän we ätiýaçlyk suw sorujylary birleşdirýär.Suw sorujylar turba geçiriji armaturany we beýleki kömekçi enjamlary hem birleşdirýär.

Bu ýerde Germaniýanyň “Wilo” kompaniýasynyň iş çarhy, ýörite innowasion nanokeramiki düzüm bilen örtülen 30 sany suwa çümdürilýän suw sorujy gurnaldy.Bu bolsa suw sorujylaryň içinden suw bilen bir hatarda, ownuk daşlaryň, hatda çägäniň geçmegine mümkinçilik bermek bilen, olaryň netijeli işlemegine hiç hili ýaramaz täsirini ýetirmeýär.

Suw sorujy beketde gurnalan suw sorujylardan akabalara suwy akdyrmak üçin diametri 1 müň millimetr bolan 9 müň 100 metr turba çekildi.

Sil suwlary sorujy bekede gelip gowşanda, akaba giňelýär hem-de awankamerany emele getirýär.Zibilleri saklaýjy gözenekler aýratyn desga hökmünde bolup, ol gözenekleriň biriniň hapalanandygyna garamazdan, ähli sorujy enjamlaryň kadaly işlemegini üpjün edýär.

Mundan başga-da, islendik wagtda olara kadaly tehniki hyzmat etmek mümkindir.Sorujy enjamlaryň ýasy germewler bilen üpjün edilmegi, zerur bolan ýagdaýynda ýapgyt susak görnüşindäki awankamerany guratmaga hem-de ony arassalamaga we abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sil suwlaryny toplaýjy desganyň mümkinçiligi sil suwlarynyň örän köp möçberini kabul etmäge niýetlenendir, ol zeper ýetmezden, hasaplanan 9 ballyk seýsmiki täsire durnuklydyr.Toplumyň gurluşygynda ýokary berklikdäki gurnamalar, ýokary hilli sement, suwa durnukly serişdeleriň beýleki görnüşleri peýdalanyldy.

Sil we ýagyn suwlary akaba ulgamynyň üsti bilen Aşgabat şäheriniň gündogar serhedini yzarlap, şäheriň daşynda demirgazyk tarapa gönükdirilýär hem-de bar bolan suw sorujy akabalara guýulýar.Soňra bolsa suw ýygnamak we onuň ýitmezligi üçin ýörite gurlan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suw goruna baryp guýýar.

Munuň özi Garagumda maldarçylygy, hususan-da, dowardarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam etmelidir.Sil suw akymlary geçenden soňra, suw toplaýjyda gaty maddalar — laý, gyrmança, çäge, daşlar galýar.

Süzgüçlerden geçirilen suwlar bolsa sorujy enjamlaryň ulgamy arkaly sowular.Suw sowulandan soňra, sil akymyndan galan gaty maddalary aňsatlyk bilen arassalamak hem-de ýörite awtoulaglarda äkitmek mümkindir.

Bu inženerçilik-tehniki desganyň howpsuzlygy, ekologik talaplara laýyklygy sil suw akabalarynyň akýan ugurlarynda sil suwlaryny toplaýjy desgalaryň gurulmagynyň hasabyna üpjün edilýär hem-de sil we ýagyş suw joşmalarynyň Aşgabat şäherine akmagynyň öňi alynýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wideoşekiller arkaly ornaşdyrylan enjamyň tehniki aýratynlyklary we artykmaçlyklary bilen tanyşýar.

Bekediň işi üç tapgyrdan ybaratdyr.Ilki bilen, suw toplaýjy howdandan gelýän suw birinji bölüme goýberilýär.Suw sorujy bekediň ikinji bölümi gury bolýar.Onda suw sorujylaryň ýerleşýän üçünji kamerasyna suwuň baryp girmegini sazlaýan gapaklar bardyr. Şol ýerden suw betondan gurlan akabalara akdyrylýar.

Bu ýerde Germaniýanyň “Wilo” kompaniýasynyň her biriniň önümçilik kuwwatlylygy sekuntda 350 litr bolan 3 sany hereket edýän, 1 sany ätiýaçlyk suw sorujy enjamlary oturdylandyr. Şeýle-de beketde ýük göterijiligi 5 tonna deň bolan ýörite göteriji kran göz öňünde tutulandyr.

Suw sorujy beket işe girizilmezden ozal, bellenen tertibe laýyklykda, sil suwlaryny ýygnaýjy desganyň ýatagyndaky suw durlanylýar. Soňra nobatçy operator suw sorujy enjamlary işe girizýär. Işçi suw sorujy enjamlar suwy basyş astynda 28 metr beýiklige göterip, sekuntda 1,0 kub metr suwy diametri 1000 millimetr bolan turba geçiriji arkaly sil suw akabasyna akdyrýarlar.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz 2-nji sil suwlaryny ýygnaýjy desgany synlady. Bu desga merkezi Köpetdagyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar gerişlerinden sil suwlary ýygnanýar. 2-nji sil suw ýygnaýjy desganyň göwrümi 1 million 29 müň 300 kub metr bolup, bu desga gyşda jarda we ýagyn suw akymlarynda emele gelýän suwlary ýygnamaga niýetlenendir.

Toplumyň hünärmeni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwrebap inženerçilik-tehniki desgany gurduryp berendigi, bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimize sil suwlaryny sowujy desgalaryň, şol sanda sil suwuny sowujy akabalaryň umumy ýerleşdirilişiniň çyzgylary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz täze desganyň aýratynlyklary bilen tanyşmagyny tamamlap, toplumyň işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi we toplumyň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň, ýörite gurluşyk tehnikalarynyň açarlaryny gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat ösüşiň nusgalyk merkezine öwrülýär
Aşgabadyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy ulanylmaga berildi
Aşgabatda täsin desgalaryň sany artýar
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Türkmenistanyň Prezidenti Wozroždeniýe taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy