HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

Şu gün irden, 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşliginde ozaldan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy. Ýokary we hökümet derejelerinde guralýan yzygiderli saparlar döwletara dialogy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga, anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky duşuşyk umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Diplomat döwlet Baştutanymyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw edip, bu gezekki gepleşikleriň täjik-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi.

Saparyň öňüsyrasynda Duşenbede geçirilen Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň, bilelikdäki işewürlik geňeşiniň birinji mejlisiniň we iki ýurduň eksport ugurly harytlarynyň sergisiniň hem özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini bellemek gerek.

Işewürlik forumynyň netijeleri boýunça 20-den gowrak resminama gol çekildi. Şeýle hem şol gün bu ýerde Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky halkara maslahat boldy.

Onda ikitaraplaýyn ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Duşenbe şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Täjigistanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül dessesi gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli bu ýerde iki ýurduň halklarynyň milli lybaslaryndaky artistleriň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, türkmen hem-de täjik sazlary ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweniniň howa menzilinden barýan ugrundaky ähli ýerde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary parlady. Täjik topragynda bildirilen myhmansöýerlik hormatly Prezidentimizi Duşenbede garşylamaga ruhubelentlik bilen taýýarlyk görlendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne gelýär. Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli mübärekleýär.

Iki ýurduň Liderleri dostlukly salamlaşyp, münbere barýarlar.Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.Toplaryň atylmagynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Täjigistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýup, Hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar.Soňra täjik Lideri ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar.Belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar.

Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Kasri Millat” köşgüne geçmäge çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Duşenbe şäherinde kabul edýändigine tüýs ýürekden şatdygyny nygtady.Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dostluk we doganlyk däpleri esasynda ýola goýlan türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda täze, möhüm ädimi alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdi. Şu ýyl biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygy bellärliklidir.

Nygtalyşy ýaly, Täjigistan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ygrarlydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistana gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlygyny beýan etdi hem-de dörän mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowamynda döwletlerimiz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň binýadyny yzygiderli pugtalandyryp gelýärler.

Taraplaryň bilelikdäki tagallasy netijesinde uly üstünlikler gazanyldy.Munuň özi halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar.Türkmenistan we Täjigistan halkara gün tertibiniň meselelerinde birek-birege goldaw berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki gepleşikleriň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Prezident Emomali Rahmony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Ynanyşykly we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň bar bolan uly kuwwaty, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Täjik tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.Munuň özi doganlyk halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär.Prezident Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň strategik hyzmatdaşlyk formatynda döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmana söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik we döredilen ajaýyp şertler üçin täjik Liderine minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň bu döwlet saparyna hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan pugta we dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha bermäge, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmaga, bar bolan kuwwata laýyklykda, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir.Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň täze taryhynyň soňky 30 ýylynda döwletara gatnaşyklaryň ösüşini seljermäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilýändigini belledi.

Munuň özi, ilkinji nobatda, taraplaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly esasy meseleler boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlary meňzeşdir. Şunda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki ýakyn hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan we Täjigistan Respublikasy halkara giňişlikde birek-biregi goldaýarlar.Munuň özi anyk netijeleriň gazanylmagyna, sebitde hem-de dünýäde ýagdaýlaryň barşyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, täjik tarapynyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatyny we onuň halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy aýratyn nygtaldy.

Täjigistan türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle hem täjik tarapy Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Bitaraplygyň dostlary toparynyň işinde teklip edýän başlangyçlaryny ilerletmäge işjeň gatnaşýar.

Öz gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanyň başlangyjy boýunça dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan durmuşa geçirilýän we ählumumy meseleleriň, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözülmegine saldamly goşant goşýan giň gerimli, uzak möhletleýin maksatnamalary, strategiýalary goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki günde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlaryň durnuklylygyny we netijeliligini gorap saklamak bilen baglylykda, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi.Gürrüň, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün edýän mehanizmleri döretmek, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasyna esaslanyp, özara bähbitleri nazara almak we berjaý etmek ugrunda çykyş edýän ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň üýtgewsizdigi barada barýar.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeliligi aýratyn bellenildi.Syýasy dialogyň bu görnüşi bäş ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynda täze tapgyrdyr.Ol durnukly ösüş üçin zerur şertleri üpjün etmäge, Merkezi Aziýanyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy üçin özüne çekiji sebit hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň durnukly gurallaryny döretmäge gönükdirilendir. Şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek bäşinji — ýubileý konsultatiw duşuşyk hemmetaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ilerledilmegine täze itergi berer.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň ekologiýa, tebigaty goramak ulgamyndaky ikitaraplaýyn, halkara derejelerdäki hyzmatdaşlygy aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy durmagyň, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmagyň, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu babatda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine uly ynam bildirilýär.Sammit şu ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriler. Şunda Türkmenistanyň ýokarda ady agzalan iki halkara forumy taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşjakdygy bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, biziň ýurdumyz Täjigistany ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde görýär hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunda türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine möhüm orun berilýär.

Bu toparyň işi ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramak, bilelikdäki ugurdaş çäreleri geçirmek zerurdyr. Şunda iki ýurduň çäginde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna türkmen we täjik kompaniýalarynyň gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek teklip edilýär.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini içgin öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ýurdumyz ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk senagatynyň, oba hojalygynyň, derman senagaty pudagynyň önümlerini we beýleki harytlary ibermek ulgamynda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Obasenagat toplumynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, geljekde oba hojalyk önümlerini ibermegiň gurallaryny işläp taýýarlamak mümkinçiligine hem seretmek bolar.

Ulag ulgamy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda bilelikdäki tagallalar baş maksady gazanmaga — Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän döwrebap we kuwwatly infrastrukturany döretmäge gönükdirilmelidir. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar deňzine çykmak bilen, döwletlerimizi birleşdirýän ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň sebitimiziň dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletlerine halkara bazarlara çykmak üçin Gündogaryň, ýagny Hazaryň port düzüminiň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak zerurdyr.

Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny amatly şertlerde Täjigistan üçin hem bähbitli bolar ýaly ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şeýle-de döwletlerimiziň arasyndaky göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklar taryhyň jümmüşinden gözbaş alýar.Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungatyna hem-de edebiýatyna ägirt uly özara gyzyklanma bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji ýyllarda iki ýurduň özara Medeniýet günlerini guramak teklip edilýär.

Döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek zerur bolup durýar.

Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulmagy-da bu ugurda doganlyk gatnaşyklarynyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň esasy ylmy merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly tebigy bilimler, saglygy goraýyş, tehniki hem-de ynsanperwer ylymlar ugurlarynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge girişmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi.

Soňra söz nobaty Prezident Emomali Rahmona geçirildi. Ol döwletara gatnaşyklaryň netijeli we strategik häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şunda ikitaraplaýyn dostluk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saldamly goşandy aýratyn nygtaldy.

Täjigistanyň Baştutany söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, onuň okgunly ösüşiniň özara haryt dolanyşygynyň durnukly ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Şunda biziň ýurtlarymyzyň bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Täjigistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýeňil, nebitgaz, himiýa, metallurgiýa senagaty, obasenagat toplumy, ulag we kommunikasiýalar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Bu babatda bilelikdäki hökümetara topara ähmiýetli orun degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon bu toparyň başlyklaryny kesgitlemek hem-de onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň awgustynda Duşenbede geçirmek baradaky teklibi beýan etdi. Şeýle hem haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça degişli “Ýol kartasyny” doly durmuşa geçirmek, ýylyň ahyryna çenli indiki döwür üçin täze resminamany kabul etmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek hem-de bilelikdäki önümçilikleri döretmek, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.Oba hojalyk ulgamynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler bar.

Täjik Lideri ulag ulgamyny özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, hususan-da, Täjigistanyň öz ýüklerini daşamak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Iki doganlyk halkyň ruhy we medeni umumylygyny nazara almak bilen, medeni-ynsanperwer ulgam, şol sanda bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon türkmen tarapyna Täjigistanda wajyp durmuş ähmiýetli desgany — Magtymguly adyndaky orta mekdebi gurmak baradaky çözgüdi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu gün bu mekdebiň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berler.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek hem-de bu wakanyň çäklerinde täjik we türkmen halklarynyň dostluk festiwalyny bilelikde guramak teklip edildi.

Döwletara gatnaşyklaryň parlament ugruna hem täze itergi berildi. 2022-nji ýylyň maýynda Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrdy. Şunda dostlukly ýurtda hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen gelmegine garaşylýandygy nygtaldy.

Prezident Emomali Rahmon şular barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, täjik Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Şeýle hem Täjigistanyň we Türkmenistanyň halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.Prezident Emomali Rahmonyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar.

Täjigistanyň Baştutany öz ýurdunyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça mundan beýläk-de bilelikdäki ädimlere taýýardygyny tassyklap, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de doganlyk Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 540 orunlyk okuw edarasynyň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi.Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda bu barada degişli ylalaşyk gazanyldy. Şeýle çözgüt ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklary geljekde-de pugtalandyrmak we giňeltmek, medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyzyň arasynda dostluga, özara düşünişmäge ýardam bermek maksady bilen kabul edildi.

Umuman, bilim ulgamy strategik häsiýetli türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz böleginiň biridir. Ýurtlaryň ikisinde-de bilim ulgamynyň ösdürilmegine, innowasion usulyýetleriň hem-de tehnologiýalaryň esasynda olaryň kämilleşdirilmegine möhüm üns berilýär.

Bu gün bolsa täjik topragynda beýik türkmen şahyry, akyldary we filosofy, tutuş ömrüni, döredijiligini ynsanperwerlik, watançylyk taglymlarynyň berkarar bolmagyna, halklaryň dost-doganlygynyň berkidilmegine bagyş eden Magtymguly Pyragynyň adyny göterjek umumybilim berýän mekdebiň gurluşygyna girişilýär.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde ajaýyp baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary, giň jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar. Hemmeler Prezidentler Serdar Berdimuhamedowy we Emomali Rahmony uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Täjik we türkmen dillerinde dabaranyň başlanýandygy yglan edilýär.

Milli lybasdaky hormatly ýaşululara söz berilýär.Olar täjik hem türkmen dillerinde çykyş edip, bu günüň döwletara gatnaşyklaryň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny, hakyky taryhy waka öwrüljekdigini bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, täze mekdep biziň doganlyk halklarymyzyňdyr ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň aýdyň nyşany bolar.

Bellenilişi ýaly, täjigistanlylar mekdebiň beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň adyny göterjekdigine buýsanýarlar.Geljek ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylar.

Hormatly ýaşulular dabara gatnaşýandyklary üçin döwlet Baştutanlaryna hoşallyk bildirip hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etmek bilen, mekdebiň düýbüni tutmaga ak pata bermeklerini haýyş etdiler. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary ýaňlanýar.

Täjigistanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmaga ak pata berýärler. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary ýaňlanýar. Ýaşuly nesliň wekilleri täze mekdebiň binýadyna beton garyndylaryny oklaýarlar. Milli aýdym-sazlar şanly wakanyň dabarasyny has-da artdyrýar. Döwlet Baştutanlarynyň adyna ýene-de tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar.

Dabara tamamlanandan soňra, “Kasri Millat” köşgünde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; halkara kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlygy berkitmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyna»; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Täjigistanyň Milli bankynyň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi departamentiniň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Täjigistanyň Milli bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Mary welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş, medeni we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady aragatnaşygy amala aşyrmak hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugd welaýatynyň döwlet ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda multimodal gatnawlary işjeňleşdirmek we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (Ýol kartasy); Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentligiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Senagatda işleriň howpsuz alnyp barylmagyna gözegçilik we dag gözegçiligi boýunça döwlet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Täjigistanyň «Howar» milli habarlar agentliginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda özara hereket we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler.Bu möhüm resminamada iki döwletiň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanylýar.

Nygtalyşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, olaryň gülläp ösmegine, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Şeýlelikde, Jarnamada Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydygy bellenilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Emomali Rahmon gepleşikleriň netijelerini beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynda ajaýyp waka bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, edil häzir ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarýan Jarnama kabul edildi.Bu taryhy çözgüt iki halkyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär we sebitde ösüşiň, durnuklylygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Saparyň öň ýanynda we onuň çäklerinde biziň ýurdumyzyň paýtagtynda — Duşenbe şäherinde dürli ugurlara degişli çäreleriň geçirilendigi guwançlydyr diýip, täjik Lideri aýtdy. Şolaryň hatarynda işewürlik maslahaty, önümleriň sergisi we iki ýurduň ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşygy bar. Şol çäreler şu günki gepleşiklere aýratyn oňyn öwüşginleri çaýdy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Prezident Emomali Rahmonyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikler netijeli hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçdi.Taraplar ähli derejede yzygiderli syýasy gepleşikleri alyp barmagyň wajypdygyny bellediler, şeýle hem soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşýändigine kanagatlanma bildirdiler. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Iki ýurduň Hökümetleri olary hil taýdan ýokary derejä çykarmak boýunça degişli teklipleriň üstünde işlärler hem-de hödürlärler.

Şu gün gol çekilen resminamalar bu wezipäniň çözülmegine ýardam eder.Täjigistanyň Baştutany Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşygyň gazanylandygyny hem belledi.

Gepleşikleriň dowamynda senagat ulgamynda bilelikde iş alyp barmak babatda hyzmatdaşlyk edilmegine aýratyn üns berildi. Şu gün 2025-nji ýyla çenli döwür üçin oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.

Ol özara gatnaşyklaryň bu ugruny ösdürmek üçin oňat binýat bolup hyzmat eder.

Şunuň bilen birlikde, taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini bellediler.Biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly ýük daşalyşynyň möçberi artdyrylar.Bu ulgamda şu gün ýük akymlaryny has-da artdyrmak we daşamalary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň bilelikdäki Meýilnamasy kabul edildi diýip, Prezident Emomali Rahmon aýtdy.

Gepleşikleriň barşynda sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi.Täjik Lideri bu ulgamda şu gün kabul edilen resminamalaryň özara saparlaryň amala aşyrylmagyna, işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna hem-de ýurtlarymyzyň sebitleriniň arasynda dürli häsiýetli çäreleriň geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgama, hususan-da, ylma we bilime aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon şu gün dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky orta mekdebiň gurluşygyna badalga berlendigini belledi. Bu desgany türkmen tarapy bina eder hem-de ol doganlyk halklarymyzyň dostlugynyň ajaýyp nyşanyna öwrüler.

Gepleşikleriň gün tertibine sebit howpsuzlygyna degişli meseleler hem girizildi. Täze çagyryşlara, howpsuzlyga wehim salynmagyna garşy hereket etmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy, degişli gulluklaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Owganystandaky ýagdaýlar barada-da pikir alşyldy. Ýakyn goňşular hökmünde Täjigistanyň we Türkmenistanyň bu ýurtda uzak möhletleýin parahatçylygyň, durnuklylygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy.

Halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde täjik-türkmen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Taraplar şu ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň sammitiniň ýokary derejede geçirilmegine ýurtlaryň taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, bu çärelere gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu ýylyň güýzünde Täjigistanda garaşýandyklary bellenildi.

Sözüniň ahyrynda Prezident Emomali Rahmon täjik tarapynyň geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berýändigini nygtady. Şol gepleşikler täjik-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny açýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Prezident Emomali Rahmona döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna gelip görmäge çakylygy, bilelikde işlemäge hem-de Duşenbe şäherinde bolmaga döredilen ajaýyp şertler üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şu gün geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň ýakyn hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ulgamlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur bolan kuwwatlyklaryň bardygy bellenildi, geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklar üçin däp bolan özara ynanyşmak, açyklyk ýagdaýynda geçen ýokary derejedäki duşuşygyň oňyn we anyk häsiýetini aýratyn belledi.

Gepleşikleriň dowamynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine üns berildi.Biziň ýurtlarymyz ähli halkara meseleleriň diňe halkara hukuk kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, parahatçylykly ýollar bilen, gepleşikleri geçirmek arkaly çözülmelidigi baradaky bir garaýşa eýerýärler.

Taraplar häzirki wagtda ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi.Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bu ýagdaýlaryň oňyn ösüşiniň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Şunda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary aýdyňdyr, üýtgewsizdir hem-de yzygiderli häsiýete eýedir.

Biz Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebitiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen ygtybarly we netijeli gurallaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, sebit hyzmatdaşlygynyň täze görnüşiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Onuň bäşinji mejlisi şu ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriler.

Şeýle hem durnukly ösüş, onuň düzüm bölekleri bolan halkara üstaşyr ulag gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmagy dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň bu ulgamlarda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlara hem-de tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Hususan-da, biziň döwletlerimiz Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag, logistika hyzmatdaşlygynyň strategik halkasyny kemala getirmek boýunça tagallalary utgaşdyrarlar, sebit we dünýä derejeli meýdançalarda, ýöriteleşdirilen halkara guramalarda, maliýe edaralarynda geljekki hyzmatdaşlar bilen işjeň gepleşikleri alyp bararlar.

Gepleşiklerde ekologik meselelere, hususan-da, möhüm sebit düzümi bolan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we kämilleşdirilmegine aýratyn orun berildi. Bu gaznanyň işi Merkezi Aziýada ekologik hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowulandyrylmagy ugrunda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.Biziň ýurtlarymyzyň haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmak, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Taraplar iki ýurtda-da bar bolan uly kuwwatlyklara laýyklykda, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy baradaky umumy pikire geldiler.Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň möhüm düzümi hökmünde çykyş eder.

Taraplar özara söwdany giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat kooperasiýasynda, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalygy pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çäreleri düýpli ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürlik bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly üns berilýär.

Bu ugurda bilelikdäki işewürlik geňeşiniň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylar. Şeýle hem yzygiderli bilelikdäki işewürler maslahatlaryny, önüm öndürijileriň sergi-ýarmarkalaryny guramak meselelerine anyk garamak barada ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşygyň dowamynda geljekde-de medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini saklamagyň möhümdigi tassyklanyldy.Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki döwletde-de edebiýat, kinematografiýa işgärleriniň, aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri, sport ýaryşlaryny guramak üçin zerur şertleri üpjün etmek barada ylalaşyldy.

Bu çäreleriň baş maksady ata-babalarymyzyň taryhy, ruhy we medeni mirasyny gorap saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Iki ýurduň juda baý medeni mirasyna iki tarapyň hem örän uly gyzyklanma bildirýändigini nazarda tutup, 2023-2024-nji ýyllarda özara Medeniýet günlerini geçirmek teklip edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylym-bilim ulgamlarynda uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda Täjigistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär.

Türkmenistan üçin Täjigistan Respublikasy örän möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdyr.Bu ýurt bilen gatnaşyklar uzak möhletleýin esasda guralýar.Iki döwletde-de köpugurly hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidine, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýändigine berk ynanylýar.

Munuň özi sebitleýin we halkara işleriň durnuklylygyna, ösüşine ýardam edýär.Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça ösdüriler.Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirdi. Olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryna netijeli iş üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz “Kasri Millat” köşgünden Duşenbe şäheriniň merkezine — “Dusti” («Dostluk») meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde Täjigistan Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygynyň hem-de milli jebisliginiň nyşany bolan ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany we täjik döwletini esaslandyryjy Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Şu gün — 10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň we Milli Majlisiniň Başlyklary bilen hem duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, Oli Majlis (Ýokary Ýygnak) iki palatadan: aşaky — Namoýandagon Majlisinden (Wekiller palatasyndan) hem-de ýokarky — Milli Majlisden (Milli Geňeşden) ybaratdyr.

Agşam hormatly Prezidentimiz täjik paýtagtynyň merkezi böleginde ýerleşen «Nowruz» köşgüne tarap ugrady. Bu iri binagärlik toplumy häzirki Duşenbäniň ajaýyp ýerleriniň biri bolup durýar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident Emomali Rahmon garşylady. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy «Nowruz» köşgüniň zallaryny synlamaga çagyrýar. Bu köşk belent mertebeli myhmanlaryň duşuşýan hem-de halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

«Nowruz» köşgi milli äheňde bezelen 12 zaldan ybaratdyr. Olaryň her biri däp bolan täjik binagärliginiň we bezeginiň özboluşly häsiýetlerini şöhlelendirýär. Zallaryň reňkler babatdaky köpöwüşginliligi we olaryň bezegleri täjik halkynyň gadymy taryhyny, baý medeniýetini alamatlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde bezeg babatda öňdebaryjy usullar ulanyldy.

Soňra belent mertebeli myhmanyň hormatyna Täjigistanyň Baştutany resmi agşamlyk naharyny berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministrini kabul etdi
Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary