Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy.
Milli Liderimiz Täjigistanyň Prezidentini mähirli garşylaýar.Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary özleri üçin ýörite gurnalan ýere geçýärler.Hormat garawulynyň toparynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýärler hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýeti bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýörişi geçýärler.Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň awtoulag kerweni atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumynyň merkezi girelgesine gelýär, bu ýerde ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, milli Liderimiz öz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin zala çagyrýar.Bu ýerde ýüzbe-ýüz görnüşinde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.