Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty - Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge barýan ýoldur

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasy bilen baglylykda giň möçberli we köpugurly özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler bolsa ähli pudaklarda we sebitlerde durnukly ösüşiň hem-de ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň berk binýadyny döredýär.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen esasy ugurlara laýyklykda, ykdysadyýeti senagat-innowasion ösüş ýoluna geçirmek, şol sanda maýa goýum işjeňligini giňeltmegiň hasabyna ösdürmek amala aşyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek milli Liderimiziň syýasatynyň esasy hem-de möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Geçen aýda, Nýu-Ýorkda, BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumda Türkmenistan dünýä bileleşigine DÖM-ni ýerine ýetirmek boýunça ilkinji Meýletin milli syny hödürledi.Bu hasabatyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzy ösdürmegiň häzirki tapgyrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugry hökmünde DÖM-niň ähmiýeti barada gürrüň bermegini sorap Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň esasy hünärmenlerine ýüz tutduk.

Siziň dykgatyňyza olaryň gönüden-göni gatnaşmagynda taýýarlanylan syn beriji makalany hödürleýäris.Durnukly ösüş meseleleri dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir.Durnukly ösüş maksatlary hökümet derejesinde millileşdirildi hem-de döwlet syýasatynda ep-esli derejede uýgunlaşdyryldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalar, strategiýalar we meýilnamalar özüne esasy ugurlaryň biri hökmünde DÖM-niň yzygiderli amala aşyrmak wezipelerini birleşdirýär.

Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan beýleki strategiýalaryň ählisi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir hem-de 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibine girizilen wezipeleri şöhlelendirýär. 2019-njy ýylyň fewral aýynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy ýakyn ýedi ýylyň dowamynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasy ykdysady ulgamyň içerki esasy hem-de bazaryň zerur bölegi hökmünde bazar düzümine çalt geçmäge gönükdirilendir.

Ol harytlaryň, hyzmatlaryň, maliýe serişdeleriniň, tehnologiýalaryň, işçi güýjüniň we beýlekileriň üznüksiz hereketini üpjün edýän kärhanalaryň we edaralaryň toplumyny alamatlandyrýar.Onuň döredilmegi anyk ulgamyň pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, eýeçilik gatnaşyklaryny özgertmäge, ilatyň iş bilen meşgullanmak derejesini giňeltmäge, milli ykdysadyýetde kiçi we orta telekeçiligiň işjeň işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Durnukly ösüşiň ugurlarynda şeýle hem senagat pudagynyň we hyzmatlar ulgamynyň düzümleýin özgerdilmegi göz öňünde tutulýar. Şol ulgamlar bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary bolup durýar.Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýokary goşulan bahaly önümleri çykarmak boýunça ýokary tehnologiýaly önümçilikleri goldamaga aýratyn üns berilýär.

Döwlet eýeçiliginiň desgalaryny hususylaşdyrmak, öňdebaryjy ylmy hem-de dolandyryş we önümçilik ulgamyndaky tehnologik gazananlary ulanmak arkaly kärhanalaryň işini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär.Milli Liderimiz sanly ulgamy giňeltmek we has giňişleýin ornaşdyrmak arkaly dolandyryş ulgamynyň täzelenmegini ýurdumyzyň ykdysady nusgasyny kämilleşdirmek üçin esas hökmünde öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Mejlisiň Başlygyna ýüzlenip, sanly ykdysadyýetiň we şonuň bilen bagly ähli zatlaryň täzeçe düzgünleşdirilmegini, täze kanunçylygy talap edýändigini nygtady. Şu meselede biziň nämeden ugur almalydygymyza düşünmek örän möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzyň öňünde innowasion tehnologiýalary ösdürmek boýunça ýeňil bolmadyk wezipe goýuldy.

Biz ony sanly ykdysadyýet maksatnamasy hökmünde häsiýetlendirdik.Onuň daýanç nokadyny kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýöne, şu derejä çykmak üçin degişli kanunçylyk esaslandyrmasy zerur bolup durýar.

Eksport kuwwatyny artdyrmak hem-de import garaşlylygyny peseltmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak hem-de içerki bazarlary ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde Türkmenistanda ýeterlik derejede ösen bazar düzümini döretmäge hem-de ählumumy ykdysady ulgama has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, biziň haryt öndürijilerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Munuň özi bolsa, öz nobatynda, maglumat jemgyýetine geçmek üçin şertleri döreder.Bu bolsa uzak möhletli ykdysady durnuklylyga oňyn täsir eder hem-de döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrar.

Türkmenistany ösdürmegiň şu ugurlarynyň ählisi hem-de ýurdumyzyň DÖM babatda gazanan esasy üstünlikleri 2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda “Adamlaryň hukuklaryny we mümkinçilikleri giňeltmek hem-de ählumumy gurşap almagy we deňligi üpjün etmek” mowzugy boýunça geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumda hödürlenen Meýletin milli synda beýan edildi.

Hasabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamy, energetika we ekologiýa ýaly ileri tutulýan ugurlarda sebit hem-de halkara derejede durnukly ösüşe degişli başlangyçlary we teklipleri getirildi. Şeýlelikde, ählumumy wezipeleriň hem-de milli ösüş ýollarynyň özara baglanyşygyny seljermekde beýan edilen innowasion çemeleşmeleri ulanmak Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.

Syny taýýarlamakdan ozal, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça maksatlara ýetmek işine gyzyklanma bildirýän taraplary hem-de jemgyýetleri çekmek boýunça işlenip taýýarlanylan gural esasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň netijeli işleri amala aşyrandygyny bellemek gerek.

Düzüminde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, ylmy toparlarynyň, işewürleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolan Pudagara iş topary tarapyndan BMG-niň agentlikleriniň gatnaşmagynda 17 maksadyň her biri boýunça geňeşmeler geçirildi, DÖM-niň wezipeleriniň we ugurlarynyň milli maksatlara laýyk gelmeginiň seljermesi amala aşyryldy.

DÖM-niň milli maksatnamalarda, strategiýalarda, meýilnamalarda beýan edilişiniň derejesine baha berildi.Munuň özi DÖM-niň wezipeleriniň 84 göteriminiň ýurdumyzyň milli we pudaklaýyn maksatnamalarynda eýýäm beýan edilendigini görkezdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda çapdan çykan Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda atly kitaby Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamakda esas bolup hyzmat etdi.

Bu kitap BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde halkara jemgyýetçiligine hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyzyň bu işi ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde öňde goýan maksatlaryna hem-de wezipelerine ygrarlydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Kitapda ýurdumyzyň geçen döwürde gazanan uly üstünlikleri beýan edildi we DÖM boýunça täze wezipeler kesgitlenildi.Meýletin milli syny taýýarlamak, maglumatlary ýygnamak, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatlary seljermek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky işi utgaşdyrmak Maliýe we ykdysadyýet, şeýle hem Daşary işler ministrlikleri tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda döredilen DÖM boýunça ýöriteleşdirilen okuw-usulyýet merkeziniň Durnukly ösüşiň maksatlary ulgamynda sowatlylygy ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýetli maglumat — aň-bilim edarasyna öwrülendigini bellemek zerurdyr.

Ol orta mekdepler, ýörite hünär we ýokary okuw mekdepleri üçin degişli maksatnamalary, gollanmalary we beýleki serişdeleri taýýarlaýar.Türkmenistanyň Meýletin milli synynda 2019-njy ýylyň tapgyrlaýyn maksatlary görkezildi.Olar ýokary hilli bilim (4-nji maksat), mynasyp iş we ykdysady ösüş (8-nji maksat), deňeçersizligi peseltmek (10-njy maksat), howanyň üýtgemegine garşy göreş (13-nji maksat), parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli institutlar (16-njy maksat), durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk (17-nji maksat).

Synyň üsti saglyk we abadançylyk meselelerine degişli 3-nji maksat bilen ýetirildi.Synyň her bölümine DÖM-niň beýleki wezipeleri bilen maksatlaryň garaýan wezipeleriň arabaglanyşygyna seljerme goşuldy we ýurdumyzda olaryň has netijeli durmuşa geçirilmegi üçin tagallalaryň ýokary derejeli guraly kesgitlendi.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty amala aşyrmagy netijesinde, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ykdysadyýetde we durmuş pudaklarynda bolşy ýaly, ekologiýa ulgamynda oňyn netijeleri gazanandygyny bellemek bolar. Ýurdumyzda ölümiň pes derejesiniň saklanmagynda çaga dogluşynyň artyşy, ilaty ýokary hilli we elýeter lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça oňyn görkezijiler milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Iň täze enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilýän lukmançylyk merkezleriniň we hassahanalaryň sany ýyl-ýyldan ýokarlanýar.Kanunçylyk çäreleriniň kabul edilmegi we ählumumy öňüni alyş çäreleri temmäkiniň we alkogolyň ulanylyşynyň derejesini peseltdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 2018-nji ýylda geçiren barlag işleriniň netijeleri boýunça ýurduň temmäki ulanýan uly ýaşly adamlarynyň görkezijisi 3,4 göterime deň bolandygy tassyklandy.Munuň özi dünýäde giňden ýaýran ýaramaz endigiň iň pes görkezijisidir.

Türkmenistanda ähli iri taslamalary durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşdyrmak boýunça tapgyrlaýyn işler amala aşyrylýar.Olar döwletimiziň uzak ýyllaryň dowamynda sazlaşykly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şunlukda, bilim ulgamyna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda umumy orta bilimiň on iki ýyllyk ulgamy hereket edýär. Çagalaryň fiziki sagdynlyk, okatmak we durmuş üpjünçiligi babatdaky ösüşinde ýokary görkezijilere ýetildi.

Bu görkeziji 90,9 göterime deň boldy. Ýurtda okatmak çärelerini guramakda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze mekdepler, ýörite we ýokary okuw mekdepleri gurulýar.Milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy ýyl-ýyldan ýokarlanýar.

Zähmeti goramak we adam hukuklary meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Önümçilige we düzümleýin pudaklara ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmaga ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär.Munuň özi durmuş ulgamyny nazarlaýan oňyn ykdysady ösüşi saklamaga mümkinçilik berýär.

Ykdysady ösüş şu ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça 6,3 göterime deň boldy.Ykdysady ösüşiň depginleriniň 2025-nji ýyla çenli 8,2 göterim derejesine ýetjekdigi çaklanylýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy sebitlerde döwlet syýasatynyň maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri strategik taýdan meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek ulgamynyň möhüm resminamasy bolup durýar.

Bu resminama oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş derejesiniň şäheriňkä has ýakynlaşmagyna gönükdirilendir.Zenanlaryň hukuklary we mümkinçilikleri artdyrylýar.Olaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna hemmetaraplaýyn gatnaşmagy üçin deň mümkinçilikler üpjün edilýär.

Türkmenistan demokratik we hukuk jemgyýetini gurmak üçin zerur şertleriň döredilmegine ähmiýet berýär.Ol adamlaryň binýatlyk hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, hukuk tertibine esaslanýar.Adam söwdasyna garşy göreş boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy amala aşyryldy.

Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreler taýýarlanyldy.Adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň instituty döredildi.Ol adam hukuklary babatda Hereketleriň milli meýilnamasyny we bu ugurdaky beýleki möhüm maksatnamalary amala aşyrýar.

Milli we halkara howpsuzlygyny üpjün etmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan halkara terrorçylygy, adam söwdasy, guramaçylykly jenaýatçylyk, neşeleriň bikanun dolanyşygy, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmak howpy ýaly möhüm meseleleriň çözgüdine gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň işlenip taýýarlanmagyna möhüm üns berýär.

Gün tertibini maliýeleşdirmek meselelerinde Türkmenistan maliýeleşdirmek boýunça hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasyny goldaýar.Häzirki döwürde içerki döwlet maliýe serişdeleri Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde halkara maliýelerini, şeýle hem hususy pudagyň serişdelerini çekmek meselelerine hem uly ähmiýet berilýär.

On ýedi maksadyň toplum, şeýle hem olardan gelip çykýan wezipeler we meseleleri halkara gatnaşyklaryň täze guralynyň döredilmegini we meýilnamalaryň hem-de milli strategiýalaryň umumylygynyň esasyndaky işläp taýýarlamalary esasy ugur edinýär.

Durnukly ösüş maksatlary boýunça ösüşe gözegçiligiň wajypdygy nazara alnyp, ýurdumyzda statistik mümkinçilikleri kämilleşdirmek we Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça milli maglumatlar binýadyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Çünki ösüş hakynda maglumat bolmazdan, durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek ugrunda anyk çäreleri meýilleşdirmek mümkin däldir.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine, onuň ugurlarynyň ösüş depgininiň sazlaşygynyň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine çuňňur goşulmagyna, ilatyň durmuş goraglylygynyň berkidilmegine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdiriler. Şeýlelikde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda möhüm orun eýeleýär.

Anyk ugry nazarlaýan bu syýasat döwletiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerine daýanýar we bir umumy maksat arkaly baglanyşýan köp sanly dürli ugurlary öz içine alýar.Munuň özi halkymyzyň we her bir raýatymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Baş sekretar Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Türkiyäniň daşary işler ministri Efiopiýa sapar gurar
22.12.2017 | Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak” Rezolýusiýasyny kabul etdi
20.06.2018 | Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy