Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura amala aşyran döwlet saparynyň üstünliklere beslenmegi türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze eýýamyň başlangyjyny alamatlandyrýandygyny aýdyp bolar.Saparyň dowamynda ýakyn onýyllyklar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depginlerini kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmen Lideriniň Singapuryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna heniz taýýarlyk görülýän döwürde, ol dünýäniň habarlar agentlikleriniň gyzyklanmasyna eýe boldy, olar öz sahypalarynda bu sapara bagyşlanan makalalara uly orun berdiler. Şeýlelikde, geçen iki günüň dowamynda — 26 — 27-nji awgust günleriniň wakalary halkara metbugatyň uly üns merkezinde boldy.

Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda merkezi gazetler, beýleki metbugat we elektron neşirler, teleradioýaýlymlar hem-de hususy elektron neşirler hormatly Prezidentimiziň saparyny has işjeň beýan etdiler. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri daşary ýurduň saýtlary we portallary üçin ilkinji maglumat çeşmeleri bolup hyzmat etdiler, olaryň köpüsi Singapurda geçirilen gepleşikleri öz teswirlemeleri bilen baýlaşdyrdylar. Şeýle hem bu sapar Singapuryň gündelik metbugatynda öz beýanyny tapdy, munuň özi bu dostlukly ýurduň okyjylarynyň Türkmenistana, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan daşary we içeri syýasata uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Singapuryň iň abraýly iňlis dilindäki The Straits Times neşiri bu ýurduň söwda we senagat döwlet ministri Koh Poh Kunuň aýdanlaryny getirýär: Singapuryň kompaniýalary eýýäm häzirden Merkezi Aziýa ýurdy Türkmenistan bilen himiýa we hususy bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler, şunda söwda akymlaryny mundan beýläk-de artdyrmak üçin uly kuwwatlyklar bar.

Ministr bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäklerinde guralan birinji türkmen-singapur işewürler maslahatynda aýtdy.Işewürler maslahatynyň dowamynda dokuz ylalaşyga (saparyň barşynda jemi 12 ylalaşyga) gol çekildi.Doktor Kohuň aýtmagyna görä, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi ösüş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Singapuryň Işewürler federasiýasynyň başlygy Teo Siong Seng öz gutlag çykyşynda häzirki wagtdaky söwda görkezijileriniň 2016-njy ýyldan bäri Singapuryň Türkmenistana eksportunyň bäş esse köpelendigini görkezýändigini belledi, bu bolsa iki ýurduň işewürler toparlarynyň birek-birege gyzyklanmasynyň artýandygyny alamatlandyrdy.

Enjamlar we gurallar, kauçuk Singapur Respublikasynyň Türkmenistana iberýän esasy eksport harytlary bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ynamly öňe barýan hem-de ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň okgunly ösýän ykdysadyýetleriniň biri bolup durýandygy sebäpli, Singapuryň birnäçe kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna ýokary baha berýändikleri hem-de söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri geň däldir diýip, jenap Teo aýtdy.

Singapuryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şeýle hem Aziýa Ösüş bankynyň şu ýyl Türkmenistanyň ösüş depginleriniň 6 göterime deň bolandygy baradaky maglumatyny mysal hökmünde getirip, bilermenleriň baha bermegine görä, ýurdumyzyň tebigy gaz gorlarynyň möçberiniň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini aýratyn nygtaýarlar.

Neşirleriň birnäçesi işewürler maslahatynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlaryndan bölekleri, mysal üçin, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda maýa goýumlarynyň esasy gural bolup durýandygy hem-de ýurdumyzyň ykdysady ösüşine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň her ýylky möçberiniň jemi içerki önümiň 30 göterimine deň bolup durýandygy barada aýdanlaryny getirýärler.

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň umumy möçberiň 13 göterimine deňdigi, 2018-nji ýylda ýurdumyza çekilen maýa goýumlaryň möçberiniň ABŞ-nyň 11,5 milliard dollaryna deň bolandygy bellenilýär.Ykdysady ugruň häzirki döwürdäki türkmen-singapur gatnaşyklarynyň esasyny düzýändigini Singapurda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewürlik gepleşikleri ýene bir gezek tassyklady, şeýle duşuşyklar we gepleşikler Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň bu ýerde bolmagynyň baý maksatnamasyna taraplaryň umumy gyzyklanmalary hasaba alnyp girizildi.

Halkara CNA neşiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura ilkinji döwlet saparyny bu ýurduň Prezidenti hanym Halima Ýakobyň aýdanlaryna salgylanyp, taryhy waka diýip atlandyrdy.Bu sapar, hanym Halima Ýakobyň dostlukly we päsgelçiliksiz diýip häsiýetlendirişi ýaly, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze tapgyry açdy, şunda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlaly bäri 23 ýyl geçendigi bellenildi.

Ol biziň döwletlerimiziň biri-birinden uzakda ýerleşýändigine garamazdan, umumylygyň köpdügini belläp, biziň ýurtlarymyz ykdysady ösüşi hem-de adam mümkinçilikleriniň doly açylmagyny ugur edinýärler diýip aýtdy.Türkmenistan özüniň ak mermerli paýtagty Aşgabada, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalary bolup durýan Beýik Ýüpek ýolunyň şäheri Gadymy Merw ýaly ýadygärliklere köp sanly jahankeşdeleriň baryp görmegi üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir diýip, hanym Halima Ýakob aýtdy.

Mundan başga-da, dostlukly döwletiň Baştutany Singapurda tejribe alyşmak we özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak üçin türkmen wekiliýetlerine garaşylýandygyny belledi.Singapur Türkmenistan bilen degişli ulgamlarda öz ösüş modelini paýlaşmaga taýýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Singapuryň Daşary işler ministrliginiň metbugat üçin beýannamasynda iki ýurduň Prezidentleriniň iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklandyklary hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoluny ara alyp maslahatlaşandyklary aýratyn nygtalýar.Singapuryň Daşary işler ministrligi, şeýle hem Premýer-ministr Li Sýan Lunuň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Istana köşgünde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda dürli halkara derejelerde ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny tassyklandyklaryny belleýär.

Bu duşuşygyň jemleri boýunça hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda, şeýle hem wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda — üç ylalaşyga gol çekildi.Singapuryň IRAS internet saýty öz nobatynda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda giň gerimli Ylalaşygyň serhetüsti söwdany güýçlendirmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky maýa goýumlaryň arasyndaky möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini belleýär.

Bu ylalaşyk serhetüsti telekeçilik işleriniň netijesinde alynýan çykdajylara salynýan girdeji salgydynyň möçberini azaldar hem-de iki gezek salgyt salynmagyny mümkin boldugyça azaltmak üçin iki tarapyň hem hukuk giňişliginiň salgyt hukuklaryny kesgitleýär.

Singapuryň we Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň saparyň barşy baradaky habarlary Aziýanyň we Ýewropanyň metbugat serişdeleri tarapyndan giňden ýaýradyldy, şunda olar nebitgaz, energetika we himiýa senagatynda, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda, oba hojalyk pudagynda iki ýurduň bilelikdäki işewürligi üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belleýärler.

Neşirleriň köpüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň gurallaryny döretmek, hususan-da, işewürler maslahatlaryny, sergileri we bilermenleriň duşuşyklaryny yzygiderli esasda guramagyň zerurdygy baradaky başlangyjyna aýratyn ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Baştutany Aşgabatda ikinji türkmen-singapur işewürler maslahatyny geçirmegi teklip etdi, şeýle hem Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoby özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana jogap sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň wekilçilikli hökümet wekiliýetiniň Singapura saparynyň ýurdumyzyň umumy dünýä ösüş ýagdaýlaryna işjeň, gyzyklanma bildirip gatnaşmagy hem-de häzirki zaman şertlerinde durnuklylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýan giň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy özüniň baş daşary syýasy ugruny amala aşyrmagyň ýolunda ýene bir ähmiýetli ädim bolandygyny doly derejede tassyklamak bolar.

Russiýanyň Nezawisimaýa gazeta gazeti hem 27-nji awgustda Shangri-La myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapuryň iri işewürler toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyny teswirläp, şeýle ýazýar: Aşgabat Singapura Türkmenistanyň geljegi uly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar.

Emma türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Singapur bar bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaýar.Türkmen Lideriniň sözlerine görä, Türkmenistanda singapur kompaniýalarynyň gatnaşmagynda diňe alty sany maýa goýum taslamasy hem-de singapur maýa goýumy bolan kärhanalaryň bäşisi bellige alyndy.

Nezawisimaýa gazeta gazeti ýene bir singapur kompaniýasynyň — GP Global Equipment Pte.Ltd kompaniýasynyň türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura döwlet saparynyň öňýanynda gaz gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak babatda ylalaşyk gazanylandygyny ýatladýar.

Bu desganyň gurluşygyna şu ýylyň sentýabr aýynda girişmek hem-de 2022-nji ýylyň fewral aýynda ony tamamlamak göz öňünde tutulýar.Kärhana merkezi Garagumdaky gazkondensat känler toplumynyň Zäkli — Derweze gaz arassalaýjy desgalarynda ýerleşer.

Onuň ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr gaza deň bolar.Daşary ýurt metbugaty dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda, hakykatdan-da, öňdäki orunlary eýeleýän Singapura Türkmenistanyň aýratyn ähmiýetli strategik hyzmatdaşy hökmünde seredilýändigini belledi.

Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde diňe bir gatnaşyjy ýurtlara däl, eýsem tutuş sebite uly ykdysady peýda getirjek birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.Halkara syýasatçylaryň we bilermenleriň pikirlerine görä, Türkmenistanyň we Singapuryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze depgin bermegi ugur edinýändikleri, köp babatda olaryň durmuş-ykdysady ösüş strategiýalarynyň meňzeşligi bilen düşündirilýär.

Ykdysady ösüşiň ýokary tizlikli nusgasyna, daşary ýurt maýasyny we tehnologiýasyny çekmäge, iň oňat dünýä tejribeleriniň peýdalanylmagyna we senagatlaşmagyň möhüm gurallaryna — daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we eksport ugurly harytlaryň öndürilmegine ugur alynmagy bu strategiýanyň esasy gurallary bolup durýar.

Bular bolsa iki ýurda öz ykdysadyýetlerini döwrebaplaşdyrmaga we durmuş ulgamynda düýpli ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň howa menzilinden Aşgabada uçmazynyň öň ýanynda ýurdumyzyň metbugat wekillerine ýüzlenip, gepleşikleriň aýratyn netijeli bolandygyny nygtady hem-de bu saparyň taryhy ähmiýetlidigini belledi.

Munuň şeýledigine has möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de umumy bähbitleri ilerletmek üçin şertleri döretmegiň nukdaýnazaryndan seredeniňde, örän möhüm bolan ikitaraplaýyn resminamalaryň 12-sine gol çekilmegi hem şaýatlyk edýär.

Eger-de, Singapur Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň lowurdaýan ýyldyzy bolýan bolsa, onda Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýüregidir, çünki bu meridianda tagallalaryň birleşdirilmegi örän ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik döredýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Umuman, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýşi ýaly tutuşlygyna alnanda, Singapurda bolan duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýeti taraplaryň gepleşikleri giňeltmäge bolan oňyn garaýyşlary, şeýle hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň binýadyny goýmaga gönükdirilen ylalaşyklar — bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň iki ýurduň gatnaşyklaryny täze hil derejesine çykarjakdygyna berk ynam döredýär.

Ýene degişli makalalar

28.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda
27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýar
Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Milli güni bilen gutlady
17.10.2019 | Aziýa Ýuwaş ummany sebiti Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry
Aziýa Ýuwaş ummany sebiti Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry